Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2026
1
2
3
4 5 6 7 8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Pekin, Tramp bilen Siniň duşuşygy golaýlaýarka, Eýrandaky atyşygy derhal bes etmäge çagyrýar

0
Pekin Eýran-ABŞ konfliktinde “ok atyşygy doly bes etmek” we Hormuz bogazyndan adaty geçişe gaýdyp gelmek baradaky çagyryşyny tekrarlady. Bu çagyryş, Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçiniň, fewral aýynyň ahyrynda çaknyşyk başlanaly bäri, Hytaýa ilkinji saparyna başlan wagty edildi.
Daşary işler ministri Wang Ýi 6-njy maýda Hytaýyň paýtagty Pekinde Arakçi bilen geçiren duşuşygyndan soň, Hytaýyň söweşleriň soňuna çykmaga kömek etmek üçin “has köp” işlejekdigini we “Ýakyn Gündogarda parahatçylygy we asudalygy dikeltmekde has uly rol oýnajakdygyny” aýtdy.
“Hytaý söweş hereketleriniň doly bes edilmeginiň hökmanydygyna, çaknyşygyň täzeden başlanmagynyň kabul ederliksizdigine we gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň has möhümdigine ynanýar” diýip, Wang gepleşiklerden soň, onuň ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýtdy.
Bu gepleşikler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň hytaýly kärdeşi Si Szinpin bilen meýilleşdirilen duşuşygyndan bir hepde öňe gabat geldi.
Arakçiniň Wang bilen duşuşygy, Tähran bilen Waşingtonyň Pars aýlagyndaky urşuň soňuna çykmak üçin bir sahypalyk memorandum boýunça ylalaşygy gazanmaga golaýlandygy baradaky metbugat habarlarynyň peýda bolan mahalynda geçirilýär.
ABŞ-nyň “Axios” habar beriş serişdesi teklip edilýän memorandum barada ilkinji bolup habar berdi. Waşingtondaky resmiler bu barada häzirlikçe teswir bermediler.
“Axios” öz maglumatynda beýleki maddalar bilen birlikde, ylalaşygyň Eýranyň ýadro baýlaşdyrmaga moratoriý girizmegini, Birleşen Ştatlaryň sanksiýalary ýatyrmagyny we Eýranyň doňdurylan milliardlarça dollarlyk serişdelerini boşatmagyny, şeýle hem iki tarapyň hem Hormuz bogazyndan geçýän gämilere degişli çäklendirmeleri ýatyrmagyny öz içine aljakdygyny aýtdy.
Eýrandaky syýasy analitikler Arakçiniň Pekine saparyny gowy garşy aldylar we muny Tramp bilen Si Szinpiniň duşuşygynyň öňüsyrasynda amal edilen “möhüm garşylyk-ädimi” hökmünde häsiýetlendirdiler.
Analitik Mostafa Najafi “X” sosial ulgamynda ýazan maglumatynda saparyň wagtynyň örän möhümdigini aýdyp, Trampyň Pekine gelmegi bilen häzirki wagtyň arasyndaky “passiwligiň we başlangyjyň ýoklugynyň howply bolup biljekdigini” duýdurdy.
Najafi ABŞ-nyň Hormuz bogazy sebäpli Eýrana garşy täze BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyny taýýarlamak boýunça dowam edýän tagallalaryny nygtady we Arakçiniň saparyny Tramp bilen Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikler başlamazdan öň ABŞ-nyň Hytaýyň Eýran syýasatyna täsir etmek synanyşyklaryna garşy zerur öňüni alyş çäresi hökmünde häsiýetlendirdi.
Strategist Mostafa Harratýan bu saparyň Tähran, Pekin we Moskwanyň arasynda doly möçberli ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn strategik dialogyň başlangyç nokady bolup hyzmat etmelidigini öňe sürdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net