Balkan-Aşgabat ýolunda bolan ulag hadysasynda bäş adam heläk boldy
Balkan-Aşgabat gara ýolunda 15-nji aprelde bolan ýol hadysasynda bäş adam heläk boldy. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň arasynda bolan ýol heläkçiligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy aprelde sebitden maglumat berdi. “Heläkçilige uçran ‘Toyota Avalon’ kysymly ulag ýolda ençeme gezek togalanandygy sebäpli pres enjamdan çykan ýaly bolupdyr. Munuň netijesinde ulagyň içindäki bäş adam, şol sanda sürüji we ýolagçylaryň hemmesi heläk boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýol polisiýasy anonimlik şertinde aýtdy. Читать дальше...
