Azerbaýjan ermeni güýçleriniň ýurduň ikinji şäherini nyşana alandygyny aýdýar
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Günorta Kawkazda bir hepde öň başlan söweşiniň möwjemegi netijesinde, ermeni güýçleriniň 4-nji oktýabrda ýurduň ikinji şäheri bolan Genjäni raketa okuna tutandygyny aýtdy. Ermenistan Azerbaýjana tarap hiç bir raketa “gönükdirmändigini” aýdyp, bu diýilýäni ret etdi. Emma bölünen Dagly-Garabag sebitiniň de-fakto lideri öz güýçleriniň Genje şäherindäki harby howa bazasyny ýok edendigini aýtdy. Bakuwdaky ministrlik öz web sahypasynda ýerleşdirilen beýanatda Azerbaýjanyň günbataryndaky Genjäniň... Читать дальше...