123ru.net
World News in Turkmen

Söweşe berlen gysga arakesmeden soň, Dagly-Garabagyň paýtagty gaýtadan topa tutuldy

014
Söweşe berlen gysga arakesmeden soň, Dagly-Garabagyň paýtagty gaýtadan topa tutuldy

Azerbaýjanyň bölünip aýrylan sebitiniň paýtagty Dagly-Garabag 15-nji oktýabrda, Orsýetiň araçylygynda gelnen bäş günlük ýaraşykdan soň, gaýtadan topa tutuldy diýip, Ýerewan we sebitdäki ermeni separatistleri aýtdy.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Daglyk-Garabag sebiti üstünde barýan onlarça ýyllyk konflikt, Türkiýe we Orsýet ýaly ýaranlary hem çekmek bilen, has uly uruş-gowga ýazyp biler diýip alada edilýär.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjan güýçleriniň Azerbaýjan we etniki ermeni taraplaryny bölýän Aragatnaşyk liniýasynyň bölümlerini nyşana alýan “güýçli artilleriýa hüjümine” gaýtadan başlandygyny aýtdy.

Dagly-Garabagyň de-fakto ýolbaşçylygynyň gyssagly kömek gullugy Azerbaýjan güýçleriniň Stepanakertde "raýat nyşanalaryna" hüjüm edendigini aýtdy.

AFP habar gullugynyň žurnalisti dokuz partlamany eşidendigini we adatça 55,000 töweregi ilaty bolan şäheriň etegindäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarsyna galýan goýy tüsseleriň görünýändigini aýtdy.

Ermenistan 15-nji oktýabrda Türkiýäni gyssagly kömek alyp barýan uçuşlaryň öz howa giňişligini peýdalanmagynyň öňüni baglamakda aýyplady.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew öz ýurdunyň goşunlarynyň eýýäm Dagly-Garabagyň bäş esasy sebitinden ikisine gözegçilik edýändigini we Ýerewan belli bir möhletde sebitden çykmaga razy bolmasa, olaryň hemmesini aljakdygyny aýtdy.

Мобильный 6
Загрузка...
Комментарии для сайта Cackle

Russian.city

Слухи, сплетни...








Новости Москвы на Moscow.media


Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.






Новости России