Indiki prezidentlik çekişmesinde söz bölünmegini çäklendirmek üçin sesi öçürilýän mikrofon ulanylar
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen onuň demokrat bäsdeşi Jo Baýdeniň nobatdaky çekişmesinde ara alnyp maslahatlaşylýan her tema boýunça her dalaşgäriň üznüksiz söz sözlemegine mümkinçilik döretmek üçin sesi öçürilýän mikrofon ulanylar.
Çekişmeler boýunça prezident komissiýasy birinji çekişmäniň bir bölegini düşnüksiz söz hüjümlerine we kemsitmelere öwren, hem-de çekişmede agdyklyk eden söz kesmeleri çäklendirmegi maksat edinýän bu üýtgeşmäni 19-njy oktýabrda yglan etdi.
Sesi öçürýän düwmäni ulanmak baradaky teklip birinji çekişmäniň yz ýany diýen ýaly teklip edildi we çekişmeleri gurnaýan komissiýa bu üýtgeşmäniň 22-nji oktýabrda boljak çekeleşigiň abraýyny dikeltmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Indiki çekişme saýlawçylara 3-nji noýabr saýlawlaryndan öň dalaşgärleri bir sahnada görmek üçin iň soňky pursat bolar.