Döwlet býujetinde ilatyň iş üpjünçiligi nazarda tutulýar, durmuşda nähili?
Hökümet tankytçylary Berdimuhamedowyň hökümetiniň her ýyl kagyzda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga niýetlenen Döwlet býujetini düzýändigini, emma iş ýüzünde uly döwlet serişdeleriniň gümürtik taslamalara harçlanýandygyny, halk köpçüliginiň bolsa ýyl-ýyldan garyp düşýändigini aýdýarlar.