Wise-prezidentlige dalaşgärler çekişmede esasan pandemiýany üns merkezine alyp, sowukganlylygy elden bermediler
ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens we onuň bäsdeşi Kamala Harris 7-nji oktýabrda geçirilen çekişmede sypaýyçylygy elden bermediler. Olar geçen hepde bolan prezidentlik çekişmelerindäki çekeleşik äheňine ýol bermän, koronawirus pandemiýasyny, saglygy saklaýyşy, ykdysadyýeti we daşary syýasaty öz içine alýan dürli temalary pessaýlyk bilen ara alyp maslahatlaşdylar.
Pens bilen Harrisiň arasyndaky at dakyşmadan hem-de yzygiderli söz kesişmeden azat çekişme ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen öňki wise-prezident Jo Baýdeniň galmagally çekeleşigine meňzemedi.
Wide-prezidentlige dalaşgärler köplenç mylaýymlyk bilen çykyş etdiler we birek-biregiň sesini örän seýrek kesdiler hem-de birek-birege adyny tutup ýüzlenmekden doly saklandylar. Ýöne USA Today kanalyndan çekişmä moderatorçylyk eden Sýuzan Peýj (Susan Page) Pensiň bellenen wagtdan köpräk gürleýändigini oňa ýygy-ýygydan ýatlatmaly boldy.
Çekişme Tramp administrasiýasynyň pandemiýa beren gaýtawuly baradaky sorag bilen başlady hem-de bu tema ýygy-ýygydan dolanyp gelindi.
Harris administrasiýanyň gaýtawulyna “ýurduň taryhyndaky islendik prezident administrasiýasynyňkydan has uly şowsuzlyk” diýdi.
Pens kesele garşy göreşmekde administrasiýanyň eden tagallalaryny gorap çykyş etdi. Ol Trampyň Hytaýdan syýahaty çäklendirmek boýunça beren irki kararyna salgylandy we “prezident Donald Tramp ilkinji günden başlap, Amerikanyň saglygyny birinji orunda goýdy” diýdi.