Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2026
1
2
3
4 5 6 7 8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Bilim almak üçin Özbegistana gidýän türkmen ýaşlarynyň, şol sanda etniki özbekleriň sany artýar

0

Şu ýyl orta mekdebi tamamlaýan türkmenistanly ýaşlar we olaryň ene atalary üçin gyzgalaňly döwür başlanýar. Bilim almagy dowam etdirmek isleýän ýaşlaryň ençemesi daşary ýurtlara, şol sanda goňşy Özbegistana gidip okamagy saýlaýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmenistanly ýaşlar bilen söhbetdeş boldy.

Özbegistanyň ÝOJ-larynda bilim, lukmançylyk, senagat, energetika ugurlary boýunça okaýan türkmenistanly talyplaryň ençemesi özleriniň goňşy ýurduň ÝOJ-larynda goşmaça dil okuwlaryna, repetitorlara pul harçlamaga mejbur bolýandygyny belleýärler.

Daşkentiň Mirza Ulugbek adyndaky uniwersitetde okaýan türkmenistanly student daşary ýurtlarda okamak isleýän ýaşlaryň kynçylyklary barada gürrüň berdi.

"Magdanlyda indi 25 ýyldan gowrak wagt bäri özbek dilinde okadylýan synplar ýok, şonuň üçinem Daşkende, Ürgenje, Buhara, Samarkanda okuwa gelýän türkmenistanlylaryň aglabasy bialaç dil kurslaryna gatnamaga mejbur bolýarlar, bu hem maşgalalar üçin goşmaça çykdajy bolýar" diýip, türkmenistanly student gürrüň berdi.

Resmi statistika görä, okuw üçin goňşy Özbegistany saýlaýan türkmen ýaşlarynyň sany köpelýär.

Türkmen ýaşlary özbek ÝOJ-lary saýlaýarÖzbegistanyň statistika komitetiniň sanlaryna görä, 2025-nji ýylda bu ýurda okuw maksady bilen gelen daşary ýurtlularyň arasynda Türkmenistanyň raýatlary ikinji orny eýeläp, 9349 adama barabar bolupdyr. Bu bolsa, Türkmenistanda her ýyl orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň 10% çemesine gabat bolýar.

Şeýle-de, komitetiň sanlaryna görä, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistana okuw maksady bilen eýýäm 7174 türkmen raýaty barypdyr.

Azatlygyň habarçylarynyň soňky ýyllarda türkmen ýaşlarynyň Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda okamaga islegleriniň artýandygy barada berýän habarlarynyň arasynda Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň özbek dilini öwrenmäge islegleriň hem ep-esli ýokarlanandygy mälim bolupdy.

Türkmenistanly özbekler kowçum bolup ýaşaýan etraplarynda özbek dilinde okadylýan synplaryň gaýtadan dikeldilmegini ýyllarboýy türkmen häkimiýetlerinden sorap gelýärler. Azatlyk bilen gepleşen türkmenistanly özbekler munuň ýaşlaryň bilimli bolmagyna ýol açjagyna ynanýarlar.

'Öz dilinden el çekmek islemeýärler'Habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly özbek azlyklarynyň wekilleri Lebap welaýatyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Kerki, Köýtendag, Döwletli ýaly etraplarynda, Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda etniki özbekler köpçülik bolup ýaşaýarlar. Ene-atalar ýerli bilim bölümlerinden etniki özbek çagalary üçin özbek dilinde okadýan synplaryň açylmagyny talap etmek isleýärler.

"Adamlar näçe agyr bolsa-da, öz dilinden, milliliginden, ene dilinde bilim almak hukugyndan el çekmek islemeýärler" diýip, daşoguzly ýerli medeniýet işgäri aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, soňky ýyllarda iki ýurduň resmileriniň arasynda bilim ulgamynda ençeme gepleşikler geçirildi, türkmenistanly özbekler Türkmenistanda özbek dilinde okadylýan synplaryň gaýtadan dikeldilmegi meselesine aýratyn seredilmegini isleýärler. Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmileriniň gepleşiklerinde bu meseläniň gozgalyp-gozgalmaýandygy resmi habarlarda agzalmady.

Bu aralykda Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynyň käbirinde türkmen dili hünäri boýunça döwlet býujetinden maliýe serişdeleri bölünip berildi. Hususan-da, 2024-2025-nji okuw ýyly üçin 60 kwotanyň berlendigi habar berlipdi.

Türkmenistanda milli azlyklaryň, şol sanda köplük bolup ýaşaýan etniki özbekleriň we gazaklaryň öz dilinde bilim almagyna mümkinçiligi ýok. Rus dilinde okadýan mekdepleriň we klaslaryň sanynyň soňky birnäçe ýylda azaldylmagynyň arasynda özbek we gazak dillerinde bilim almak isleýän türkmenistanlylaryň türkmen häkimiýetlerden edýän haýyşlary ünssüz galýar.

Öz ýurdunda bilim almak mümkinçiligiTürkmenistanda ýylda orta mekdebi ýaşlaryň onlarça müňi gutarýar. 2022-nji ýylda orta mekdepleri gutaranlaryň sany 82 müň adam diýlip türkmen mediasynda habar berlipdi, emma şondan soň uçurymlaryň sanyna degişli maglumat elterli bolmady.

Türkmen ýaşlarynyň öz ýurdunda ýokary bilim almak mümkinçiligi barada aýdylanda, döwlet mediasyna görä, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 16 müň 782 student, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 879 adam kabul edilipdir.

Ýaşlarynyň ençemesi bilim almak üçin daşary ýurtlary saýlamagyna Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda müňlerçe amerikan dollaryna barabar ägirt uly para, ýaşlaryň okuwa derek köpçülikleýin çärelere çekilmegi we ýaşlaryň berk gözegçilige, dürli çäklendirmelere sezewar edilmegi ýaly sebäpleri hem görkezýär.

Türkmen ýaşlary bilim almak üçin Russiýa, Türkiýä, Belarusa, Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Hytaýa köp barýarlar.

Diňe Russiýada 47 müň türkmenistanly bilim alýar. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkinyň geçen ýylyň iýun aýynda türkmen metbugatyna beren bu maglumatyna görä, agzalan şol sandan 7 müň türkmenistanly rus býujetiniň hasabyna okaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net