123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Türkmenistanda iri şahly mallarynyň haram ölmegi bilen bagly ýagdaý Lebaba ýetdi

0
Türkmenistanda iri şahly mallarynyň haram ölmegi bilen bagly ýagdaý Lebaba ýetdi

Türkmenistanda iri şahly hojalyk mallarynyň näbelli kesele ýolugyp, köpçülikleýin haram ölmegi bilen bagly ýagdaýa Lebap welaýatynda hem duş gelse bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň bu sebitdäki habarçysy habar berýär.

“Iri şahly mallar, şol sanda sygyrlar diňe Maryda däl, eýse Lebapda hem ölýär. Bu mallar näbelli kesele ýoluganda, olaryň içinde gyzgyn emele gelýär. Olaryň burnundan suw akyp, ot iýmegi bes edýärler” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 1-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, mallaryň näbelli kesele ýolukmagy bilen bagly ýagdaýa Lebabyň tas ähli etrabynda, şol sanda Halaçda, Hojambazda, Garabekewülde we Saýatda, şeýle-de Türkmenabat şäheriniň golaýyndaky obalarda duş gelse bolýar.

“Bu ýagdaý iň azyndan birnäçe gün bäri dowam edýär. Bu kesele, esasan dogumly mallaryň arasynda duş gelse bolýar. Şeýle mallar oba ýerlerinde has kän” diýip, habarçy belledi.

Öz hojalygynda mal saklaýan we maldarçylyk bilen meşgullanýan ýaşaýjylaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna göra, ýerli weterinariýa gullugynyň işgärleri keselçilige nämäniň sebäp bolýandygy barada anyk maglumat bermeýärler. Üstesine-de, olar şu günler weterinar lukmanlaryny tapmagyň hem kyndygyny belleýärler.

“Ýerli weterinariýa gulluklaryna ýüzlenenimizde, olar bize birnäçe gün garaşmagy teklip etdiler. Olar özleriniň işiniň köpdügini aýdyp, bizden nobata ýazylmagy hem talap edýärler” diýip, lebaply mal eýeleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň ençemesi şu günler edara-kärhanalaryň käbirinde iri malyň etiniň arzan bahadan satylyp başlanandygyny gürrüň berdi.

“Edara-kärhanalarda käbir işgärler kärdeşlerine iri malyň etini arzan bahadan satýarlar. Bazarda iri malyň eti, ýagny 1 kilogramy 45 manatdan satylýar. Ýöne edara-kärhanalarda 25 manatdan satýarlar. Munuň haram ölýän mallaryň etimi ýa-da arassa malyň etimi – bu näbelli bolmagynda galýar” diýip, habarçymyz lebaply býujet işgärlerine salgylanyp aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Lebap welaýatynyň degişli häkimliklerinden we edaralaryndan, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden maglumat alyp bilmedi.

Belläp geçsek, Lebapda hojalyk mallarynyň köpçülikleýin ölýändigi barada Azatlygyň habarçylary awgust aýynda hem habar beripdiler. Şonda weterinar lukmanlary ölen mallaryň alamatlaryndan ugur alyp, muňa ýokanç bir infeksiýanyň sebäp bolýandygyny çaklapdylar.

Lebapdan gowuşan soňky maglumatlar Mary welaýatynda iri şahly hojalyk mallarynyň köpçülikleýin keselleýändigi we gyrylýandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Bu barada 30-njy sentýabrda habar beren Azatlygyň Marydaky habarçysy welaýatyň tas ähli etrapdyr obalarynda ýüze çykan bu ýagdaýyň iki aý çemesi ozal başlanandygyny, ýöne keselçiligiň geriminiň soňky iki hepdäniň dowamynda has-da güýçlenendigini aýtdy.

Şonda habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjylar özleriniň ýerli resmilerden kömek sorap eden ýüzlenmeleriniň oňaýly netije bermeýändigini, olaryň keselçiligiň sebäplerini anyklamak boýunça-da çäre görmeýändigini aýtdylar.

Ýöne ýerli weterinar işgärleri muňa "türkmen häkimiýetleriniň koronawirus aladalarynyň arasynda howa arkaly geçiren derman sepmek çäresiniň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini" bellediler.

Soňky aýlarda Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary türkmen häkimiýetleriniň koronawirus aladalarynyň arasynda, uçardan zyýansyzlandyryjy serişdelerini sepmeginiň yzýany, käbir haýwanlaryň kesele uçrap ölýändigi barada gürrüň berdiler.

Azatlyk Radiosy Maryda we Lebapda mallaryň köpçülikleýin ölmeginiň türkmen häkimiýetleriniň uçardan zyýansyzlandyryjy serişdeleri sepmegi bilen nähilidir bir arabaglanyşygynyň bardygyny anyklap bilmedi.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: парковка в Москве на майских праздниках будет бесплатной


Спорт в России и мире
Москва

Олимпиада по финансовой грамотности МГУ проходит при поддержке СберСтрахования жизни


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Мария стала соперницей Азаренко на турнире WTA в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Сенсорный сад с экотропами появится в Бутырском районе Москвы





Путин в России и мире
Москва

Киркоров и Пелагея спели для амурчан-бамовцев в Москве


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

В Минске открывается ВНС: что будет




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Во Франции назвали бредом слова Зеленского про угрозу Путина Европе


Навальный в России и мире
Москва

В РПЦ отказались называть причины запрета в служении иерея Сафронова, отпевавшего Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Концерт

Концерт в честь Сергея Рахманинова прошел в Воскресенске



Москва

Ипотека в России: недоступная роскошь

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net