123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Новости за 22.10.2020

Dünýä güýçleri Daglyk-Garabag ýaraşygy üçin basyş edýän mahaly, Azerbaýjan we Ermenistan liderleri uruşdan söz açýarlar

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan Daglyk-Garabag konfliktine diplomatiki çözgüt görmeýändigini aýtdy. Bu halkara jemgyýetçiliginiň jedelli sebit boýunça Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda ygtybarly ýaraşyk ylalaşygyny ýola goýmak tagallalaryna kölege saldy.  “Biz Garabag meselesine, iň azyndan häzirki pursatda we uzak wagtdan bäri, diplomatiki çözgüdiň ýokdugyna düşünmelidiris” diýip, Paşiniýan 21-nji oktýabrda özüniň Facebook sahypasynda göni efirde eden çykyşynda aýtdy.  “Ermeni... Читать дальше...

Lebapda elektrik togy ençeme sagat berilmedi. Käbir obalar indi iki gün bäri toksuz kösenýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde we Farap, Çärjew etraplarynda elektrik togy ençeme sagatlap kesildi. Käbir obalarda bolsa, indi iki gün bäri tok ýok. Munuň bilen bir wagtda, agyz suwy hem kesildi. Bu ýagdaý keselhanalaryň işine we ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistany Allaberdiýewi azat etmäge çagyrýarlar

Azathabar.com 

“Human Rights Watch” (HRW) adam hukuklaryny goraýjy 10 guramanyň türkmen häkimiýetlerinden, görnüşinden “daşary ýurt aktiwistleri bilen gatnaşyk saklandygy üçin galp aýyplamalar esasynda türme tussaglygyna höküm edilen Pygambergeldi Allaberdiýewi “dessine we şertsiz ýagdaýda azat etmäge” çagyrandygyny aýtdy. 22-nji oktýabrda ýaýradylan beýanatda HRW türkmen resmilerini Allaberdiýewiň tussaglygyny “ýatyrmaga” çagyrdy. Balkanabatda nebit-gaz edarasynda ýurist bolup işlän Allaberdiýew huligançylykda we adama aram şikes salmakda günäli tapylyp... Читать дальше...



Ýewropa parlamentiniň Saharow baýragy belarus oppozisiýasyna berildi

Azathabar.com 

Ýewropa parlamentiň adam hukuklary üçin Saharow baýragyny Belarusyň demokratik oppozisiýasyna bermek kararyna gelindi. Bu barada Ýewropa parlamentiniň prezidenti Dawid Sassoli mälim etidi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 16-njy dekabrda Ýewropa parlamentinde geçer. Belarusda 9-njy awgustda geçirilen saýlawlaryň dawaly netijelerinden bäri Alseksandr Lukaşenka garşy protestler dowam edýär. Protestleriň basylyp ýatyrylmagy netijesinde ençeme adam öldi, ýüzlerçesi ýaralandy we 10 müňden hem köp demonstrant tussag edildi. Читать дальше...

Karantin zonasynda pozitiw COVID-19 hadysalary anyklandy

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ýurtda tassyklanan COVID-19 hadysasy barada habar bermeýän mahaly, Lebapda ýerleşýän bir karantin nokadynda saklanýan adamlaryň käbiriniň koronawirus barlagy pozitiw netije görkezdi. Bu ýagdaý saglyk desgasyndaky adamlaryň ählisiniň karantin möhletiniň ýene iki hepde uzaldylmagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Russiýa Türkmenistan bilen arada 17 ýyl mundan ozal gol çekilen howpsuzlyk ylalaşygyny ratifikasiýa etdi

Azathabar.com 

Russiýanyň Döwlet Dumasy “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny” ratifikasiýa etdi. Bu barada DumaTw websaýtynda maglumat çap boldy. Bu dokumente 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň arasynda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini ösdürmek maksady bilen gol çekilipdi. Maglumata görä, bu ylalaşyk kollektiwleýin howpsuzlygy güýçlendirmek... Читать дальше...



Owganystanda metjide edilen howa zarbasynda 12 çaga öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazygyndaky Takhar welaýatynda metjide edilen howa zarbasynda 12 çaga öldi, başga-da ençemesi ýaralandy. Bu barada owgan resmileri maglumat berýärler. Howa zarbasy 21-nji oktýabrda Baharak etrabynda ýüze çykdy. Sebit welaýatyň merkezi Takhardan 15 km uzaklykda ýerleşýär. Wakanyň ýüze çykan güni Takharda “Talyban” jeňçileri owgan howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan onlarça gullukçyny öldüripdi. Owgan resmileri bu hüjümi amala aşyran jeňçileriň bu ýerde bukuda oturandygy baradaky maglumatdan soň... Читать дальше...

Tramp, ozalky-prezident Obama kampaniýa ýörişlerinde dil üsti bilen garpyşdylar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we ýurduň ozalky prezidenti Barak Obama garşydaş saýlaw ýörişleriniň dowamynda birek-biregine dilden hüjüm etdiler. Obama özüniň ozalky wise-prezidenti Joe Baýdeniň goldawyna 21-nji oktýabrda Filadelfiýada geçirilen ýörişiň dowamynda eden çykyşynda, Trampyň koronawirus pandemiýasy boýunça çärelerini, ykdysady çökgünlik, jynsy meseleler we saglygy saklaýyş boýunça syýasatyny tankytlady. Şeýle-de, Obama Trampyň şahsyýeti barada gürrüň edip, onuň “wezipä çynlakaý çemeleşmäge ukyply däldigini” aýtdy. Читать дальше...

Özbegistan kirilden latyn elipbiýine geçmek tagallalaryny güýçlendirýär

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew özbek dilini kirilden latyn elipbiýine doly geçirmek boýunça tagallalary çaltlandyrmak baradaky karara gol goýdy. Karar özbek diliniň 2020-30-njy ýyllar döwür içindäki dil syýasatyny kesgitleýär. Kararyň maddalarynyň birine görä, hökümet üç aýyň içinde özbek dilini doly latyna elipbiýine geçirmek boýunça ýol kartasyny düzjek işçi toparynyň düzümini taýýarlamaly we prezidentiň garamagyna hödürlemeli. Kararyň ýene bir maddasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň... Читать дальше...

Azerbaýjan we Ermenistan liderleri uruşdan söz açýarlar

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan Daglyk-Garabag konfliktine diplomatiki çözgüt görmäýändigini aýtdy. Bu halkara jemgyýetçiliginiň jedelli sebit boýunça Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda ygtybarly ýaraşyk ylalaşygyny ýola goýmak tagallalaryna kölege saldy. “Biz Garabag meselesine, iň azyndan häzirki pursatda we uzak wagtdan bäri, diplomatiki çözgüdiň ýokdugyna düşünmelidiris” diýip, Paşiniýan 21-nji oktýabrda özüniň Facebook sahypasynda göni efirde eden çykyşynda aýtdy. “Ermeni... Читать дальше...

COVID-19 Global brifing: 13-19-njy oktýabr hepdesi

Azathabar.com 

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 40 milliondan aşdy; täze barlag wirusa garşy remdesiwir dermanynyň diri galmagyň derejesini ýokarlandyrmaýandygyny görkezýär; lukmanlar uzak möhletli alamatlaryň dört aýratyn sebäbini kesgitleýärler; Russiýa ilkinji synaglardan soň ikinji sanjymy tassyklady. (Agentlikler)

Gyzyň heläkçilikli ölümine gabanjaňlyk esasynda dörän tabşyryk sebäp bolupdyr

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Çuý oblastynyň içeri işler uprawleniýesiniň Alamudun raýon bölümi 14-nji oktýabrda adam öldürenlikde güman edilýän üç adamy, ýagny bir aýal bilen iki erkek kişini deslapky türme tussaglygyna aldy. Olar 26 ýaşly Aýgerim Tokbaýewany öldürenlikde güman edilýär. Pajygaly hadysa Aşakky Ala-Arça aýlagynda ýüze çykdy. Derňewiň deslapky maglumatlaryna görä, gyzyň ölümine gabanjaňlyk sebäp bolupdyr, onuň ölümini bir aýal buýrupdyr. 2020-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda ýüze çykan heläkçilik paýtagt Bişkegi sarsdyrdy... Читать дальше...

Спорт в России и мире
Москва

Федерация бокса России на ВДНХ


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Хачанов: хочу вернуться в топ-10 ATP


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Энергетические поля компенсируют растущие потребности в электроэнергии





Путин в России и мире
Москва

Путин уточнил у Беглова причины снижения популярности Петербурга у туристов


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Киев признал стагнацию ВСУ по всей линии фронта


Навальный в России и мире
Москва

Силовики задержали за сутки пятерых журналистов, часть проходит по делу об «участии в работе ФБК», одного жестоко избили при задержании



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Шапка

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)



Москва

Новые очистные сооружения построили в бывшем военном городке Ногинск-4

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net