Gazagystanda seýrek duşýan protest çäresi geçirildi
Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda ýüzlerçe hukuk aktiwisti, syýasy reformalary we syýasy sebäplere görä yzarlamalaryň bes edilmegini talap edip, ýöriş geçirdi.
31-nji oktýabrda Almaty şäheriniň Şokan Ualikhanow seýilgähinde häkimiýetler tarapyndan ygtyýar berlen ýygnanyşyga 300 töweregi adam gatnaşdy.
Almaty şäheriniň häkimiýetleri şu aýyň başynda, garaşylmadyk we seýrek bir zat görnüşinde, raýatlaryň demonstrasiýa geçirmeklerine rugsat berdiler.
Meşhur adam hukuklary aktiwistleri Bagtyžan Toreghožina we Ghalym Ageleuow 12-nji oktýabrda, ozal edilen iki synanyşyk şowsuz bolansoň, demonstrasiýa geçirmek üçin rugsat alandyklaryny aýtdylar.
Birden miting geçirmäge rugsat berlip başlanmagyny hiç bir sebäbi aýdylmaýar.
Ageleuow ozal Almaty häkimiýetleriniň ýygnanyşyk geçirmek baradaky öňki iki haýyşyny ret edendigini aýtdy. Häkimiýetler bu gadaganlygyň sebäbini bu çäräniň ýurtda ekstremist diýlip atlandyrylýan iki sany gadagan guramanyň - Gazagystanyň Demokratik Saýlawynyň (DVK) we oňa degişli Köçe partiýasy tarapyndan goldanylmagy bilen düşündiripdirler.
DVK Gazagystanyň hökümetini aç-açan tankytlaýan, Fransiýada ýaşaýan we internet arkaly hökümete garşy rugsat berilmedik ýörişleri yzygiderli gurnaýan gaçgak tüçjar Muhtar Ablýazow tarapyndan döredildi.
Gazagystanyň häkimiýetleriniň hökümetiň syýasatyny sorag astyna alýan demonstrasiýalara ýa-da ýörişlere rugsat bermegi seýrek duşýan waka bolup durýar.