Koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistandaky esasy karantin zonasy täze bir sebite göçürilýär. Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatdaky Köpugurly hassahanada esaslandyrylan karantin zonasy ýatyrylyp, ol Amyderýanyň çep tarapyna, täze awtomobil we demirýol köprüsiniň arasyndaky ozalky gurluşyk kompaniýasynyň ýerleşen bazasyna göçürilýär. Bu barada ýerli saglyk resmileri bilen söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berýärler.
Täjigistanyň awtoritar prezidenti Emomali Rahmon, deslapky resmi netijelere görä, berk gözegçilikde we dabaraly ýagdaýda geçirilen saýlawlardan soň, 91% çemesi ses alyp, bäşinji möhlete saýlandy.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyk döwründe, maryly ýaşaýjylaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary dowam edýär.
Adam hukuklaryny goraýjy 11 gurama türk häkimiýetlerini türkmen aktiwisti Dursoltan Taganowany deportasiýa etmezlige çagyrdy we onuň Türkmenistana gaýdyp baran ýagdaýynda esassyz tussag ediljekdigini hem gynamalara sezewar boljakdygyny aýtdy. Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň (HRW) 12-nji oktýabrda çap eden maglumatynda guramalar Türkiýäniň halkara hyzmatdaşlaryny "Ankarany halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we Tükiýede gaçybatalga gözleýän Taganowany deportasiýa etmezlige çagyrmaga" ündedi. Читать дальше...
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 12-nji oktýabrda Lýuksemburgda ýygnanyp, beýleki meseleleriň arasynda oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmeginde Orsýetiň güman edilýän roly sebäpli oňa garşy sanksiýa girizmeklige seredýärler. Geçen hepde Fransiýa we Germaniýa Nawalnynyň zäherlenmegine jogapkär hasaplanýan rus raýatlaryna we "Nowiçok" toparyna degişli nerw agentini öndürýän bir gurama garşy sanksiýalary girizmek baradaky teklipleri öňe sürdüler. Sanksiýalar baradaky... Читать дальше...
Täjigistanyň awtoritar prezidenti Emomali Rahmon, deslapky resmi netijelere görä, berk gözegçilikde we dabaraly ýagdaýda geçirilen saýlawlardan soň, 91% çemesi ses alyp, bäşinji möhlete saýlandy. Merkezi Aziýa döwletiniň Merkezi saýlaw komissiýasy 12-nji oktýabrda deslapky netijelere görä, saýlawçylaryň 90,92 göteriminiň ýene ýedi ýyl möhlete eýe boljak Rahmona ses berendigini aýtdy. Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Bagtyýor Hudoýorzoda, 11-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň 85,4 göteriminiň ses berendigini yglan etdi. Читать дальше...
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow geçen hepde müňlerçe adam köçelere dökülip, jedelli parlament saýlawlary sebäpli bulam-bujarlyk döränsoň, paýtagt Bişkekde adatdan daşary ýagdaýyň täzeden dikeldilmegi baradaky karara gol çekdi. Jeenbekowyň metbugat gullugy 12-nji oktýabrda adatdan daşary ýagdaýyň 4-nji oktýabrda geçirilen saýlawlaryň resmi netijelerine garşy geçirilen demonstrasiýalar sebäpli "zorluga we adamlaryň saglygyna howp salýan we köpçülikleýin bidüzgünçiliklerden soň dartgynly... Читать дальше...
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň wekilleri 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Owganystan, Türkmenistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda wideokonferensiýa arkaly üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Duşuşyga ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Syýasy meseleler boýunça kömekçisiniň orunbasary Deýwid Heýl, Owganystanyň Daşary işler ministri Muhammet Hanif Atmar we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Bu barada ABŞ-nyň... Читать дальше...