123ru.net
World News in Turkmen
Добавить новость

Новости за 25.10.2020

Türkmen Mejlisi Orsýet bilen baglaşylan howpsuzlyk hyzmatdaşlygy ylalaşygyny tassyklady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň parlamenti Russiýa bilen howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada baglaşylan ylalaşygy  tassyklady diýip, Türkmen döwlet habar gullugy 25-nji oktýabrda habar berdi. Bu ylalşyga 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde, Moskwada gol çekildi. Orsýetiň Döwlet dumasy ony uzaga çeken arakesmeden soň, 21-nji oktýabrda tassyklady.  Synçylar 2003-nji ýyldaky ylalaşygyň 2002-nji ýylda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakanyň yz ýanyna gabat gelendigini... Читать дальше...




Gyrgyzystanda irki prezident saýlawlarynyň senesi yglan edildi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw we referendum komissiýasy ýurduň prezident saýlawlarynyň geçiriljek senesini kesgitläp, onuň 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna bellenendigini habar berdi. Bu karar MSK-nyň 24-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde kabul edildi. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Nuržan Şaýldabekowanyň düşündirmegine görä, prezident işinden çekilenden soň, Ýokarky geňeş kanun esasynda bir hepdäniň içinde ýakyn üç aýda döwlet baştutanyny saýlamak üçin irki saýlawlary belleýär. Mejlis bu karary... Читать дальше...

Habib Nurmagomedow UFC 254-de ýeňiş gazandy, dynç alşa çykýandygyny yglan etdi

Azathabar.com 

Ýeňil agramly pälwanlaryň arasynda ady rowaýata öwrülen Habib Nurmagomedow 24-nji oktýabrda Abu-Dabide geçirilen UFC 253 bäsleşiginde esasy tutluşygyň ikinji tapgyrynda garşydaşy Jastin Gaetjini huşsuz ýagdaýa salyp,  ýeňilmedik pälwan rekordyna we garyşyk söweş sungatynyň taryhynda iň gowy ussatlaryň biri durumyna eýe boldy. Dagystanly pälwan, UFC ýeňil agramly derejesini gazanmak üçin amerikaly Gaethjini ýeňenden soň, sekizburçlygyň ortasynda dyzyna çöküp, ellerini ýüzüne tutup aglady. Soň ol ýerinden turdy-da... Читать дальше...

Janyndan geçen bombaçy Kabuldaky bilim merkezine zarba urdy, “Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli lideri öldürildi

Azathabar.com 

Owgan resmileri 24-nji oktýabrda Kabulyň Daşt-e Barçidäki bilim merkeziniň daşynda amala aşyrylan bomba hüjümde azyndan 18 adamyň ölendigini aýdýarlar. Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian janyndan geçen bombaçynyň hüjüminde azyndan 57 adamyň ýaralanandygyny aýdyp, ýogalanlaryň sanynyň ýene artyp biljekdigini duýdurdy. Hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" ekstremist topary öz üstüne aldy. Bombaçy Kawsar merkezine girmäge synanyşdy, ýöne howpsuzlyk işgärleri ýakynlaşanda özüni partlatdy diýip, beýanatda aýdylýar. Читать дальше...

Belarus oppozisiýasynyň goýan möhleti gutardy, Pompeo Lukaşenka bilen telefonda gürleşdi

Azathabar.com 

Belarusda 25-nji oktýabrda, oppozisiýa tarapyndan işden çekilmegi ýa-da tutuş ýurt boýunça iş taşlanmagy üçin bellenen möhletiň soňlanmagy bilen, ýurt dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka garşy uly ýörişleriň geçirilmegine garaşylýar. ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Belarusyň dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşlik awtoritar dolandyryja oppozisiýa tarapyndan edilýän basyşlaryň barha güýçlenýän we eger-de wezipesinden çekilmese, tutuş ýurt boýunça... Читать дальше...

Konflikt we COVID-19: Daglyk-Garabagyň ilatyna gosa howp abanýar

Azathabar.com 

Söweş möwjeýän mahaly, Azerbaýjanyň bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitinde we töwereginde ýaşaýanlar üçin COVID-19 howpy tutuşlygyna bolmasa-da, bölekleýin kölege salýar. Geçen aý ermeni we azerbaýjan güýçleriniň arasynda konflikt başlany bäri ýüzlerçe adam öldi, ýöne koronawirus bilen baglanyşykly hadysalar hem barha artýar.

Новости экологии



Слухи, сплетни...








Новости Москвы на Moscow.media


Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.