Türkmen häkimiýetleri iýun aýynda Garagum derýasynyň joşmagy netijesinde suw basan Niçka obasynyň ýaşaýjylaryna heniz hem maddy kömek etmeýärler. Suw joşmasy netijesinde zyýan çeken ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsi heniz-de gözgyny ýagdaýda diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu sebitden habar berýär.
Azerbaýjan we Ermenistan bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde söweşleri bes etmegi maksat edinýän täze ýaraşyk ylalaşygyny bozmakda birek-biregi aýyplaýar.
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda aliment, ýagny maşgala agzalarynyň biriniň kanunda bellenilen halatlarda beýlekilerini ekläp-saklamak üçin tölemäge borçly bolan serişdelerini wagtynda tölemedik erkekleriň suratlary, aşagyna ‘kesmsidiji’ sözler ýazylyp, köpçülikleýin ýerlerinde asylyp başlandy. Azatlygyň sebitdäki habarçylary munuň ýerli kazyýetiň başlangyjy we polisiýanyň gözegçiligi astynda amal edilýändigini aýdýarlar.
Içeri işler ministrliginiň ganly güýç ulanmak haýbatyna garamazdan, Minskde we Belarusyň beýleki şäherlerinde onlarça müň adam ýöriş geçirdi. Protestçiler awtoritar dolandyryjy Alýaksandr Lukaşenkanyň işden çekilmegini talap etmäge dowam edýär. Minskde häkimiýetler harby ýük ulaglaryny we suw toplaryny köçä çykardylar, ýöne polisiýa 18-nji oktýabr ýörişini dargatmak üçin olary ulanmakdan köplenç saklandy. Ýörişden ozal, Belarusyň içeri işler ministriniň birinji orunbasary Gennadi Kazakewiç demonstrasiýalary... Читать дальше...
18-nji oktýabrda müňlerçe adam okuwçylara Muhammet pygamberiň karikaturasyny görkezendigi üçin bir etniki çeçen raýaty tarapyndan kellesi kesilen mekdep mugallymyny hormatlamak üçin merkezi Pariže müňlerçe adam ýygnandy. Demonstrantlar merkezi Parižiň Respublika meýdanyna gül goýdular hem-de pidanyň, Samuel Patynyň hatyrasyna “Ýok bolsun pikir totalitarçylygy”, “Men mugallym” diýen ýazgyly plakatlary göterdiler. “Biziň milli bitewiligimizi, biziň jebisligimizi we mobilizasiýamyzy görkezmegimiz örän möhüm” diýip... Читать дальше...
Gazagystanyň Aktöbe oblastyndan gazak mekdeplerinde okaýan onlarça hijaply okuwçy onlaýn-okuwly rus mekdebine geçdiler. Sebäbi Gazagystanda mekdebe hijaply barmak gadagan edilýär. Ol okuwçylaryň hossarlary gyzlary öý şertinde hijaply okar ýaly, mekdepleriň onlaýn-sapak usulyna geçmegini isleýärler. «MEKDEPLERDE ONLAÝN-OKUWYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGY ÝAGLYK ATYNMAK MESELESINI ARADAN AÝRARDY» Diana hem Jannat – hijap atynýan iki uýa häzir onlaýn-sapak usulynda öýde bilim alýarlar. Olaryň ulusy Diana rus mekdebinde 9-njy synpda... Читать дальше...
18-nji oktýabrda ABŞ wekili Zalmaý Halilzad merkezi Owganystanyň Gor welaýatynda bolan awtoulag partlamasy 14 adamy öldürenden soň, dowam edýän gaty ýokary derejeli zorlugyň parahatçylyk prosesine howp salyp biljekdigini duýdurdy. Halilzad zorlugyň owganlary uzak wagtlap “yzarlaýandygyny” hem-de muňa Gorda bolan “betbagtçylygyň”, polisiýa merkeziniň daşynda bomba goýlan ulagyň ýarylmagynyň iň soňky mysal bolandygyny birnäçe twit arkaly aýtdy. Ol gepleşik stolunda eglişik gazanmak üçin zorlugyň... Читать дальше...
Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny Kremliň özüniň Russiýa gaýdyp barmagynyň öňüni almak üçin elden gelenini edýändigini, ýöne şonda-da özüniň yza dolanmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy. Nawalny ABŞ-nyň CBS kanalynda 18-nji oktýabrda efire berlen interwýusynda yzda galan işini dowam etdirmek üçin ýene birnäçe aýdan yza dolanmakçydygyny aýtdy. Ol CBS bilen Berlinden söhbetdeş boldy. Nowiçok toparyna degişi zäherli himiki madda bilen awgustyň aýaklarynda zäherlenenden soň, Nawalny Berlinde bejergi alýar. Читать дальше...
Çeh sport janköýerleri koronawirusa garşy täze çäreleri protest etmek üçin geçirilen ýörişiň yz ýany Pragada polisiýa bilen çaknyşdy. 19-njy oktýabrdan başlap ähli sport çäreleriniň iki hepdelik gadagan edilmegine garşy ýöriş geçirmek üçin 2 müňden gowrak hokkeý we futbol muşdagy ýygnandy. Bu gadagançylyk halkara ýaryşlaryny öz içine almaýar. Demonstrantlar polisiýa işgärlerine çüýşeleri we beýleki zatlary zyňdylar. Soňra polisiýa demonstrantlary tüsse bombalary, feýrwerk we suw topy bilen merkezi meýdançadan dargatdy. Читать дальше...