"Näme, jaýyňyza häkim zyýan ýetirdimi?" diýip, häkimlikde arz eden adamlaryň badyny alýarlar. Soňundan bolsa, "Gaýdyp saryngarynja ýa termit diýip, şu gapydan gelmäň" diýip kowýarlar. Raýatlar hökümetden kömek soramaga-da gorkýar diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistanda içerki gatnaw çäklendirmeleri 2021-nji ýyla çenli uzaldyldy. Bu habar Azatlyk Radiosynyň 1-nji noýabrdan başlap ýurtda dolulygyna petiklenmäniň girizilip bilinjekdigi baradaky maglumatlarynyň yzýanyna gabat geldi. Bu aralykda, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy noýabrdan başlap karantin çäreleriniň güýçlendirilip, täze çäklendirmeleriň giriziljekdigini habar berýär.
Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz galýan döwri, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gymmat bahaly “Diwan” myhmanhanasynyň hem-de täze ýerasty geçelgäniň açylyşyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň onlarça ýaşaýjysy Türkmenistanyň "Halkbank" paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan berlen VISA kartynyň hasabyna salan pullaryny yzyna alyp bilmän kösenýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji oktýabrda Lebap welaýatyndan habar berdi.
Belarusyň içeri işler ministri Ýuriý Karaýew howpsuzlyk güýçleriniň, Alýaksandr Lukaşenkany altynjy möhlete wezipä gaýtadan getiren saýlaw netijelerine garşylyk bildirip, ençeme hepde bäri köçelere çykýan demonstrantlara garşy söweş ýaraglaryny ulanyp biljekdigi barada aç-açan eden çykyşyndan bir gün soň wezipesinden boşadyldy. 29-njy oktýabrda döwlet metbugaty Karaýewiň ýerine Minsk şäher polisiýa bölümine ýolbaşçylyk eden Iwan Kubrakowyň wezipä bellenendigini habar berdi. Karaýew günbatar Hrodna... Читать дальше...
Halkara Gyzyl Haç Komiteti (HGHK) şäher ýerlerine hüjüm edilendigini we Azerbaýjanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň bir meýletinçisiniň top atylan wagtynda ölendigini aýtdy. Ýene iki meýletinçi bolsa ýaralandy diýip, habarda aýdylýar.
Ýewropa ýurtlary sebitde COVID-19 bilen täze keselleýänleriň sany rekord derejä ýetmegini dowam etdirýän mahaly, çäklendirmeleri güýçlendirýärler; ABŞ-da geçirilen barlag maska geýmegiň ölenleriň sanyny ep-esli azaldyp biljekdigini görkezýär. (Reuters wideosy)
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy, barha köp döwletleriň Hytaýdan abanýan howpa göz ýetirip başlamagy bilen, dünýäniň demokratiki döwletler we awtoritar ýurtlaryň arasynda geosyýasy taýdan bölünip başlandygyny aýtdy. “Meniň pikirimçe, dünýäniň demokratiki döwletleri bilen dünýä düýbünden başgaça garaýyş bilen çemeleşýän awtoritar ýurtlaryň arasyndaky bölünişige şaýat bolarys” diýip, milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Robert O’Brien 28-nji oktýabrda Hudson institutyna beren interwýusynda belledi. Читать дальше...
Belarusda Aleskandr Lukaşenka garşy ençeme hepde bäri dowam edýän protestleriň milli iş taşlaýyşa geçmegi bilen, belarus içeri işler ministri howpsuzlyk güýçleriniň “sabotaž ýa-da terror hüjümlerini amala aşyran” diýip häsiýetlendiren adamlara garşy söweş oklaryny ulanyp biljekdigi bilen haýbat atdy. Ýuriý Karaýewiň 28-nji oktýabrdaky bu haýbatyndan bir gün öň, Lukaşenka oppozisiýa tarapyndan yglan edilen iş taşlaýyşy “guramaçylykly jenaýat toparlarynyň hereketi” diýip häsiýetlendirdi. Lukaşenka... Читать дальше...
Azerbaýjan bilen Ermenistan güýçleriniň separatist Daglyk-Garabag sebiti üstünde alyp barýan söweş hereketleriniň netijesinde heläk bolýan adamlaryň sany artýar. Bu aralykda, taraplaryň ikisi-de ABŞ-nyň araçylygynda gazanylan ýaraşygyň synmagynda birek-biregi günäkärleýär. Bu sentýabryň aýagynda çaknyşyklar başlanaly bäri bu görnüşli üçünji ylalaşyk bolupdy. Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň 29-njy oktýabrda Ženewada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG)... Читать дальше...
Fransiýada COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramygyny gowşatmak ugrundaky tagallalaryň çäginde, 29-njy oktýabrda ýurtda ikinji umumy milli lokdawn, ýagny petiklenme başlady. Täze çäklendirmeleriň çäginde restoranlar, barlar we möhüm bolmadyk biznesler ýapylar. Fransuz prezidenti Emmanuel Makron täze lokdawn barada 28-nji oktýabrda yglan etdi. Ol günde onlarça müň täze koronawirus ýagdaýlarynyň ýüze çykarylýandygyny, ýurduň saglyk pudagyna uly agram düşýändigini aýdyp, bu çäreleriň möhümdigini belledi. Читать дальше...