Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Türkmenistan ilatyna köpçülikleýin waksina sanjymyny edip başlady

0
Türkmenistan ilatyna köpçülikleýin waksina sanjymyny edip başlady

Türkmenistanda ilata köpçülikleýin sanjym edilip başlandy. Azatlygyň Türkmenistandaky birnäçe habarçysy sanjymyň hökmanydygyny, tutuş maşgalalary keselhana çagyryp, sanjym edilýändigini habar berýärler. Ýüz öwürýänlere jenaýat jogapkärçiligine çekilmek barada duýduryş berilýär. Lukmanlar sanjymyň möwsümleýin dümewden edilýändigini aýdýarlar.

"Häzir olar köp töwekgelçilikli faktorly ýaşlara we göwreli aýallara sanjym edýärler. Şol bir wagtyň özünde sanjymyň hökmanydygyny duýdurýarlar. Emma lukmanlar sanjymyň adyny, öndürijisini, ýa-da gutarýan senesiniň mälim etmeýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylaryndan biri 14-nji oktýabrda aýtdy.

Sentýabrda Türkmenistan ýurduň Jenaýat kodeksine üýtgetmeleri girizdi. Jenaýat kodeksiniň WIÇ/SPID-e degişli 119-njy maddasyna girizilen goşmaçalarda howply ýokanç kesel hökmünde ykrar edilen epidemik ýa-da pandemik häsiýetli keseli bejermekden gaçmak, ony bilkastlaýyn ýokaşdyrmak we onuň başga adamlara geçmeginiň howpuny döretmek üçin iki ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy göz öňünde tutulýar.

Düzedişler Türkmenistanyň häkimiýetleriniň resmi taýdan ykrar etmeýän COVID-19 pandemiýasynyň fonunda girizildi.

Azatlygyň başga bir habarçysynyň sözlerine görä, 15-nji oktýabrda paýtagtyň Howdan kiçi etrabynda ilata sanjymlar köpçülikleýin görnüşde geçiriliýär. Sanjymlar üçin tutuş maşgalalar saglyk merkezlerine çagyrylýar.

Habarçy adamlaryň "haýsy derman bilen sanjym edilendigini soramaýan halatlarynyň" hem bolýandygyny belledi.

Habarçylaryň biri paýtagtyň klinikalarynyň birinde sanjym üçin ulanylan dermanyň gabyny almagy başardy. Onda dermanyň möwsümleýin grip keseline garşy 2018-nji ýylda Günorta Koreýada öndürilendigi görkezilýär. Habarçymyz sanjymdan soň käbirleriň gyzgynynyň göterilýändigini we ysgynsyz duýýandygyny belleýär.

 

Bu aralykda paýtagtyň keselhanalarynda pnewmokokk we rotawirus ýokançlyklaryna garşy sanjymlaryň edilýändigi baradaky bildirişler peýda boldy. Şeýle hem COVID-19 bilen baglanyşykly informasiýalar ýerleşdirildi.

Habarçylar mejbury sanjym edilmegine we sanjymdan ýüz öwürendigi üçin raýatlara jenaýat jogapkärçiligi barada duýduryş berilýändigine garamazdan, sanjym üçin dermanlaryň ýeterlik däldigini habar berdiler.

"Gyzykly bir waka boldy. Adamlar keselhana sanjym üçin çagyrylyp barýar. Bir maşgala agzasyna sanjym edilýär, beýlekilere sanjym üçin dermanyň gutarandygyny, indiki gezek çagyrylanda gelmegi soraýarlar. Baranlar içinde ampulalar bar bolan guta görkezýärler. Lukman ministriň çagalarynyň geljegini we dermanlaryň şolar üçindigini aýdýarlar. Sanjyma baran maşgala ýene bir gezek barmazlyk üçin bölüm müdirine 100 manat töleýär we ol öz otagyndan başga bir gutyny getirýär "- diýip, Azatlygyň habarçysy soňky wakalaryň biri barada gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde ýurtda tutaşan pnewmoniýa dowam edýär, şeýle-de dümew ýaýraýar.

“Şu gün gözümiň öňünde üç ýa çaga çagalar hassahanasyna ýerleşdirildi.

Bir aýal çagasynyň üsgürýändigini we gyzdyrýandygyny aýdyp aglady. Çagalar gyssagly kabul edilýär we intensiw terapiýa iberilýär "- diýip, Azatlygyň başga bir habarçysy 15-nji oktýabrda irden habar berdi.

Dem alyş ýollaryna degişli keselçiligiň ýaýramagy Türkmenistanyň welaýatlaryna hem degişli.

Lebap welaýatyndaky habarçymyzyň sözlerine görä, hem okuwçylaryň, hem-de mugallymlaryň kesellemegi zerarly ýerli mekdepler tas boşap galypdyr: "Farapda her kim dümew, ýiti respiratur keselinden ýa-da beýleki dem alyş kesellerinden ejir çekýär. Mekdeplerde okuwçylaryň we mugallymlaryň takmynan 70% ýok. Esasan hemmelerde bokardaky agyry, dümew, kelle agyry, üsgülewük ýaly alamatlar bar" diýip habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Lebabyň dermanhanalarynda uzyn nobatlar ýüze emele gelipdir: "Indi hususy dermanhanalarda hem döwlet dükanlaryndaky çörek we bankomatlardaky pul nobatlary ýaly üýşmeleňleri görüp bolýar.

Welaýatda wirusa garşy dermanlaryň bahasy hem ýokarlanypdyr. Ýerli lukman köp dermanlaryň garaşylýan netijäni bermeýänigini belleýärler. Mundan başga-da, bu şertlerde ilatyň arasynda howsala barha artýar, köpler lukmanlaryň ýanyna gitmekden gorkýarlar.

Azatlyk Radiosy ýurtdaky keselçilik ýagdaýy we paýtagtda sanjymlaryň hňkman edilmegi barada saglygy saklaýyş edaralaryndan we Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden resmi taýdan düşündiriş alyp bilmedi.

Koronawirusyň bardygyny, şeýle hem ýazdan bäri dowam edýän ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagyny resmi taýdan ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri ýene-de hususy kärhanalarynyň işine çäklendirmeleri giňeltdiler we hyzmat kärhanalaryny ýapylýar. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, häkimiýetler girizilýän çäklendirmeleri ýurda ýiti pnewmoniýa patogenleriniň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen düşündirýärler. 

Türkmenistan mundan öňem epidemiýalaryň bardygyny we ýokanç keselleriň ýaýramagyny aç-açan ykrar etmän gelýär. Ýurtda umumy kesel statistikasy hem çap edilmeýär. Sagdyn durmuş stilini döwlet derejesinde wagyz edýän ýurduň habar beriş serişdeleri maglumatlaryň ýetmezçiliginde saglygy saklaýyş pudagynyň üstünliklidigini habar berýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistan koronawirus keseliniň ýokdugyny öňe sürýän sanlyja ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Bu döwürde goňşy Özbegistan Hytaýda ýa-da Orsýetde öndürlen koronawirusa garşy sanjymlary satyn almak mümkinçiligini öwrendi we koronawirusa garşy sanjymlaryň soňky tapgyr synaglaryny geçirmek üçin Hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşdy. Sentýabr aýynda Innowasiýa ösüş ministrligi Hytaýyň Sinopharm we Zhifei Longcom kompaniýalary bilen bu barada şertnama baglaşdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 14-nji oktýabrda Orsýetiň koronawirusa garşy ikinji sanjymyny resmi hasaba alandygyny yglan etdi. 

Sentýabryň ahyrynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump ABŞ-da ilatyň koronawirusa garşy sanjymlarynyň oktýabr aýynda başlajakdygyny we 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 100 million dozada sanjymyň taýýar boljakdygyny habar berdi.

Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Мэр рассказал о ходе благоустройства на западе города


Спорт в России и мире
Москва

«Спартак» лидирует по очкам с командами из первой половины РПЛ


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Новак Джокович

Легенда тенниса рассказал, готов ли он опять стать тренером Джоковича


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

При каких обстоятельствах может затопить Петербург и Москву? Отвечает гидролог





Путин в России и мире
Москва

Строители мостов и дорог удостоены государственных наград


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко пообещал потенциальным агрессорам ответ всеми видами оружия




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Захарова: встречи по продвижению "формулы Зеленского" дают Киеву чувство вседозволенности


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Алла Пугачёва

Гитарист Пугачевой Левшин рассказал о проблемах со здоровьем у певицы



Москва

Эксперт Клапанюк: во II квартале спрос на новостройки в Москве начнет расти

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net