Täsirli gyrgyz tüçjary Raimbek Matraimow saklandy
Gyrgyzystanyň Gümrük gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary Raimbek Matraimow saklandy. Onuň ýurduň daşyna çykarylan ýüzlerçe million dollary öz içine alýan korrupsiýa shemasyny açyp görkezen ýokary derejeli žurnalistik derňewde ady agzalýar.
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti (UKMK) beren beýanatynda Matraimowyň 20-nji oktýabrda saklanandygyny aýtdy.
Üç gün ozal, Döwlet komitetiniň täze bellenen ýolbaşçylary Gümrük gullugynda Matraimowyň hem-de onuň ýaranlarynyň bikanundygy aýdylýan işleri boýunça derňew işiniň başladylandygyny aýtdy. Döwlet komitetine görä, “bikanun işler” Döwlet gaznasyna uly zyýan ýetirdi.
Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýektiniň hem-de “Kloop” gyrgyz habar saýtynyň Hytaýda doglan uýgur iş adamy Aierken Saimaiti tarapyndan ýurduň daşyna pul çykarýan korrupsiýa shemasynyň üstüni açan bilelikdäki derňewinde Matraimowyň ady agzalýar. Geçen ýylyň noýabrynda Stambulda Saimaitiniň janyna kast edildi.
Öldürilmeginden ozal, Saimaiti nädip özüniň birnäçe ýylyň dowamynda Gyrgyzystanyň daşyna gümürtik pul geçirimleri hem-de nagt daşaýjylary arkaly pul çykaryşyny görkezýän maliýe kagyzlaryny žurnalistlere berdi.