123ru.net
World News in Turkmen
Добавить новость

Новости за 01.10.2020

70 töweregi hytaýly gaz hünärmeni Türkmenistana dolandy

Azathabar.com 

Samandepe gaz ýatagynyň çägindäki gaz kompressor stansiýalarynda zähmet çekýän 70 töweregi hytaýly hünärmen 29-njy sentýabrda howa ýollary arkaly Hytaýdan Türkmenistana dolandy. Türkmenabadyň halkara aeroportyna gonan uçarda pandemiýa sebäpli alty aýdan gowrak wagt bäri Hytaýda saklanyp galan türkmenistanly bir lukman hem bar. Hytaýly hünärmenler Farap etrabynyň çäginde 14 günlük karantine ýerleşdirildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Türkmenistanda iri şahly mallarynyň haram ölmegi bilen bagly ýagdaý Lebaba ýetdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda iri şahly hojalyk mallarynyň näbelli kesele ýolugyp, köpçülikleýin haram ölmegi bilen bagly ýagdaýa Lebap welaýatynda hem duş gelse bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň bu sebitdäki habarçysy habar berýär. “Iri şahly mallar, şol sanda sygyrlar diňe Maryda däl, eýse Lebapda hem ölýär. Bu mallar näbelli kesele ýoluganda, olaryň içinde gyzgyn emele gelýär. Olaryň burnundan suw akyp, ot iýmegi bes edýärler” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 1-nji oktýabrda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä... Читать дальше...




Owgan harby barlag nokadyna edilen hüjümde azyndan 9 adam öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň gündogaryndaky Helmand welaýatynda janyndan geçen hüjümçiniň harby barlag-gözegçilik nokadyna ulagly eden hüjümi netijesinde azyndan dokuz adam öldi. Ýerli resmileriň maglumatyna görä, 30-njy sentýabrdaky hüjümde heläk bolanlaryň arasynda parahat ilatdan dört adam, şol sanda iki aýal hem bar. Mundan başga-da, hüjümde bir çaga we üç howpsuzlyk işgäri ýaralandy. Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat hiç kim öz üstüne almady. Emma Helmand welaýaty “Talyban” jeňçileriniň gözegçiligi astynda saklanýar. Читать дальше...

COVID-19: Çehiýa gaýtadan adatdan daşary ýagdaýy girizýär

Azathabar.com 

Çehiýanyň hökümeti COVID-19 bilen bagly ýüze çykarylýan täze ýagdaýlaryň birden ýokarlanmagyna jogap edip, 5-nji oktýabrdan başlap ýurtda gaýtadan adatdan daşary ýagdaýy girizýär. Çeh saglyk ministri Roman Prymulanyň sözlerine görä, iň azyndan birinji iki hepdäniň dowamynda adamlaryň üýşmeleňleri daşarda 20 adam, binalaryň içinde hem 10 adam çäklerinde bolar, mundan başga-da sport çäreleri tomaşaçysyz geçiriler, orta mekdepler ýapylar we saglyk talyplary hemaýat bermek üçin keselhanalara çekiler. Читать дальше...

UIA Türkmenistandaky edarasynyň işini togtatdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň Halkara howaýollary (UIA) kompaniýasy özüniň Türkmenistandaky wekilçilik edarasynyň işini togtatdy. Bu barada Interfaks-Ukraina habar agentligi 30-njy sentýabrda maglumat berdi. Gymmatly kagyzlar we fond biržasy komissiýasynyň maglumatyna görä, kompaniýanyň dolandyryjy geňeşi işgär sanyny kemeltmek we wekilçilik edaralarynyň çykdajylaryny azaltmak maksady bilen, bu karary kabul edipdir. Howaýollary gullugynyň beýanatynda bellenilşi ýaly, kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasy “Türkmenbaşy” şaýoly 73a salgysy boýunça ýerleşipdir. Читать дальше...

Russiýa, Fransiýa Daglyk-Garabagda atyşyklary bes etmäge çagyrýarlar

Azathabar.com 

Rus prezidenti Wladimir Putin we onuň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makron jedelli Daglyk-Garabag sebitinde Azerbaýjan bilen etniki ermenileriň arasyndaky alnyp barylýan atyşyklaryň bes edilmegine çagyrdylar. Kremliň 1-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, iki prezident telefon söhbetdeşliginde Daglyk-Garabag sebitindäki dartgynlylyklary diplomatiki ýollar bilen gowşatmagyň ýollaryny maslahat edipdirler. “Wladimir Putin we Emmanuel Makron garşydaş taraplary atyşyklary dessine we doly kesmäge, dartgynlylyklary... Читать дальше...

Знакомства онлайн



Слухи, сплетни...








Новости Москвы на Moscow.media


Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.