Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Täjigistanly migrantlar çäresiz ýagdaýda Russiýa gidýärler, sebäbi öz ýurtlarynda iş ýok

0
 


Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň (IOM) geçiren sorag-jogap barlaglaryna görä, Täjigistanyň graždanlary Orsýete çäresiz bolup gidýärler. Sebäbi öz ýurdunda gazanç edýär ýaly, hatda az aýlyga-da iş tapylmaýandygyny aýdýarlar.


Iş buýrujylar hem milleti iş bilen üpjün etmek gullugynyň bilermenleri bolsa iş orunlarynyň bardygyny, ýöne işe kabul ediljekleriň hünär tejribesiniň pesdigini, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýändigini aýdýarlar.


Iş gözleýän adamlaryň, şol sanda aýallaryň hem-de milleti iş bilen üpjün etmeli agentleriň arasynda geçirilen ol sorag-jogap şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda amala aşyryldy. Ol işiň ýardamçysy Ýaponiýa hökümeti boldy. Barlag işlerini geçirenleriň aýtmagyna görä, sorag-jogap alyşmak pandemiýa wagtynda geçensoň, bu işe has köpräk respondentleri çekmek mümkin bolmandyr.


Barlag işine gatnaşyjylardan biri Malika Ýorboboýewa golaýda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş boldy. Onuň aýtmagyna görä, sorag-jogap işleri koronawirus wagtynda Duşenbe şäherinde, respublikan tabynlygyndaky raýonlarda hem-de Hatlon welaýatynda geçirilipdir. Sorag-jogap ýaşaýjylar bilen ýüzbe-ýüz duşuşyklarda we telefon gepleşiklerinde amala aşyrylypdyr.


«Sorag geçirilen respondentleriň ýarysyndan gowragy az aýlykly bolsa-da, öz ýurdunda işlemäge taýýardygyny aýtdylar. Sebäbi Orsýetde zähmet migrantlary öz hukuklarynyň kemsidilmegine duçar bolýarlar. Mundan daşary-da, olar pandemiýa şertlerinde Russiýada iş tapmagyň kyn bolandygyny belleýärler» diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.


Orsýet täjik zähmet migrantlaryny kabul edýän esasy ýurt bolup durýar. Resmi maglumata görä, Russiýa Federasiýasynda bir milliondan gowrak täjigistanly işleýär hem ýaşaýar.


Koronawirus pandemiýasy wagtynda Russiýada müňlerçe täjik migranty iş orunlaryny ýitirdiler, olardan köprägi ýurduna dolanmaga mejbur boldy, sebäbi patent hem kireýine ýaşaýan jaýyna pul töläp bilmediler. Migrantlaryň beýleki bir bölegi bolsa, yzyna dolanmaga garaşýarlar. Koronawirus pandemiýasy sebäpli indi ýarym ýyldan gowrak wagt bäri Täjigistan hem Russiýa aralygyndaky mydamalyk reýsler ýatyryldy. Indi iki ýurt arasynda diňe çarter reýsleri amala aşyrylýar, onuň bilet bahasy bolsa üç esse gymmat.


Golaýda Russiýadan Täjigistana dolanyp gelen Hurşit atly migrant iki ýurduň arasynda kadaly reýsler ýola goýlan ýagdaýynda-da, iş üçin ol ýurda gitmejekdigini aýdýar. «Häzir Orsýetde iş tapmak gaty agyr. Pandemiýa şertlerinde rus hökümeti tarapyndan geçirilýän barlaglar aşa köpeldi» diýip, Hurşit belleýär.


Beýleki biri bolsa tersine, keseki ýurtda iş tapmak näçe kyn hem bolsa, howa gatnawlarynyň ýola goýulmagyna hem ýollaryň açylmagyna garaşýandygyny aýdýar. Ol Orsýete gidip, öz durmuşy üçin gazanç etmekçi.


Sentýabr aýynda täjik studentlerini Minsk şäherinden ýurda getirmek barada ýörite reýsleriň gurnalandygy aýdylanda, birnäçe täjigistanly graždan Belarusyň üstünden, Russiýa gitmek isledi.


Malika Ýorboboýewanyň sözüne görä, sogar geçililen ýaşlaryň aglaba köplügi pandemiýa şertlerinde çykgynsyz ýagdaý sebäpli işlemäge gitmeli bolandygyny aýdypdyrlar. «Olar öz ýerinde iş tapyp bilmeseler, Orsýete gitmegi ýüregine düwýärler» diýip, Malika Ýorboboýewa aýdýar.


Russiýadan dolanyp gelen müňlerçe täjigistanly migrant Täjigistanyň öz içinden iş tapmaga isleg bildirýänleriň sanyny birdenkä artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde-de, olaryň maşgala şertindäki maliýe ýagdaýy ýaramazlaşdy.


Pandemiýa wagtynda Täjigistanda hususan iş orunlarynyň tapdyrmaýandygy baradaky arza-şikaýatlar artdy. Şol wagtyň özünde Malika Ýorboboýewanyň aýtmagyna görä, geçirilen barlaglarda iş berijiler hem milleti iş bilen üpjün etjek bilermenler işe alar ýaly adamlaryň hünär kämilliginiň pesliginden, olaryň edilýän talaba hötde gelip bilmeýändiginden zeýrenýärler.


Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, iş orunlaryny tapyp berijiler örän az aýlykly iş ýerlerini teklip edýärler, iş şertleri bolsa olaryň garaşýanyndan örän pesde.


Bilermenleriň käbiriniň aýtmagyna görä, pandemiýa wagtynda işsizleriň sanynyň artmagy ýene bir gezek Täjigistanyň ykdysadyýetiniň daşardaky zähmet migrantlaryna baglydygyny görkezýär. Olaryň pikirine görä, bu meseläni çözmegiň şertlerinden biri täze önümçilik kärhanalaryny açmak hem täze iş orunlaryny döretmek bolup durýar. Munuň özi hökümetiň ýyllar boýy aýdyp gelýäni, olar bu meseläni çözmek üçin iş alyp barýandyklaryny gaýtalaýarlar. Oppozisiýa bolsa bu meseläni çözüp bilmeýändigi üçin, hökümeti mydama tankytlap gelýär.


Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net