Türkiýäniň günortasyndaky Hatay welaýatynyň Iskenderun şäherinde partlama boldy
26-njy oktýabrda, giç agşam, Türkiýäniň günortasyndaky Hatay welaýatynyň Iskenderun şäherinde partlama boldy. (Sosial ulgamlardan alnan wideo)
26-njy oktýabrda, giç agşam, Türkiýäniň günortasyndaky Hatay welaýatynyň Iskenderun şäherinde partlama boldy. (Sosial ulgamlardan alnan wideo)
Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurtlardaky aktiwistleriň hossarlaryna basyşy dowam etdirýär. Nobatdaky gezekde ol yzarlanma Dürsoltan Taganowanyň hossarlary duçar boldy. Aktiwistkanyň özi bolsa golaýda Türkiýede deportasiýa merkezinden halas edildi, ýöne ony öz ýurdunda "kezzaplykda" aýypladylar. Bu barada Taganowanyň ejesiniň sözüne salgylanyp, ynsan hukuklaryny goramak baradaky Türkmenistan Helsinki Fondy hem-de ynsan hukuklaryny goraýjy "Memorial" Merkezi habar berýär. Hukuk goraýjylaryň aýtmagyna görä... Читать дальше...
Mary welaýatynyň birnäçe etrabynyň ýaşaýjylary bankomatlarda nagt pul ýokdugy sebäpli ilki etrap, soňra-da welaýat häkimlikleriniň öňünde ýygnandylar. Olar bu meseläni çözüp bermegi sorap, häkimler we bank ýolbaşçylary bilen duşuşmaga synanyşdylar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji oktýabrda Mary welaýatyndan habar berdi. "Geçen hepdäniň birinji ýarymynda Garagum, Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etraplarynyň ýaşaýjylary ilki öz ýerli etrap häkimlikleriniň öňünde üýşüp... Читать дальше...
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý ýurduň erkin saýlawlaryny magtady hem-de Ukrainanyň dogry ýolda ilerleýändigini nygtady. Ol muny 25-nji oktýabrda ýurduň häzirki zaman taryhynda iň netijeli hasaplanan ýerli saýlawlarda ses berişlik tamamlanandan soň aýtdy. Zelenskiý saýlawlar tamamlanandan soň Facebook sahypasynda, käbir goňşulardan tapawutlylykda “Ukrainanyň bir kaşaňlygy bar – ol hem erkin saýlawlar” diýip ýazdy. Ol “hapa puluň hem-de dogruçyl däl media resurslarynyň heniz hem saýlaw netijelerine täsir edýändigini” belläp... Читать дальше...
Türkmenistanyň hökümeti koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri çynlakaý häsiýetde güýçlendirmek meselesine seredýär. Bu Daşoguzyň DZ-K/8 aýallar koloniýasynda COVID-19-yň tutaşmagy bilen baglanyşykly bolup, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi bu ýerde ýagdaýyň agyr bolmagynda galýandygyny hem aýtdy. Häzirki wagta çenli koloniýadaky aýal tussaglaryň 500 sanysyna COVID-19 diagnozynyň goýulandygyny, Azatlygyň çeşmeleri tassyklaýarlar. Lebap welaýatyndaky epidemiologiki ýagdaý hasam agyrlaşýar. Читать дальше...
25-nji oktýabrda günorta-günbatar Pakistanyň durnuksyz Bulujystan welaýatynyň paýtagty Kwettada bir emeli enjamyň partlamagy netijesinde azyndan üç adam öldi. Bu, oppozisiýa partiýalarynyň şäheriň beýleki bir künjeginde geçirýän iri oppozisiýa ýörişi sebäpli güýçlendirilen howpsuzlyk çärelerine garamazdan boldy. Pakistanyň iri oppozisiýa partiýalary bileleşiginiň liderleri ýurduň ykdysady krizisini çözmekdäki “şowsuzlygy” sebäpli premýer-ministr Imran Hany wezipeden çetletmek üçin utgaşykly kampaniýa... Читать дальше...
Türkmenistanyň Mejlisi dünýä ykdysadyýetini aljyraňňylyga salan koronawirus pandemiaýasyndan soň ilkinji döwlet býujetini tassyklady. Ýurtdaky dowam edýän ykdysady krizisiň we maliýe ýetmezçiliginiň arasynda Türkmenistanyň býujetiniň girdejiler bölegi eýýäm tapgyr ençeme ýyl bäri azalýar. TDH-nyň maglumatyna görä, bu ýyl býujetiň girdejileri 79,509.6 million (79 milliard 509 million 600 müň) manat möçberinde kesgitlenildi. Bu dollaryň resmi kursundan orta hasap bilen 23 milliard dollara, “gara... Читать дальше...
Belarus oppozisiýasy Alýaksandr Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegine basyşy güýçlendirmek üçin 26-njy oktýabrda ýurt boýunça umumy iş taşlaýyşa çagyrdy. Lukaşenka 25-nji oktýabra çenli häkimiýeti tabşyrmak barada özüne berlen ultimatoma garşy çykdy. Ol oňa derek protestçileriň üstüne howpsuzlyk güýçlerini goýberdi. Oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa 25-nji oktýabrda Minskde we beýleki şäherlerde protestçilere garşy basyp ýatyrmalardan soň iş taşlaýyşyň başlamagyna çagyrdy. Basyp ýatyrmalarda... Читать дальше...
Azerbaýjan we Ermenistan Daglyk-Garabagyň üstünde barýan söweşleri togtatmak boýunça täze ynsanperwer ýaraşygyň 26-njy oktýabrda güýje girmeginden soň, ony bozmakda birek-biregi aýyplaýar. Ermenistanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjan güýçleriniň ot açmagy bilen ýaraşyk ylalaşygynyň iki gezek bozulandygyny aýtdy. Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Şuşan Stepanian bir düzgün bozmanyň azerbaýjan tarapy günorta-gündogarda ýerleşýän pozisiýalary irden 9:10 töwereklerinde nyşana alanda hasaba alnandygyny aýtdy. Читать дальше...
Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).
123ru.net — живые новости в прямом эфире!
В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.