Belarus içeri işler ministri söweş ýaraglaryny ulanmak bilen haýbat atýar
Ýuriý Karaýewiň 28-nji oktýabrdaky bu haýbatyndan bir gün öň, Lukaşenka oppozisiýa tarapyndan yglan edilen iş taşlaýyşy “guramaçylykly jenaýat toparlarynyň hereketi” diýip häsiýetlendirdi.
Lukaşenka öz häkimiýetine garşy geçirilýän parahatçylykly protestleri göz öňünde tutup, ýurduň “terrorist hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz bolup başlandygyny” öňe sürdi.
Protestçileriň basylyp ýatyrylmagyndaky roly üçin ÝB-niň sanksiýalaryna düşen Karaýew ýaraglaryň parahat protestçilere garşy ulanylmajakdygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ol şahsyýet “sabotaž ýa-da terror hüjümini amala aşyrsa”, onda onuň “polisiýa ofiseriniň ygtyýaryndaky islendik, şol sanda fiziki güýçden söweş ýaragyna çenli çäreleri tarapyndan duruzylmalydygyny” sözüne goşdy.
Lukaşenkanyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowkaýanyň häkimiýetden çekilmek talabyna boýun bolmakdan ýüz öwürmeginden soňra, müňlerçe işçi we talyp Tihanowskaýanyň milli iş taşlaýyşa başlamak çagyryşyna goşuldy.
Tihanowskaýa 28-nji oktýabrda çykyş edip, iş taşlaýyşyň gerimi bilen häzirlikçe “kanagatlanýandygyny”, emma polisiýanyň goşulmagy, şeýle-de işgärlerden ar alyş çäreleri sebäpli mobilizasiýanyň garaşylanyndan has pes bolandygyny sözüne goşdy.
