HPG pandemiýanyň dünýä ykdysadyýetine uly zyýan ýetirjegini aýdyp, has köp çäre görmäge çagyrýar
HPG-nyň dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa häzirki krizisiň “beýlekiler ýaly däldigini” aýtdy we dikelişi üpjün etmek üçin "beýlekilerden tapawutly" çäreleri görmäge çagyrdy.
HPG-nyň soňky çap eden ykdysady synynda dünýä ykdysadyýetiniň şu ýyl 4,4 göterim pese gaçjakdygy çaklandy, bu çökgünligiň 1930-njy ýyllaryň Uly depressiýasyndan bäri deňeşdirmesi ýok.
Georgiýewa ýurtlary, COVID-19 sanjymyny hem goşmak bilen, halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.
Halkara pul gaznasynyň 189 döwletden bolan maliýe ministrleri 15-nji oktýabrda bilelikdäki beýannamalaryny çap edip, halkara jemgyýetçiligini krizise garşy ykdysady goldaw bermäge çagyrdy.
"Bu krizis öndürijiligiň peselmegi, karz ýüküniň agralmagy, ýokarlanan maliýe gowuşgynsyzlygy, has çuňlaşan garyplyk we deňsizlik bilen, dünýä ykdysadyýetine uzak wagtlap täsir ýetirmek wehimini salýar" diýip, HPG-nyň topary aýtdy.