Daglyk-Garabag konfliktini gowşatmak ugrundaky diplomatiki tagallalar güýçlenýär
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo taraplary diplomatiki çözgüdi ilerletmäge çagyrdy.
Bu aralykda, rus prezidenti Wladimir Putin özüniň türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen geçiren söhbetdeşliginde, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri bilen habarlaşandygyny, şeýle-de “krizisi tizden-tiz gowşatmak we ok atyşyklary bes etdirmek ugrunda ädimleriň görülýändigini” aýtdy. Bu barada Kreml maglumat berýär.
Bu 27-nji sentýabrda çaknyşyklar başlanaly bäri, Putin bilen Erdoganyň geçiren ikinji söhbetdeşligi boldy. Günorta Kawkaz sebitinde Azerbaýjanyň ýarany NATO agza Türkiýäniň we Ermenistan bilen harby pakty bolan Russiýanyň goşulmagy netijesinde, konfliktiň has ula ýazmak howatyrlary boýunça aladalar bar.
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu we rus baş diplomaty Sergeý Lawrow hem Daglyk-Garabag meselesini telefon söhbetdeşliginde maslahat etdiler.
