Resmi metbugatyň Türkmenistanda işjeň gender syýasatynyň alnyp barylýandygy baradaky habarlaryndan tapawutlylykda, ýurtda aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almak ýa-da onuň möhletini uzaltmak bilen bagly kynçylyklary dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy anna güni, has takygy 16-njy oktýabrda 100 töweregi aýalyň Türkmenabat şäherindäki welaýat häkimliginiň öňüne üýşüp, protest çäresini geçirendigini habar berýär. "Bu aýal-gyzlar özleriniň sürüjilik şahadatnamalarynyň täzelenip berilmeýändigine nägilelik bildirdiler. Читать дальше...
Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşi bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitindäki ýagdaýlar boýunça 19-njy oktýabrda geçirilen ýapyk geňeşmelerden soň, Ermenistany we Azerbaýjany ot açyşlygy bes etmek boýunça täze ylalaşyga hormat goýmaga çagyrdy.
Türkmenistanda azyk harytlarynyň döwlet dükanlaryndaky üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler dowam edýän mahaly, Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlar gün-günden ulalýar. Lebap welaýatynda bolsa, häkimiýetler raýatlaryň döwlet dükanlaryndan paýok almak işine täze çäklendirme girizýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 20-nji oktýabrda habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ençeme aýlap dowam eden çilim gytçylygyndan soň, geçen hepde gaýtadan satuwa çykarylan temmäki önümleriniň satuwy ýene çäklendirildi. Bu ýurduň dürli künjeklerinde adamlaryň öz nägileliklerini bildirmegine sebäp boldy.
Koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda ilatyň gorag maskalaryny dakynmalydygy barada duýduryş sms-leriniiň ugradylyp başlanmagy bilen bir hatarda, polisiýa işgärlerine günde azyndan maskasyz bir adama jerime ýazmalydygy barada görkezme berildi. Bu talap bilen birlikde, maskasyz saklanan adamlaryň mejbury zähmete çekilýändigi, hat-da tussaglyga hem höküm edilýändigi barada dowamly maglumatlar gowuşýar. 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman... Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen onuň demokrat bäsdeşi Jo Baýdeniň nobatdaky çekişmesinde ara alnyp maslahatlaşylýan her tema boýunça her dalaşgäriň üznüksiz söz sözlemegine mümkinçilik döretmek üçin sesi öçürilýän mikrofon ulanylar. Çekişmeler boýunça prezident komissiýasy birinji çekişmäniň bir bölegini düşnüksiz söz hüjümlerine we kemsitmelere öwren, hem-de çekişmede agdyklyk eden söz kesmeleri çäklendirmegi maksat edinýän bu üýtgeşmäni 19-njy oktýabrda yglan etdi. Sesi öçürýän düwmäni... Читать дальше...
Gyrgyzystanyň Gümrük gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary Raimbek Matraimow saklandy. Onuň ýurduň daşyna çykarylan ýüzlerçe million dollary öz içine alýan korrupsiýa shemasyny açyp görkezen ýokary derejeli žurnalistik derňewde ady agzalýar. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti (UKMK) beren beýanatynda Matraimowyň 20-nji oktýabrda saklanandygyny aýtdy. Üç gün ozal, Döwlet komitetiniň täze bellenen ýolbaşçylary Gümrük gullugynda Matraimowyň hem-de onuň ýaranlarynyň bikanundygy... Читать дальше...
Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşi bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitindäki ýagdaýlar boýunça 19-njy oktýabrda geçirilen ýapyk geňeşmelerden soň Ermenistany we Azerbaýjany täze ýaraşyk ylalaşygyna hormat goýmaga çagyrdy. Şeýle-de, Geňeşiň 15 agzasy BMG başlygy Antonio Guterrişiň ýaraşyk ylalaşygyna hormat goýulmagy barada taraplara eden ýüzlenmesini gaýtalady. Azerbaýjan we Ermenistan 17-nji oktýabrda täze ýaraşyk yglan etdi. Sebitde 27-nji sentýabrda agyr söweşler başlanaly... Читать дальше...
Birleşen Ştatlary alty rus harby ofiserine”ýykgynçylykly” global kiber kampaniýa, şol sanda zyýanly programmanyň dünýä ýaýradylmagy, Gürjüstan we Ukraina öňki Sowet respublikalaryna zyýan ýetirmek ýaly jenaýatlar boýunça günä bildirdi. Adalat departamentiniň 19-njy oktýabrda yglan eden aýyplawy, bu adamlary fransuz saýlawlaryny, Phençongda geçirilen olimpiýadalary, hem-de Russiýanyň öldüriji nerw agent ulanmagyny derňeýän bir halkara guramany hakerçilik bilen döwmekde aýyplaýar. Bu günä bildirme... Читать дальше...