Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Stambulda öz watandaşyny öldürmekde güman edilýän iki türkmenistanly tussag edildi

0
Stambulda öz watandaşyny öldürmekde güman edilýän iki türkmenistanly tussag edildi

Türkiýäniň Stambul şäherinde öz watandaşyny öldürmekde güman edilýän iki türkmenistanly aýal tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler.

Haberler.com neşiriniň 20-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, Esenýurt etrap polisiýa müdirligine degişli Jemgyýetçilik howpsuzlyk býurosy toparyna Jumhuriýet etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýynyň 10-njy gatyndan bir adamyň aşak gaçandygy barada habar gelip gowuşýar.

"Wakanyň bolan ýerine baran polisiýa topary beýiklikden aşak gaçan türkmen raýatynyň ölendigini anyklady" diýip, neşir türkmen raýatyny K.M. diýip ady we familiýasynyň baş harplary bilen köpçülige mälim edýär.

Habarda aýdylmagyna görä, polisiýa işgärleri wakanyň bolan ýerinde derňew işlerini dowam etdirýän mahaly, iki aýalyň binadan gyssanmaç çykyp barýan pursatyny görýärler. Aýallaryň hereketlerinden şübhelenen polisiýa işgärleri olary saklap, barlag işlerini geçirýärler.

"Türkmenistanyň raýatlarydygy anyklanan D.A. we S.R. diýlip köpçülige mälim edilýän türkmen aýallarynda plastik gandallar, gaýçy we "burç gazy" diýilýän serişde ele salynda. Şeýle-de, K.M.-niň aşak ýykylyp, jan beren kwartirasyny kireýine alandygy anyklanan şübheliler tussag edildi" diýlip, habarda aýdylýar.

Neşiriň maglumatyna görä, D.A. atly türkmen aýaly polisiýa beren maglumatynda merhum bilen Türkmenistanda wagty gatnaşygynyň bolandygyny gürrüň berdi.

"Şübheli aýal aradan birneme wagt geçensoň K.M. bilen aralaryna tow düşendigini we ony bir günlük kireýine alan kwartirasyna çagyrandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol aralarynda dörän dawa-jenjelden soň, gygyryp kömek soramak üçin penjirä çykan K.M-ni aşak itekländigini boýun aldy" diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmen aýallarynyň polisiýadaky derňew işlerinden soň, tussag edilendigi hem habarda nygtalýar.

Azatlyk Radiosynyň bu waka barada Esenýurt etrap polisiýa müdirliginden we oňa degişli Jemgyýetçilik howpsuzlyk býurosy toparyndan goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar, işsizlik bilen baglylykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany görnetin artdy. Türkiýe türkmen migrantlarynyň iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýär.

Türkiýäniň Göç edarasynyň şu ýylyň iýulynda çap eden maglumatlaryna görä, geçen ýyl bu ýurda göçüp gelen daşary ýurtlularyň iň köp ikinji bölegini, 13,8 göterimini türkmenistanly migrantlar düzýär.

Munuň bilen bir wagtda, daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýä zähmet migrasiýasyna gidýän türkmenistanlylar we olaryň duçar bolýan kynçylyklary, şeýle-de eklenç üçin bikanun işlere ýüz urýan türkmen raýatlary barada häli-şindi habarlar peýda bolýar.

22-nji sentýabrda Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýalyň tussag edilendigi habar berildi. Şeýle-de geçen aýyň başynda Stambulda türkmenistanly bir aýalyň türk raýaty tarapyndan atylyp öldürilendigi mälim boldy.

Awgustyň ahyrynda bolsa, Stambulyň Pendik etrabynda türkmenistanly bir aýaly palta bilen öldürmekde güman edilýän türkmen raýaty tussag edildi.

Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri hemişelik ýa uzak möhletli esasda daşary ýurtlara giden ýa-da göçen raýatlaryň sany, şeýle-de olar hakda daşary ýurt media serişdelerinde çykýan habarlar barada mesele gozgamaýar.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Спорт в России и мире
Москва

В "Локомотиве" иронично отреагировали на ничью в матче ЦСКА со "Спартаком"


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Анастасия Потапова

Потапова всухую обыграла Шнайдер в 1-м круге турнира в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Москвичам назвали пять мест, где можно полюбоваться цветущей сакурой





Путин в России и мире
Москва

Путин поручил сократить время пути поездов от Москвы до Черного моря до 16 часов


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко пообещал потенциальным агрессорам ответ всеми видами оружия




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Захарова: встречи по продвижению "формулы Зеленского" дают Киеву чувство вседозволенности


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Певец

Певец Григорий Лепс откроет караоке-бар Leps Bar в Петербурге



Москва

Мир «Турбозавров» в Roblox: виртуальные приключения для детей!

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net