123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Daşoguzyň DZ-K/8 aýallar koloniýasynda koronawirus tutaşdy

0
Daşoguzyň DZ-K/8 aýallar koloniýasynda koronawirus tutaşdy

Daşoguzyň DZ-K/8 aýallar koloniýasynda koronawirus tutaşdy. Ölenler bar. Azatlygyň bu barada habar berýän korrespondentleri azyndan üç zenanyň ölümine degişli takyk ýagdaýlary anyklap bildiler.

Olaryň biri 1973-nji ýylda doglan zenan sişenbe güni öldi. Ol 2013-nji ýylda neşe gaçakçylygynda aýyplanyp 22 ýyllyk azatlykdan mahrum edilipdi. Onuň iki çagasy galdy.

Azatlyk anonimlik şerti bilen gürleşen çeşmeleriniň gizlinligini saklamak we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen türmede ýogalan aýallaryň atlarynyň we olaryň ölümine degişli ýagdaýlaryň jikme-jiklikleriniň üstüni açmaýar.

Çeşmelerimiziň sözlerine görä, türmede ýogalan zenanlar aşgabatly. Olaryň ölümi barada garyndaşlaryna habar berlipdir, ýöne olary jaýlanmak üçin jesetleri ýakynlarynda berilmändir.

Azatlygyň habarçysynyň belleýşi ýaly, türmede koronawirusyň alamatlary bolan keselden ölenleriň köp bolmagy, bu keseliň azyndan birnäçe hepde bäri möwç alýandygyny görkezýär.

Azatlygyň çeşmelerine görä, koloniýada 1500-den tussag aýal saklanýar, olaryň köpüsi neşe serişdeleriniň söwdasy bilen baglanyşykly maddalaryň esasynda azatlykdan mahrum edilen bendiler. Türmede 200-den gowrak agyr näsagyň bardygyny, hassalar üçin karantin blogynyň guralandygyny çeşmämiz aýdýar.

"Ýagdaý sentýabryň başynda başlandy, ýöne koloniýanyň administrasiýasy muny gizlemäge synanyşdy. Emma geçen hepdede ýagdaý eýýäm umytsyz bir derejä ýetensoň we bu habar Aşgabada ýetensoň, şol ýere rentgen enjamlary eltildi, florografiýa barlaglary edildi we ýüzlerçe tussagyň öýkenlerine belli bir derejede zeper ýetendigi mälim boldy. 200-den gowrak aýalyň ýagdaýy agyr, çeşmelere görä, olary gözden geçiren lukmanlar köpleri halas edip bolmajagyndan howatyrlanýarlar"- diýip, habarçymyz aýtdy.

Çeşmelere görä, koloniýa öýkeni emeli işledýän gurallar we dermanlar belli bir mukdarda iberilipdir.

"Ýöne bu ýene-de belli " Rimantadin "we bu ýagdaýda kömek etmeýän beýleki wirusa garşy dermanlar ugradyldy. Öýkeni emeli işledýän gurallaryň sany hemme näsaglar üçin ýeterlik däl, ýene-de maňa aýdylyşy ýaly, şu ýerde-de tussaglaryň garyndaşlary öz ýakynlaryna howa beriji enjamlar bilen kömek edilmegi üçin para bermeli bolýarlar", diýip çeşmämiz belleýär.

Çeşmeleriň sözlerine görä, tussaglaryň saklanýan şertleriniň agyrlygy, iýmitlenmeginiň we arassaçylygynyň ýaramazlygy olaryň saglygyna we keselden goranmak ukybyna öz täsirini ýetiripdir.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky DZ-K/8 aýallar koloniýasynyň wekillerinden resmi maglumat almak boýunça synanyşygy netije bermedi.

 

Global pandemiýa başlanaly bäri Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýärler. Türkmen resmileri koronawirusyň alamatlary bilen geçýän keseliň tutuş ýurda ýarap, ölüm derejesiniň hem ýokarlanýandygyna garamazdan, ýurtda COVID-19 keseline degişli ýekeje-de ýagdaýyň hasaba alynmandygyny birnäçe gezek resmi derejede öňe sürdüler.

Keseliň inkär edilmegine garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň hereketini, işewürligini görlüp-eşidilmedik derejede çäklendirdiler we ilatdan hökmany maska geýmegi talap edýärler. Indi bolsa, ýurtda köpçülikleýin waksina sanjymlaryny edip başladylar. Lukmanlar sanjymlaryň dümewe garşy edilýändigini aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, paýtagtda edilip başlanan sanjymlar sebitlere ýaýrady. Häzirki wagtda, hususan-da, Lebap welaýatynda medisina işgärlerine hökmany esasda sanjym edilýär. Ýerli lukmanlar sanjymyň "dümew, ORWI we beýleki dem alyş kesellerine" garşy gönükdirilendigini düşündirýärler.

Türkmenistanda häzirki sanjym hökmany hasaplanýar, ýüz öwürenlere täze kanuna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigi düşündirilýär.

Ýurtda COVID-19 keseli ýokaşandygy güman edilýän näsaglar üçin birnäçe karantin zolagy bar.

Iň uly karantin, ýurduň gündogarynda Türkmenabatda ýerleşýär. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, häzir bu karantin zonasynda esasan pandemiýanyň başyndan bäri daşary ýurtlarda galan we indi Türkmenistana gaýdyp gelýän türkmen raýatlary saklanýar.

"Häzir ol ýerde Ukrainadan, Germaniýadan, Orsýetden we Özbegistandan uçar arkaly gelenler saklanýar" - diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 15-nji oktýabrda aýtdy. Ol düzgüne görä, karantiniň iki hepdelik bolmalydygyna garamazdan, käbirleriň üç hepdeden gowrak wagt bäri şol ýerde galýandygyny habar berýär.

12-nji oktýabrda Türkmenabadyň esasy karantin zonasynyň başga ýere geçirilýändigi mälim boldy.

 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Рост обрабатывающих отраслей в Москве демонстрирует 17 процентов


Спорт в России и мире
Москва

Сотрудник ОМОН «Крепость» стал бронзовым призером на соревнованиях Центрального округа Росгвардии по боксу


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Пятая ракетка мира Пегула не выступит на турнире WTA 1000 в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Сенсорный сад с экотропами появится в Бутырском районе Москвы





Путин в России и мире
Москва

МИД РФ иронично прокомментировал высказывание Шольца о Путине и Канте


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

VII Всебелорусское народное собрание: основные заявления Александра Лукашенко




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Во Франции назвали бредом слова Зеленского про угрозу Путина Европе


Навальный в России и мире
Москва

Священнику, отпевавшего Навального, запретили носить рясу и крест



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Стас Пьеха

«В чем угодно, только не в красных стрингах!» Стас Пьеха рассказал о фотосессии на «Фабрике звезд» в шоу «УТРО. ТНТ»



Москва

На курорт бесплатно. Кто и как может оформить путёвку и билеты за госсчёт

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net