Marynyň ýokary woltly elektrik liniýasynda ýüze çykan näsazlyk sebäpli, Özbegistanyň Türkmenistandan import edýän elektrik togunyň mukdary kemeldi. Bu barada “Özbegistanyň Milli elektrik liniýalary” mälim etdi. Maglumata görä, 21-nji oktýabrda Türkmenistanyň “Serdar-Mary GRES” elektrik ulgamynda 500 kW ýokary woltly elektrik liniýasy gyssagly öçüpdir. “Bu howa ulgamy arkaly Özbegistana 750 MWt çenli elektrik energiýasy import edilýärdi. Howa ulgamynda ýüze çykan näsazlyk sebäpli, gyssagly awtomatiki ulgamyň işlemegi netijesinde... Читать дальше...
Türkiýäniň Stambul şäherinde öz watandaşyny öldürmekde güman edilýän iki türkmenistanly aýal tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler. Haberler.com neşiriniň 20-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, Esenýurt etrap polisiýa müdirligine degişli Jemgyýetçilik howpsuzlyk býurosy toparyna Jumhuriýet etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýynyň 10-njy gatyndan bir adamyň aşak gaçandygy barada habar gelip gowuşýar. "Wakanyň bolan ýerine baran polisiýa topary beýiklikden aşak gaçan türkmen raýatynyň ölendigini anyklady" diýip... Читать дальше...
Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda bir aýdan gowrak wagt bäri şeker gytçylygy dowam edýän mahaly, onlarça ýerli ýaşaýjy “Maryşeker” kärhanasynyň Mary GRES şäherçesinde ýerleşýän edara binasyna baryp, zawodyň ýolbaşçylaryndan şeker diledi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
"Welaýat häkimliginden berlen tabşyryga görä, biz indi nagt däl söwdany hökman ýola goýmaly, adamlar günde-günaşa bankomat gözläp, pul sorap, aýlanyp ýörmez ýaly etmeli. Eger kimde sorag bar bolsa, aýratyn gepleşeris" diýip, çykyş eden resmi sözüni jemledi.
20-njy oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Işçileriň özleriniň gürrüň bermeklerine görä, bu nägilelik aksiýasy zawodyň işgärleriniň iki günläp azyksyz galmagy we olaryň aýlyklarynyň wagtynda tölenmezligi sebäpli, özakymlaýyn ýagdaýda guralypdyr.
Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda futbol stadionynyň içinde dörän basa-baslykda azyndan 15 adam öldi, onlarçasy hem ýaralandy. 20-nji oktýabrda müňlerçe adam Pakistanyň konsulhanasyndan wiza almak üçin bu ýere toplanypdy. Hadysanyň ýüze çykan Jalalabat şäheriniň resmileriniň maglumatyna görä, heläk bolan 15 adamyň arasynda, 11 aýal maşgala hem bar. Basa-baslykda ençeme ýaşuly adam hem ýaralanypdyr. Ýerli resmiler Pakistanyň wizasyna ýüz tutup bilmek üçin zerur bolan resminamalary... Читать дальше...
Ýewropa ýurtlary koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň gürelmeginiň arasynda, täze çäklendirmeleri girizmegi dowam etdirýärler. Bu aralykda, ABŞ-da hem öňümizdäki hepdeleriň dowamynda täze ýagdaýlaryň köpelmegine garaşylýar. Wirusa ýolugýanlaryň sanynyň artmagy Atlantik ummanynyň iki tarapynda hem keselhanalarda boş orunlaryň ýetmezçilik etmegine, netijede-de adam ölümleriniň artmagyna sebäp boljakdygyna garaşylýar. Şol bir wagtda, täze bejeriş usullary şu ýylyň başy bilen deňeşdirilende adam ölümleriniň sanyny azaldana meňzeýär. Читать дальше...
Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy täze parlament saýlawlarynyň 20-nji dekabrda geçiriljekdigini mälim etdi. 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleri, soňy bilen tutaşan protestlerden soň ýatyrylypdy. Protestler sebäpli gyrgyz hökümeti, parlament spikeri çetleşdirildi, şeýle-de prezident Sooronbaý Jeenbekow wezipesinden çekildi. Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy parlament saýlawlarynyň täze senesini 21-nji oktýabrda tassyklady. Geçen hepde Jeenbekow wezipesinden çekilenden soňra... Читать дальше...
Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew parlamentiň aşaky öýüne, ýagny Mejlise saýlawlary 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirmek baradaky karara gol goýdy. Bu Tokaýewiň 2019-njy ýylda, ýurdy 30 ýyl çemesi dolandyran Nursoltan Nazarbaýewden soň, häkimiýet başyna geçeninden bäri geçiriljek ilkinji parlament saýlawlary bolar. Nazarbaýew heniz hem ýurtdaky möhüm, şol sanda Howpsuzlyk Geňeşiniň ýolbaşçysy we häkimiýet başyndaky “Nur Otan” partiýasynyň başlygy wezipelerini eýeleýär. Halkara saýlaw... Читать дальше...