Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Býujet işgärlerine aýlyk geçirildi. Bankomatlaryň öňüne müňlerçe adam üýşdi

0

Şu günler ýurt boýunça müňlerçe adam bankomatlaryň öňünde ýygnanýar. Soňky ýyllarda ýarym boş bankomatlaryň öňündäki nobatlar tas kesilmän gelýär, ýöne şu günler Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bankomatlarda nobata durýanlaryň sany ep-esli artypdyr. Döwlet edaralarynyň we kärhanalaryň işgärleri özlerine geçirilen aýlyklaryny nagtlaşdyrmaga synanyşýarlar.

14-nji oktýabrda Lebap welaýatyndaky habarçymyz Türkmenistanyň gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý barada şeýle habar berdi:

- Günüň dowamynda bu nobatlar müň adama, hatda ondanam köp adama ýetýär. Bankomatlara salynýan pul diňe 200-250 adam üçin ýetýär, bu bolsa köne statistika görä 250 müň ilatly şäheri kanagatlandyrmaýar. Her kime pul gerek we her kim mümkin boldugyça gysga wagtda pul almak isleýär, şonuň üçin bankomatyň töweregindäki adamlaryň arasynda köplenç jedeller we nägilelikler döreýär. Käwagt hatda söweşlere-de baryp ýetýär. Şonuň üçin şeýle nobatlaryň gapdalynda polisiýa işgärleri nobata durýarlar we gözegçilik edýärler. Ýöne käwagt ýagdaý şeýle bir dartgynlaşýar welin, adamlar polisiýa-da üns bermeýärler.

Habarçymyz polisiýa işgärleriniň özleriniň hem beýle ýagdaýdan nägiledigini belleýär:

- Olaryň biri maňa her gezek dawa-jenjel bolýandygyny, nobatlar sebäpli adamlaryň biri-birine gygyrýandygyny aýtdy: "Uruşýarlar, hapa sögünýärler, bankomatlaryň töwereginde basa-baslyk döreýär, biz nädip bolsa-da olary köşeşdirmäge synanyşýarys. Emma bu hemişe netije bermeýär, adamlar gaharlanýar."

Habarçymyz bankomatlaryň töweregindäki nobatlaryň şu günler köpelmegini, zähmet hakynyň tölenmegi bilen düşündirildi. Şeýle-de, ol bankomatdan çekip bolýan puluň mukdarynyň çäklendirilmeginiň we bankomatlaryň boş durmagynyň kynçylyk döredýändigini belledi. Bu şertlerde bankomatlaryň öňündäki nobatlarda pul çekmek üçin täze düzgünler döreýär.

- Türkmenabatdaky bankomatlaryň öňünde nobatlara göni baryp durup bolmaýar. Nobata girmek üçin eýýäm agşamdan hasaba durmaly. Mysal üçin, “Gök bazarda” bäş sany bankomat ýerleşýär , bularyň hemmesine pul salynmasa-da, käbiri hatda işlemese-de, olaryň ýanynda nobatlaryň sanawyna gözegçilik edýän adam nobat çekýär. Ol adam nobatyň sanawyna goşmak üçin 1 manat alýar. Umuman aýdanyňda, beýle adam bir gije 200-300 manat gazanýar. Bu täze düzgün beýleki bankomatlaryň öňünde hem bar. Bir tarapdan, beýle adamlara ýüz tutup, nobata durmak bähbitli bolýar, sebäbi adamlar nobatyny ýitirmejekdigini bilýärler, bolmasa pul çekmek üçin nobatyny 10 ýa-da 20 manada satýan adamlara tölemeli bolýarlar.

Habarçy nobatlarda işsizleriň köpdügini, nobata durup, soň ony başgalara satyp, bu ýol bilen gazanç edýänleriň az däldigini belleýär. Türkmenabadyň bankomatlaryndaky uly nobatlar bilen bagly ýagdaýy obalarda ýa-da etrap merkezlerinde bankomatlara puluň asla salynmaýandygy hasam agyrlaşdyrýar. Tutuş Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary nagt pul üçin welaýat merkezi Türkmenabada barmaga mejbur bolýarlar.

- Käwagt olar öz gazançlaryny nagtlaşdyrmak üçin kiçijik çagalary bilen gijelerini garaşyp geçirýärler.

Resmi maglumatlara görä, Lebap welaýatynda jemi 446 bankomat ýerleşýär.

Şu aýda türkmen banklary nobatlary tertipleşdirmek maksatly bankomatlaryň öňündäki nobata durmak üçin talon almak düzgünini girizdiler.

Ýurduň häkimiýetleri bankomatlarda puluň ýetmezçiligi ýaly ykdysady meseleler barada resmi düşündiriş bermeýär.

Oktýabr aýynyň başynda, "Daýhan bankyň" başlygy Yslam Artykow işinden boşadyldy. Iň uly döwlet bankynyň başlygynyň işden aýrylmagynyň maliýe krizisi bilen näderejede baglydygy belli däl. Muňa resmi düşündiriş bolmandy. Ýurtda bar bolan bankomatlaryň ýarysyna golaýy "Daýhan banka" degişli, bankyň çykaran plastik kartlarynyň eýeleriniň sany ýarym million adamdan geçýär.

Merkezi bankyň maglumatyna görä, ýurtda bary-ýogy 2118 bankomat bar, olaryň köpüsi 460 sanysy Aşgabatda ýerleşýär, iň az sanly bankomat Daşoguzda ýerleşýär. Demirgazyk welaýatda diňe 286 bankomat bar. Ýurduň banklary jemi 4 364 083 plastik kartyny çykarypdyr.

Türkmenistanda puly nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar, aýlyklaryň we pensiýalaryň nagt däl usulyna köpçülikleýin geçeninden soň başlandy. Ýurduň häkimiýetleri meseläniň möçberini boýun almagyň ýerine, ilata basyş etmek we bankomatlary ýok etmek ýaly çäreler bilen çemeleşýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: С 29 апреля по 1 мая парковаться на улицах Москвы можно будет бесплатно


Спорт в России и мире
Москва

Депутат Московской областной Думы провела осмотр ФОКа в Волоколамске


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Линетт сыграет против Соболенко во втором круге турнира WTA в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

При каких обстоятельствах может затопить Петербург и Москву? Отвечает гидролог





Путин в России и мире
Москва

Транспортный коридор «Север-Юг» станет катализатором социального и экономического развития стран Евразии и глобального Юга


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко заявил, что не собирается проводить в Белоруссии мобилизацию




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Захарова: встречи по продвижению "формулы Зеленского" дают Киеву чувство вседозволенности


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Алла Пугачёва

Гитарист Пугачевой рассказал о проблемах со здоровьем певицы после Чернобыля



Москва

В Подмосковье на территорию парка выпустили леопарда Леопольда

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net