123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

"Islendik awtoritarizm – hiç ýere eltmeýän ýol". Nazarbaýewiň "ýüzlenmesi": wada hem reallyk

0

Gazagystana 30 ýyla golaý ýolbaşçylyk edensoň, geçen ýylda prezidentlik wezipesinden çekilen Nursoltan Nazarbaýew özüniň halka «ýüzlenmesinde» awtoritar düzgüni berk tankytlap, demokratiýa hakda hem adalatly saýlawlar barada aýdyp geldi. Ol ösýän hem gülleýän, islendik bäsleşige taýýar, ‘ösüp barýan ýurtlara nusga boljak’ Gazagystan barada wada beripdi. Nazarbaýewiň aýdanlary hakykatda amala aşdymy? Azatlyk Radiosy Nazarbaýewň «ýüzlenmelerini» toplap, oňa kommentaiýa berýär.

1997-nji ÝYLYŇ 16-njy OKTÝABRYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«40 ýyl mundan öň Singapur garaşsyzlyk alypdy, şonda ol dünýädäki iň garyp ýurtlaryň biridi, milletiň jan başyna düşýän girdejisi 200 dollardan hem azdy. Häzir singapurlylar adam başyna 20 müň dollardan hem gowrak alýarlar. Malaýziýa hem öz milli etniki düzümi we beýleki birnäçe parametrlerde olara meňzeş. Olar hem 20 ýylyň dowamynda öz graždanlarynyň durmuş derejesini onlarça esse ýokarlandyryp bildiler. Olar şeýle üstünligi bilen bütin dünýäde Aziýa Gaplaňlary diýlip tanalýar.

2030-njy ýylda, men berk ynanýan, Gazagystan Merkezi Aziýanyň Barsy saýylar hem beýleki ösüp barýan ýurtlar üçin görelde bolar».

2017-nji ýylda hökümet resmileri «Gazagystan-2050» diýen täze strategiýany öňe sürdüler. Olaryň pikiriçe «Gazagystan-2030» diýen maksatnama «wagtyndan has öň» amala aşyrylypdyr. Ýurduň esasy eksport harydy bolan nebitiň bahasynyň aşaklamagy bilen milletiň jan başyna düşýän bütewi içerki önüm peseldi, milli walýutanyň hümmeti aşaklady. 1993-nji ýylda milli walýuta dolanyşyga girizilende, bir tenge 4,74 dollara deňdi. Häzir bir dollaryň bahasy 420 tenge boldy.

1998-nji ÝYLYŇ 19-njy SENTÝABRYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Islendik demokratiýanyň özeni erkin hem adalatly saýlawlardyr. Hut şol hem biziň demokratiýamyzda esasy roly berjaý etmeli.

Biziň ýurdumyzda saýlawlar erkin hem adalatly bolar ýaly, biz onuň üçin şert döretmeli, saýlawlarda Gazagystandan ýa-da halkara jemgyýetçiliginden bolan islendik gözegçiligi gutlamaly. Şonuň üçinem men ýurduň Prezidenti hökmünde açyk hem berk mälim edýän – biziň ýurdumyzda islendik saýlaw adalatly hem açyk bolmaly.

Demokratik jemgyýetdäki bitewiligiň beýleki bir tarapy garaşsyz sudýalar bolup durýar. Bize ähli meseleleri gep-gürrüňsiz we hiç kime ýa hiç bir edara garaşsyz çözüp bilýän, professional derejesi ýokary bolan garaşsyz sud sistemasyny üpjün etmek zerur.

Dogrymy aýdaýyn, maňa – hökümetiň iň ýokarsynda oturan, ýeterlik güýçli häkimiýete eýe bolan adama, ynamly aýdyp biljek, şeýle demokratiýa gitmäge içerde hiç bir päsgelçilik ýok. Meniň berk ynanjyma görä, Gazagystandaky islendik awtoritarizm – hiç ýere eltmeýän ýol. Diňe erkin demokratik jemgyýet ýakyn geljekde biziň durnukly hem bagtly durmuşymyzyň kepilnamasy bolup biler».

Şu «ýüzlenmeden» üç aý geçenden soň, Nazarbaýew prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji boldy diýildi. Resmi maglumata görä, ol 79,78 % ses alypdyr. Onuň esasy bäsdeşi Serikbolsyn Abdildin ses sanawynyň galplaşdyrylandygyny aýtdy. Gazagystanyň öňki premýer-ministri Akežan Kažegeldin «administratiw düzgün bozmalar» sebäpli saýlawlara goýberilmedi. OBSE kanun aktlaryny doly berjaý edýän bazanyň ýokdugy hem gurama agza döwletleriň saýlaw talaplaryna laýyk gelmeýändigi üçin, Gazagystana doly möçberdäki synçylar toparyny goýbermekden ýüz öwürdi. OBSE Gazagystanda geçen hiç bir saýlawy adalatly hem dogruçyl hasap etmedi.

Gazagystanyň sud häkimiýeti ýerine ýetiriji hökümetiň garamagynda diýip hasaplanýar. Sudýalaryň ählisi prezident tarapyndan bellenýär, olar saýlanmaýar.

Nursoltan Nazarbaýew demokratik jemgyýet gurulýar diýip birnäçe gezek aýtsa-da, Britaniýadaky Economist Intelligence Unit (EIU) barlagçylar topary demokratik Indeks boýunça, Gazagystany «awtoritar düzgünli» ýurtlaryň hataryna goşýar.  Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara Freedom House guramasynyň maglumatyna görä, Gazagystan «erkin däl» ýurtlaryň hataryna girýär.

1999-nji ÝYLYŇ 16-njy SENTÝABRYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Diňe bir ykdysadyýetde däl, eýsem syýasatda-da täze bir ýol tapjak bolmak şowsuzlyk bilen gutarýar. Gazagystan dünýä tejribesiniň hem meýliniň garşysyna gitmez. Açyk jemgyýet bolmasa, demokratiýany gurup bolmaz. Häkimiýet başynda oturan ýeke-täk hökümdarlaryň, general sekretarlaryň ýa-da prezidentleriň ynjyklyk zamanasy gaýdyp gelmejek geçmişe gitdi».

Nazarbaýewiň ýeke-täk özi döwlet başynda 30 ýyla golaý oturdy. Ol Sowet Soýuzynyň öňki baş sekretarlarynyň ählisinden uzak wagt häkimiýeti eýeledi. 2019-njy ýylda prezidentlik wezipesinden çekilmezden öň, ýurduň Konstitusiýasyna düzediş girizip, öz hukuklaryny giňelti hem özüne «elbasy» diýen derejäni kanuny taýdan berkitdi. Ol hem onuň maşgalasy sud jogapkärçiligine çekilmeli däl edildi. Ol Howpsuzlyk geňeşiniň ömürlik agzasy bolup galýar hem döwlet apparatynda öz täsirini saklaýar.

2000-nji ÝYLYŇ 16-njy OKTÝABRYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Biz döwlet gullukçylaryny saýlap almak işini düýpli özgertdik. Başga ýurtlar munuň üçin onlarça ýylyny harç edýän bolsa, biz ony soňky iki ýylda döretdik. Diňe 2000-nji ýylda on müňe ýakyn döwlet gullukçysy açyk konkurslar esasynda seçilip alyndy.

Ýurtda konkurs esasynda döwlet gullukçylaryny saýlamak hiç wagt bolmandy, mydama telefon buýruklary, tanyşlyk ýa-da syýasy taýdan ynamly saýylýanlar wezipä çekilipdi».

Döwlet gullukçylary üçin konkurs seçgileri bolsa-da, hökümet tanyşlyk üsti bilen wezipä çekilýänleriň ýoluny baglap bilmedi. Döwlet gullukçylarynyň arasynda «komandalaýyn ylalaşyk» düzgüni emele geldi. Ýokary derejeli çinownikler töweregine öz «ynamdar» adamlaryny toplap başlady. Hökümet agzalary, oblast akimleri korrupsiýa maddasy bilen aýyplandylar.

«Biz köpçülikleýin habar serişdeleri diňe döwlete garaşly bolmaly diýen jemgyýetden hem ‘halk duşmany’ diýilýän düşünjeden çykdyk. Biz hökümeti tankyt etmegiň soňunyň heläkçilikli netijeler – türmä atmak ýa-da dälihana salmak düzgüninden çykdyk. Biz diňe bir partiýaly, hakykatda diňe hökümet başyndaky bilen dolandyrylýan jemgyýetden çykdyk».

Gazagystanyň hökümetini tankyt eden onlarça media ýapyldy, žurnalistler bolsa yzarlandy. «Serhetsiz reportýorlar» halkara guramasynyň dünýäde söz azatlygynyň Indeksi boýunça beren hasabatynda, Gazagystan dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda, 158-nji orunda durýar. Gazagystanda täze partiýany hasaba aldyrmak kynlaşýar. Nazarbaýewiň ýolbaşçylyk edýän «Nur Otan» partiýasy iň bir täsirli topar bolup, parlamentde sesleriň köplügini eýeleýär.

2005-nji ÝYLYŇ 16-njy FEWRALYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Gazagystanda demokratik institutlaryň ösüşi yzygiderli dowam edýär, demokratik saýlawlar kadaly geçirilýär.

Gazagystanda söz azatlygy üpjün edildi, senzura ýok; döwlete degişli bolmadyk köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döredildi. Söz azatlygy – Gazagystanyň demokratik ösüşiniň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Gazagystanda syýasy meseleler bilen baglanyşykly jogapkärçilige çekilen ýok».

Nazarbaýewiň şu «ýüzlenmesinden» üç aý öň parlament saýlawlary geçipdi, onda özüni konstruktiw oppozisiýa hökmünde görkezen «Ak Žol» partiýasy parlamentden diňe bir orun alyp bildi. «Ak Žol» saýlawlaryň geçirilişiniň adalatly däldigini aýtdy.

Ýurduň öňki premýer-ministri Akežan Kažegeldin ýurtdan çykmaga mejbur bolupdy. Bankir Muhtar Ablýazow hem-de Pawlodar oblastynyň öňki akimi, «Gazagystanyň demokratik saýlawy» hereketini ýola goýan Galymžan Žakiýanow türmä atyldy. Ynsan hukuklaryny goraýjylar olaryň syýasy matlaplar bilen yzarlanandygyny aýtdylar. Soňky döwürde hökümetiň syýasatyny tankyt edenlerden jogapkärçilige çekilenleriň sany köpeldi.

2010-njy ÝYLYŇ 29-njy ÝANWARYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Däri-derman üpjünçiligi boýunça ähmiýetli ulgamy döretjek möhüm bazalaryň ählisi işe girizildi. Dermanlaryň 50 prosenti biziň ýurdumyzda öndüriler».

Nazarbaýewiň «ýüzlenmesinden» on ýyl geçenden soň 2020-nji ýylyň tomsunda, koronawirus pandemiýasy wagtynda premýer-ministriň orunbasary Eraly Turžanow Gazagystanyň özünde öndürilýän däri-dermanyň halkyň talap edýäniniň diňe 13 prosentini tutýandygyny aýtdy. Koronawirus epidemiýasynyň öjügen wagtynda, ýurduň ilaty derman gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

2011-nji ÝYLYŇ 28-nji ÝANWARYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreş dowam etdirilýär. Häzirki wagtda halkara bilermenleriniň kesgitlemegine görä, Gazagystanyň korrupsiýa garşy kanun aktlarynyň iň bir netijeli bolandygy ykrar edilýär».

Transparency International guramasy korrupsiýanyň Indeksi boýunça Gazagystany 2019-nji ýylda dünýäde 133-nji orunda goýdy.

2011-nji ÝYLYŇ 29-njy ÝANWARYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Biziň wezipämiz şundan ybarat bolup, 2017-nji ýylda ilatyň azyndan 80 prosentiniň döwlet dilini özleşdirmegini gazanmakdyr. 2020-nji ýylda bolsa ol azyndan 95 prosente ýeter. Ýene on ýyldan mekdebi gutarýanlaryň 100 prosenti döwlet dilini özleşdirerler».

Şondan takmynan on ýyl soň geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, sogar-jogap geçirilen 18 ýaşdan 29 ýaş aralygyndaky graždanlaryň diňe 39,2 prosenti belli derejede gazak dilinde erkin ýazyp hem gürläp bilýär. Respondentleriň 30,1%-i rus dilinde, 11,8 beýleki milletleriň dilinde gürleýär, 0,5% gazak öz ene dilini bilmeýär.

2012-nji ÝYLYŇ 27-nji ÝANWARYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Žanaözen wakasy diňe bir senagat tipli şäherleriň sosial taýdan töwekgelçilige ýakyndygyny görkezdi. Döwlet Žanaözende adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi hem şäherde ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin, birnäçe kompleksleýin çäreleri geçirmeli boldy. Mejlise geçirilen saýlawlarda Žanaözeniň ýaşaýjylarynyň köprägi «Nur Otan» partiýasy üçin ses berdiler».

2011-nji ýylda Žanaözende nebitçileriň döreden iş taşlaýyşy ýedi aýdan hem uzaga çekdi. 16-njy dekabrda bolsa iş taşlaýan nebitçilere garşy ot açyldy. Resmi maglumata görä, onda 17 adam öldi, 100-den gowragy hem ýaralandy.

2014-nji ÝYLYŇ 17-nji ÝANWARYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Ýakyn üç ýylyň dowamynda, 2017-nji ýyla çenli okuw ýerleriniň ýetmezçiligini aradan aýyrmaly hem-de möhüm bolan ýerinde ýurduň ähli mekdeplerinde iki smenalaýyn – ertirki hem öýlänki okuwa geçmeli».

Gazagystanda üç smenalaýyn – bir günde üç tapgyr okuw 2020-nji ýylda hem ýatyrylmady. Almaty oblastynyň akimi Amandyk Batalowyň sözüne görä, 2020-nji ýylyň fewral aýynda 38 mekdepde bir günde üç tapgyrlaýyn okuw geçirilýär. Üç smenaly okuw ýurduň beýleki sebitlerinde hem uly şäherlerde dowam edýär.

2015-nji ÝYLYŇ 30-njy NOÝABRYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Biziň halkymyz häzirki gowy ýaşaýşy ýaly, hiç wagt gowy ýaşamandy».

Nazarbaýewiň şu «ýüzlenmesinden» iki aý öň milli walýuta – tengäniň hümmeti iki esse peselip, 1 dollar 300 tengä deň bolupdy. Tengäniň hümmetiniň pese gaçmagy Gazagystanyň ykdysadyýeti bilen bagly bolup, esasy çig mal eksporty bolan nebitiň bahasy arzanlansoň, milletiň üpjünçilik ýagdaýy peseldi.  2020-nji ýylda Gazagystan iň az aýlyk hakyny 42 500 tenge (takmynan ABŞ-yň 100 dollary) diýip belledi.

2017-nji ÝYLYŇ 31-nji ÝANWARYNDAKY «ÝÜZLENMEDEN»

«Bu gün men Gazagystany Üçünji gezek modernleşdirmeli diýen meseläni öňde goýýaryn. Ýurdy global bäsdeşlige ukyply bolar ýaly, ykdysady ösüşiň täze modelini döretmek zerur. Ýurt ykdysady yzagalaklygyň çäginden çykdy hem dünýäniň ykdysady bäsdeşlige ukyply 50 ýurduň hataryna girdi».

Hökümet resmileri Gazagystanyň birnäçe görkezijiler boýunça dünýäniň iň ösen 50 ýurdunyň hataryna girýändigini häli-şindi aýdýarlar. Nursoltan Nazarbaýew 2014-nji ýylda täze konsepsiýa gol çekip, Gazagystanyň dünýäniň iň ösen 30 ýurdunyň hataryna girmelidigini öňe sürdi. Bütindünýä ykdysady forumynyň bäsdeşlige ukyply ykdysady Indeksi boýunça Gazagystan 2019-njy ýylda 55-nji orunda durýar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о создании парка «Яуза»


Спорт в России и мире
Москва

Баскетболист ЦСКА Хэнлан назвал Москву лучшим местом для жизни


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Новак Джокович

Новак Джокович в пятый раз получил спортивный «Оскар» как атлет года


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Прокуратура выясняет источник появления масляных пятен в Москве-реке





Путин в России и мире
Москва

Алиев: доволен развитием отношений Азербайджана и России


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Губернатор Поморья встретился с президентом Беларуси Александром Лукашенко




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский допустил, что Москва и Киев начнут мирные переговоры


Навальный в России и мире
Москва

Мосгорсуд оставил в СИЗО журналистку Фаворскую, обвиняемую в экстремизме за репортажи о Навальном



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Александр Розенбаум

Розенбаум высказался о пластических операциях



Москва

В Подмосковье рассказали о дорожной обстановке в регионе утром 23 апреля

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net