Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

ABŞ-da Tramp bilen Baýdeniň saýlawdan öňki soňky çekişmesi boldy

0
ABŞ-da Tramp bilen Baýdeniň saýlawdan öňki soňky çekişmesi boldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda prezidentlige kandidatlar, respublikan prezident Donald Tramp bilen demokrat, öňki wise-prezident Jo Baýdeniň arasynda prezident saýlawyndan öň ikinji we soňky çekişme geçirildi.

Iki kandidatyň arasyndaky emosional dawa öwrülen öňki çekişmelerden tapawutlylykda, Donald Tramp we Jo Baýden saýlawçylary gyzyklandyrýan esasy meseleler boýunça öz pozisiýalaryny açyk-aýdyň, anyk beýan etdiler we ýurduň prezidenti wezipesine saýlanmaklary üçin degerli delilleri getirdiler.

Dalaşgärlere berlen ilkinji sorag koronawirus pandemiýasyna garşy göreş we epidemiýanyň ikinji tolkuny bilen baglanyşykly boldy.

Jo Baýden Trampy krizise ýeterlik derejede gaýtawul berip berilmezlikde günäkärledi we ýurduň öňünde “garaňky gyşyň” durandygyny duýdurdy.

Ol Donald Trampy on müňlerçe adamyň ölümine jogapkär bolmakda aýyplady, onuň başarnyksyz liderdigini we ýurt ýolbaşçylygygynda galyp bilmejekdigini aýtdy.

“Şeýle möçberdäki adamyň ölümine sebäp bolan kişi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti bolmagynda galyp bilmez" diýip, Baýden nygtady.

Donald Tramp öz administrasiýasynyň krizisi bitaraplaşdyrmak üçin mümkin bolan ähli zady edendigini we edýändigini aýtdy.

Ol ýakyn hepdelerde täze sanjymyň taýyn bolup biljekdigini mälim etdi we Baýdeni köp sanly negatiw netijeleri bolan çäräni, amerikan ykdysadyýetiniň togtadylmagyny talap etmekde günäkärledi. Tramp "Derman keselden erbet bolup bilmez" diýip, Tramp aýtdy.

Saýlaw ulgamynyň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky howpsuzlygy baradaky mesele dalaşgärleriň ikisinde hem ýiti reaksiýa döretdi.

Baýden Trampyň Orsýetiň Amerika saýlaw prosesine gatyşandygy sebäpli rus prezidenti Wladimir Putini hiç haçan üçin tankytlamaýandygyny aýtdy.

Baýdeniň pikiriçe, Tramp awtoritar ýurtlaryň ýolbaşçylary we garakçylar bilen örän ysnyşykly gatnaşykda durýar.

Donald Tramp muňa jogap edip, Jo Baýdeniň maşgalasynyň daşary ýurtlaryň birnäçesinden uly möçberde pul alandygyny, şol sanda Orsýetden 3,5 million dollar alandygyny öňe sürdi.

Baýden bu aýyplamalary berk inkär etdi we özüne bildirilýän beýle aýyplamalaryň hünärmenler tarapyndan ret edilendigini nygtady.

"Men Ukraina babatynda hiç bir kada sygmaýan iş etmedim" diýip, Jo Baýden ogly Hanteriň "Burisma" kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy hökmünde eden işine düşündiriş berende aýtdy.

Dalaşgärleriň ikisi hem ýurtdaky jynsparazlyk, medisina ätiýaçlandyryş ulgamynyň reformasy, immigrasiýa, daşary syýasat we global howa maýlamasyna garşy göreş meselesinde düýpgöter gapma-garşylykly pikirleri öňe sürdi.

Prezident Tramp saýlawçylara ýüzlenip, Jo Baýdeniň saýlanmagynyň salgytlaryň ýokarlanmagyny, ykdysady ösüşiň peselmegini, global howa maýlamasyna garşy göreş sebäpli amerikan nebit pudagynyň gowşamagyny aňlatjakdygyny duýdurdy.

Öňki wise-prezident Baýden amerikan gymmatlyklaryna wekilçilik edýän prezidenti saýlamagyň zerurdygyny aýtdy.

Bu çekişme prezident saýlawlaryndan öň millionlarça tomaşaçy çeken iň soňky waka boldy. Soňky pikir soramalara laýyklykda Jo Baýdenden takmynan 8 göterim yza galýan Donald Tramp üçin çekişmelerde gowy çykyş etmek has möhüm bolup durýardy. Kommentatorlaryň ilkinji reaksiýasyna görä, dalaşgärler deňe-deň boldy.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы


Спорт в России и мире
Москва

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Анна Блинкова

Россиянки Аванесян и Блинкова вышли во второй тур турнира в Риме


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

EDI-провайдер для ритейла Docrobot вошел в группу компаний СКБ Контур





Путин в России и мире
Москва

Путин встретился с Мирзиёевым в Москве


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко заявил о мгновенном ответе Минска на любую агрессию




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

В США прокомментировали подготовку покушения на Зеленского


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Концерт

Концерт "Восхождение к Ноеву Ковчегу" пройдет в зале "Святодуховский" 30 мая



Москва

До 2030 года экономика РФ должна выйти на 4 место в мире по объему ВВП

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net