Pakistanda bir dini mekdepde bolan partlamada azyndan dokuz okuwçy öldürildi, köp adam ýaralandy
27-nji oktýabrda demirgazyk-günbatar Pakistanda bir dini mekdebe edilen bombaly hüjümde azyndan dokuz okuwçy öldürildi we 110-dan gowrak adam ýaralandy diýip, ýerli resmiler we şaýatlar aýtdy.
Yslamabadyň takmynan 170 kilometr günbatarynda ýerleşýän Peşawar şäherinde bir medresede partlama bolanda okuwçylar sapak geçýärdi diýip, uly polisiýa işgäri Wakar Azim aýtdy.
“Kimdir biri din mekdebine bir sumka getirdi” diýip, Azim aýtdy we sumkany getiren adamyň partlamadan öň okuw zalyny terk edendigini sözüne goşdy.
Peşawar polisiýasynyň başlygy Muhammad Ali Gandapur bombada tas 6 kilogram partlaýjynyň bolandygyny aýtdy.
Peşawaryň “Lady Reading” hassahanasynyň metbugat sekretary Dr. Muhammad Asim Han şu wagta çenli keselhana ýedi jesediň hem-de 70 töweregi ýaraly adamyň getirilendigini aýtdy.
Ölenleriň ählisi 20-40 ýaş aralygynda erkek adamlar. Ýaralananlaryň arasynda mugallymlar we okuwçylar bar, olaryň hatarynda ýedi ýaşly okuwçylar hem bar.
Hiç bir topar bu hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne almady.