Daglyk-Garabagyň üstünde uruşýan taraplar birek-biregi täze ýaraşyk ylalaşygyny bozmakda aýyplaýar
Azerbaýjan we Ermenistan Daglyk-Garabagyň üstünde barýan söweşleri togtatmak boýunça täze ynsanperwer ýaraşygyň 26-njy oktýabrda güýje girmeginden soň, ony bozmakda birek-biregi aýyplaýar.
Ermenistanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjan güýçleriniň ot açmagy bilen ýaraşyk ylalaşygynyň iki gezek bozulandygyny aýtdy.
Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Şuşan Stepanian bir düzgün bozmanyň azerbaýjan tarapy günorta-gündogarda ýerleşýän pozisiýalary irden 9:10 töwereklerinde nyşana alanda hasaba alnandygyny aýtdy.
Beýleki düzgün bozma sagat 8:45-de Artsahyň demirgazyk-gündogarynda söweş pozisiýalaryna ot açylanda bolup geçdi diýip, ol Facebook ulgamynda aýtdy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň ot açmagy bes edendigini hem-de ermeni güýçleriniň ýaraşyk ylalaşygyny “ýene bir gezek gödek bozandygyny” aýtdy.
Bu aýyplamalar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hem-de iki hökümediň 25-nji oktýabrda iki tarapyň ýaraşyga ygrarly galýandygy barada bilelikde beren beýanatynyň yz ýanyna gabat geldi. Soňky ýaraşyk dört hepde bäri dowam edýän söweşleri togtatmak boýunça edilen üçünji synanyşykdyr.