Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2026
1
2
3
4 5 6 7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Balkanda Internet üpjünçiligi ýaramazlaşdy, VPN-den peýdalanmak kynlaşdy

0

Balkan welaýatynda ilatyň Internet üpjünçiligi ýaramazlaşyp, onuň tizligi ýiti pese gaçdy. Şeýle-de, sebitde VPN ulgamlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi hem kynlaşdy. Häkimiýetler ilata dilden berýän maglumatlarynda bökdençligiň sebäbini “Internetiň tizligini güýçlendirmek tagallalary” bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Balkanabat, Awaza we Türkmenbaşy şäherlerinde 4G TmCell Internet ýazgy görkezse-de, Internet umuman işlemeýär. Ýekşenbe güni, 3-nji maýda öýländen bäri dowam edýän Internet bökdençligi kadaly üpjünçiligiň 15 göterime çenli pese gaçmagyna getirdi. Mobil we öý Internetlerinde günüň dowamynda 85 göterim kadaly aragatnaşyk bolmaýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýurtda ilata elýeterli bolan çäkli messenjerleriň biri “IMO” hem kadaly işlemeýär. Şeýle-de, “Horjun TW”, “Älem TW” ýaly VPN-siz elýeterli bolan platformalardaky filmlere tomaşa etmek hem mümkin däl diýip, ýaşaýjylar anonimlik şertinde beren maglumatlarynda aýdýarlar.

Internetiň tizliginiň peselmegi, ilatyň sebitde ozal elýeterli bolan VPN ulgamlaryndan, şol sanda goşundylaryndan peýdalanmak mümkinçiligini hem kynlaşdyrdy.

Ilatyň Internet elýeterliligini onýyllyklaryň dowamynda berk gözegçilikde saklaýan Türkmenistanda raýatlar Internet petiklemelerini böwsüp geçip, ýurtda petiklenen web sahypalara we sosial ulgamlara girmek üçin VPN ulgamlaryndan peýdalanýarlar.

"Hünärmeniň aýdan sözleri amala aşmaz"Balkanlylaryň ençemesi bökdençligiň sebäbi barada Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýe bolan “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” kärhanasynyň ýerli edaralaryndan takyk bir jogap alyp bilmeýändigini aýdýar.

“Türkmentelekom” we “Altyn Asyr” kärhanalarynyň Awaza we Türkmenbaşy şäherlerindäki edaralarynyň birnäçe işgäri bökdençligiň sebäbini “Internetiň tizligini güýçlendirmek, 5G TmCell Internet aragatnaşygyna geçmek tagallalary” bilen düşündirýär.

“Ähli Internet paýlaýjy serwerleri çalyşmak üçin ýerleri taýýarlamak işleriniň başlanandygy sebäpli käbir tehniki bökdençler ýüze çykdy. Gazuw we beton işleri alnyp barlyp, munuň dowamynda öňden bar bolan kabel we antennalara şikes ýetdi. Häzir abatlaýyş işleri dowam edýär. Ýöne anyk haçan 5G ýa-da ýokary tizlikde WiFi öý Internetleriniň enjamlarynyň gurnaljakdygy hakda maglumat ýok. Bize diňe ýerlerini taýýarlamak tabşyryldy” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde beren maglumatynda “Türkmentelekomyň” hünärmeniniň aýdan sözlerini sitirledi.

Bellesek, Türkmenistanda ilata mobil Interneti “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy we öý Internetini “Türkmentelekom” kompaniýasy we onuň ýerli edaralary hödürleýär.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar ýurtda ilatyň Internet elýeterliliginiň ýyllarboýy petikläp gelýändigini belläp, “Türkmentelekomyň” hünärmeniniň aýdan sözleriniň amala aşmajakdygyny aýdýarlar.

"Adamlara dürli kynçylyklary oýlap tapýarlar"Türkmen häkimiýetleri ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär. Halkara barlaglarda ýurtda ilata hödürlenilýän Internet aragatnaşygynyň tizliginiň örän pes galýandygy, bahasynyň aşa ýokarydygy aýdylýar.

Ýurtda sosial torlar, şol sanda YouTube, Instagram, TikTok ýaly ulgamlar petik astynda saklanýar. Raýatlar bu saýtlardan peýdalanmak üçin VPN hyzmatlaryny ulanmaly bolýarlar.

Bu aralykda, balkanlylaryň ençemesi Internet üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň yzygiderli ýüze çykýan mahaly, soňky aýlarda ilatyň 20GB Internet bukjalaryndan peýdalanmak mümkinçiliginiň hem kynlaşdyrylýandygyny aýdýar.

“Soňky aýlarda 200 manat bolan 20 GB Internet bukjasy hem adamlar üçin tas elýeterli bolmaz ýaly petiklenýär. Sebäbi adamlar 20 GB bukjasyny almak üçin kompaniýa baryp, tas Üç arka resminamalaryna çenli bir topar resminama tabşyrmaly. Garaz “Internet ulanma” diýen ýaly adamlara dürli kynçylyklary oýlap tapýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ol 200 manadyň döwlet kursunda $60-a golaý pul bolýandygyny belläp, 20 GB Internet bukjasynyň hem Instagramda ýa-da TikTokda 5 sagat wideo göreniňden soň gutarýandygyny aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Türkmentelekomyň” we “Altyn Asyryň” ýerli edaralary bilen habarlaşyp, resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň bu edaralaryň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net