Gyrgyzystan gijeki ganly protestlerden soň, parlament saýlawlarynyň netijelerini ýatyrdy
Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw topary partiýalaryň sesleri satyn almak arkaly ýeňiş gazanandyklaryny aýdyp, köçelere çykan we edara binalaryna giren müňlerçe protestçiniň talabyny kanagatlandyryp, 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerini ýatyrdy.
Prezidenti Sooranbaý Jeenbekowyň edarasy 6-njy oktýabrda irden onuň ýurda “gözegçilik edýändigini” aýtdy, ýöne onuň nirededigi nämälimliginde galýar.
6-njy oktýabrda irden beren aýrybaşga beýanatynda Jeenbekow dawaly parlament saýlawlarynyň netijelerini ýatyrmaga özüniň taýýardygyny mälim etdi we öz garşydaşlaryny tolgunyşygy bes etmäge çagyrdy hem-de howpsuzlyk güýçlerine ot açmazlygy buýruk berendigini aýtdy.
Ol hökümet, telewideniýe we howpsuzlyk binalaryna giren gaharly demonstrantlaryň hereketini käbir syýasy güýçleriň häkimiýeti bikanun eýelemek synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.