123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Hijaply okuwçylar. Hossarlar hemişelik onlaýn-okuwyny talap edýärler

0
Hijaply okuwçylar. Hossarlar hemişelik onlaýn-okuwyny talap edýärler

Gazagystanyň Aktöbe oblastyndan gazak mekdeplerinde okaýan onlarça hijaply okuwçy onlaýn-okuwly rus mekdebine geçdiler. Sebäbi Gazagystanda mekdebe hijaply barmak gadagan edilýär. Ol okuwçylaryň hossarlary gyzlary öý şertinde hijaply okar ýaly, mekdepleriň onlaýn-sapak usulyna geçmegini isleýärler.

«MEKDEPLERDE ONLAÝN-OKUWYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGY ÝAGLYK ATYNMAK MESELESINI ARADAN AÝRARDY»

Diana hem Jannat – hijap atynýan iki uýa häzir onlaýn-sapak usulynda öýde bilim alýarlar. Olaryň ulusy Diana rus mekdebinde 9-njy synpda, kiçisi Jannat bolsa gazak mekdebinde 4-nji synpda okaýar. Koronawirus sebäpli Gazagystandaky ähli çagalar ýaly, olar hem distansiýaly usulda, öýde bilim alýarlar. Hökümetler mekdepleri açsa, Jannat oflaýn usulda okamaly bolar. Ýöne Gazagystanda mekdebe dini egin-eşikde barmak gadagan. Elbetde, onlaýn-sapagynda beýle talap ýok, beýle okuw iki tarapyň garşylygyny aradan aýyrýar.

Diananyň ejesi Gülžan Sabenowanyň aýtmagyna görä, onuň gyzy «öz erkine däl, eýsem gadaganlyk düzgüni esasynda jemgyýetden üzňeleşipdir». Gyzy rus mekdebine geçmeli bolanynda, ilki bada oňa kyn düşüp, ol mekdebi hem joralaryny küýsäpdir.

Diananyň rus mekdebindäki okuwy tölegli. Onuň onlaýn-sapagy maşgala üçin her aýda 25 müň tengä durýar. Munuň daşyndan goşmaça sapaklar üçinem tölegler bar, bu jemi 80 müň tenge talap edýär.

— Men özbaşdak iş alyp barýan. Pandemiýa meniň girdejime agyr täsir etdi. Elbetde, diňe men beýle ýagdaýda däl. Maňa çagalarymyň okuwyna tölemek agyr düşýär, şonuň üçin uly gyzymy öňki gazak mekdebine geçirmekçi. Pandemiýadan soň, okuwçylaryň mekdep formasyna geçmelidigi belli. Eger Gazagystan onlaýn-okuwyna rugsat berse, ýaglyk dakynmak meselesi öz-özünden çözülerdi – diýip, Gülžan Sabenowa öz umydyny bildirýär.

Diana Aktöbedäki № 23 mekdep-liseýinde okaýardy. Onuň yzyna gaýdyp barmagyna mekdep direktory Gülnar Narymbetowa garşy däl. Ýöne Diana mundan öňürti ýörite komissiýanyň öňünde ekzamen tabşyrmaly bolar diýip ol aýdýar.

— Häzir 5–11 synp okuwçylary distansiýa usulynda okaýarlar. Okuwçylar mekdebe dolanyp gelenlerinde, olardan ýeke-täk mekdep formasy talap ediler – diýip, Gülnar Narymbetowa duýdurýar.

Ýöne Diana hijabyny aýyrmakçy däl.

«JEMGYÝETIŇ BASYŞYNA ÇYDAMAN, ÝAGLYGYMY AÝYRDYM»

Aktöbedäki mekdeplerde «düşündiriş işleri» geçirilenden soň, okuwçy gyzlaryň birnäçesi ýaglygyny aýyrmaga razy bolupdyr. Olardan biri Tomiris, ol № 46 mekdebiň 9-njy synpynyň okuwçysy. Onuň ejesi Galiýa Aminowa hem Gazagystanda onlaýn-okuwynyň kanunlaşdyrylmagynyň tarapynda.

— Gyzym töwerekden edilýän basyşlara çydamady. Ol öýe köp gezek aglap geldi. Men gyzymyň psihiki ýagdaýynyň düýpli özgerendigini bildim, ýaş gyzlar hem oglanlar ulularyň täsirinden çykyp bilmeýärler, aýratynrak geýinýäne bolsa kese seredýärler. Gyzym köpçülikden çekilip başlady – diýip, Tomirisiň ejesi aýdýar.

Galiýa Aminowa ýaglyk dakynmaga garşy “göreş” başlananda, gyzynyň konstitusiýa hukugy kemsidilýär diýip hasap edipdir. Ýöne gyzynyň ruhy taýdan çekýän aladalaryny görüp, mekdebiň talaby bilen ylalaşmaga razylyk beripdir. Indi Tomiris mekdebe gideninde ýaglygyny aýyrýar, başga ýerlerde bolsa ony mydama daňynýar.

Döwletiň ýardamy bilen Aktöbedäki kollejleriň birinde okaýan Amina mekdepde gysyş bolansoň, kolleje okamaga gidendigini aýdýar. Häzirlikçe onlaýn-sapagyny okaýandygy üçin, ýaglyk atynmak meselesinden hiç bir problema döränok. Olam Gazagystanyň mekdepleriniň onlaýn-okuw usulyna geçmegini isleýär.

— Ýaglyk dakynmak meselesindäki jedeller diňe bir mekdeplerde däl, hünär öwredýän orta okuw jaýlarynda hem uniwersitetlerde-de dowam edýändir diýip hasaplaýan. Şonuň üçin men onlaýn-okuwynyň tarapynda. Pandemiýadan soň nähili ýagdaýyň ýüze çykjagy belli däl, elbetde, bar zat Allanyň emri bilen. Men nähili-de bolsa, 11-nji synpy okap gutarmak isläpdim. Munuň üçin köp çalyşdym, ýöne 9-njy synpdan soň mekdebi taşlamaly boldum. Pandemiýadan soň okuwy ýa-da hijaby saýlamaly diýseler, men hijaby saýlaryn – diýip, Amina aýdýar.

«ÖŇ 340 OKUWÇY GYZ ÝAGLYK ATYNÝARDY, INDI – 11»

Distansiýaly okuw düzgüni barada, Aktöbe oblastynyň bilim bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary Nurgül Bertleuowa şeýle düşündiriş berýär.

— Häzirki onlaýn usuly okuwçylaryň hem mugallymlaryň saglygy hem howpsuzlygy göz öňünde tutulyp, mejbury ýagdaýda girizildi. Pandemiýa döwründe mekdep formasyny geýmeli diýlen berk düzgün bolmady. Biz köp maşgalalaryň öz girdejisini ýitirendigini nazarda tutduk. Ýöne munuň özi mekdebe ýaglykly gelmegi aňlatmaýar, çagalar mekdebe dolananda, öňki resmi egin-eşik düzgüni ýene saklanar. Gazagystanyň «Bilim baradaky» kanuny distansiýaly okuwa resmi taýdan kepil geçmeýär. Kanuna laýyklykda distansiýaly okuw diňe saglyk ýagdaýy sebäpli aýratyn bilim almaly bolýan okuwçylara rugsat edilýär. Epidemiologiýa ýagdaý kadalaşanda, çagalar mekdebe dolanarlar. Şonda mekdep formasynyň ähli talaplaryny berjaý etmeli bolarlar – diýýär.

Oblastyň bilim bölüminiň maglumatyna görä, mundan iki ýyl öň Aktöbede 340 okuwçy gyz hijap atynýan eken. Bilim edarasynyň ene-atalar hem okuwçylar bilen geçiren «yzygiderli düşündiriş işleri» esasynda, mekdebe hijaply gelmek meselesi doly çözülipdir. Diňe 11 gyz umumy düzgün bilen ylalaşmandyr. “Häzir olar rus mekdebinde onlaýn-okuwyny geçýärler” diýip, ol resmi aýdýar.

«BAŞY ÝAGLYKLY GYZDAN JEMGYÝET ÝÜZ ÖWÜRÝÄR»

Psiholog Gülžan Rahimowa ýaglykly mekdebe barany üçin, jemgyýetiň gysyşy sebäpli gyzlar okuwlaryny dowam etdirip bilmeýärler diýýär.

— Ýaglykly gyzlardan jemgyýet ýüz öwürýär. Bu ýagdaý olaryň ruhy ahwalyna täsir etmän bilmez. Psihologiýada ‘ret etmek şikesi’ diýen düşünje bar. Şol ýagdaýa düşen adamlar geljekde jemgyýetde öz ornuny tapmaýarlar. Elbetde, her maşgala – tutuş bir dünýä, ony töwerekleýin öwrenmek gerek. Öz tejribämden aýtsam, dine ynanýanlaryň ählisi barlyşyksyz däl. Adatça erk-ygtyýar kimiň elinde bolsa, jogapkärçilik şonuň üstüne düşýär. Dünýewi jemgyýet öz graždanlaryna basyş etmeýär. Çaga garşy bir talap girizjek bolsalar, hökümetiň owaly bilen onuň töweregini hem maşgalasynyň ýagdaýyny öwrenmegi gerek. Gynasak-da, bizde şeýle barlag geçirilmedi. Çagalar hökümetiň hem hossarlarynyň arasynda barýan garşylygyň pidasy boldular. Kim ýaglyk dakynýandygy sebäpli okuwa gidip bilmeýän bolsa, ol jemgyýetde gysylýan hasaplanýar – diýip, psiholog aýdýar.

Gazagystanyň Bilim we ylym ministrligi 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda «Orta bilim berýän guramalarda möhüm mekdep formasyny tassyklamak hakda» diýen buýruk çykardy. Şeýle kararyň kabul edilmegine Aktöbe, Günbatar-Gazagystan, Mangistau hem Türkistan oblastlarynda okuwçylaryň hossarlary hem mekdep resmileriniň arasyndaky jedelli dawalar sebäp boldy.

Şol buýruga laýyklykda penjek, jaket, jalbar, köýnek, ýubka, milli köýnek mekdep formasyna girizildi.

Girizilen täze düzgüni birnäçe ekspertler hökümetleriň «dini radikal meseleler» sebäpli kabul edendigini aýtdylar. Öz gezeginde bu mesele barada Gazagystan musulmanlarynyň din işleri baradaky edarasy hem beýanat etdi. Olaryň aýtmagyna görä, yslam kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlara ýaglyk atynmagy buýurmaýar. Ene-atalara bolsa «Çagalaryna orta bilim almaga päsgel bermeli däl» diýildi. Gazagystanyň musulmanlarynyň din işleri baradaky edarasy 2013-nji ýylda ýörite fetwa çykaryp: «gyzlaryň hökmany dünýewi bilim almagyna uly ähmiýet beriň» diýip, çagalaryň hossarlaryna ýüzlendiler.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Новый путепровод улучшит пропускную способность других трасс


Спорт в России и мире
Москва

«Радио Зенит» – информационный партнер форума «Мы вместе. Спорт»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Чесноков оценил шансы Александровой в борьбе за выход в финал турнира WTA в Майами


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге об открытии завода по производству экологичной полимерной продукции





Путин в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге: национальные проекты — драйверы развития России


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

«Зеленский кричит»: польский генерал рассказал, что творится в Киеве


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Моргенштерн

Кто из российских звезд перевел миллионы рублей жертвам «Крокуса»: сколько пожертвовали SHAMAN, Моргенштерн*, Бузова, Крид, INSTASAMKA, «Пикник» и другие



Москва

Жителям Подмосковья рассказали о старте грибного сезона

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net