1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Rahmon dört gezek geçirilen prezident saýlawlarynda yzly-yzyna ýeňiş gazandy, olaryň hiç biri-de günbatar gözegçileri tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmady.
Çehiýanyň häkimiýetleri 10-njy oktýabrda koronawirus näsaglarynyň ýene 4635 sanysynyň ýüze çykarylandygyny habar berdiler we bu ýurtda jemi wirus ýokuşanlaryň sanyny 114,005 adama ýetirdi. Bu ýurtda wirusdan ölenleriň sany häzir 948 adam boldy. Resmiler 58148 näsagyň keseliniň aktiw diýip kesgitlenendigini, 2,085 hassanyň hassahana ýerleşdirilendigini aýtdylar. Hökümet 30 günlük adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdi, ýapyk howuzlar, sport zallary we bedenterbiýe merkezleri ýapylmaly edildi... Читать дальше...
Prezident Donald Tramp Ak tamda öz tarapdarlaryna saglyk ýagdaýynyň gowudygyny aýdyp, koronawirus ýokuşaly bäri ilkinji köpçülik çäresini geçirdi. Tramp 10-njy oktýabrda Ak tamyň balkonyna çykyp, esasan ispan we afro-amerikan tarapdarlaryndan ybarat bolan ýüzlerçe adam bilen söhbetdeş boldy. Maska geýmedik we saýlaw kampaniýasy üçin taýýarlanan sözüni gysgaldyp sözlän prezident demokrat bäsdeşi Jo Baýdeni tankytlap, hukuk goraýjy edaralary we öz administrasiýanyň gazananlaryny taryp etdi. Onuň goldawçylary maskalydy... Читать дальше...
Azerbaýjan bilen ermeni güýçleriniň arasyndaky gowuşgynsyz ýaraşyk, 11-nji oktýabrda, güýje gireninden bir gün geçmänkä bozulmak howpunyň astyna düşdi. Russiýanyň töwellaçylygynda baglaşylan ýaraşyk 10-njy oktýabrda, ýerli wagt bilen günortanlar güýje girdi. Emma şondan gysga wagt soň iki tarap hem beýleki tarapy hüjümleri dowam etdirmekde günäkärledi. 10-njy oktýabr agşamy we irden bolan partlamalar dawaly Dagly-Garabag sebitiniň iň uly şäheri bolan Stepanakert şäherine sarsgyn berdi. Etniki... Читать дальше...
Täjigistanda saýlawçylar 11-nji oktýabrda geçirilýän prezident saýlawynda ses berýärler, awtoritar prezident Emomali Rahmonyň Merkezi Aziýanyň garyp ýurdundaky dolandyryşyny ýene bir ýedi ýyl uzaltmagyna garaşylýar. Resmiler hasaba alnan saýlawçylaryň 20 prosentden gowragynyň saýlaw uçastoklary açylandan soň ilkinji üç sagatda ses berendiklerini aýtdylar. 1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Rahmon dört gezek geçirilen prezident saýlawlarynda yzly-yzyna ýeňiş gazandy, olaryň hiç biri-de... Читать дальше...
Owganystan, Türkmenistan we Birleşen Ştatlar üç taraply duşuşyk geçirdi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti 9-njy oktýabrda habar berdi. Bu habar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda hem iňlis dilinde çap edildi. Resmi maglumata görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň wekilleri 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda üç taraplaýyn wideomaslahat geçirdi. Maslahata ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisiniň orunbasary Deýwid Heýl... Читать дальше...
Adatdan daşary ýagdaý Bişkegiň köçelerinde bolan çaknyşyklary duruzmak üçin suwytly iş edip bilmedi, Žaparowyň tarapdarlary öňki prezident Almazbek Atambaýewi we premýer-ministrlige dalaş edýän başga bir kandidat Omurbek Babanowy goldaýan garşydaş partiýalara tarap daş we çüýşe zyňdy.