Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Gyrgyz oppozisiýasy parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy köçelere çykdy (WIDEO)

0
Gyrgyz oppozisiýasy parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy köçelere çykdy (WIDEO)

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişekekda birnäçe syýasy partiýa geçen hepde soňy geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleriniň ýatyrylmagyny talap edip, protest geçirýärler. Şol saýlawlarda, Russiýa tarapdar prezident Sooronbaý Jeenbekowa golaý partiýalar ýeňiş gazanypdy.

5-nji oktýabrda bäş partiýanyň - "Sosial Demokratlar", "Çon Kazat" ("Uly Ýöriş"), "Meken Yntymagy" ("Ata-Watan Jebisligi"), "Bir Bol" we "Reforma" partiýalarynyň 1,000-e golaý aktiwisti we goldawçysy Bişkegiň Ala-Tu meýdançasynda ýygnandylar. Olar mundan bir gün öň geçirilen saýlawlarda köp sanly bidüzgünçilikleriň bolandygyny, sesleriň satyn alnandygyny we beýleki kanunbozmalaryň bolandygyny bellediler.

Esasy iki uly "Ata-Meken" ("Ata-Watan") we "Respbulika" partiýalary hem günüň dowamynda uly protest çärelerini geçirmegi göz öňünde tutýarlar.

 

Deslapky netijeleriň tas ählisiniň 5-nji oktýabrdaky jemlerine görä, dört partiýa 120 agzalyk Jogorku Keneşe, ýagny Ýokary Geňeşe girip bilmek üçin zerur bolan 7% çägi geçmegi başarypdyr.

Täze esaslandyrylan hökümetçi “Birimdik” (“Jebislik”) partiýasy sesleriň 24,5%-ni, “Mekenim Kyrgyzstan” (“Mekanym Gyrgyzystan”) partiýasy 23,88%-ni, şeýle-de “Gyrgyzystan” partiýasy 8,76%-ni eýelemegi başarypdyrlar.

Ýokarky üç partiýanyň hökümete ýakyndygy ýa-da häzirki bolan düzgüniň saklanyp galmagynyň tarapynda çykyş edýändigi aýdylýar. “Birimdik” we “Mekenim Kyrgyzstan” partiýalarynyň ikisi-de Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady Bileleşik bilen has çuňňur integrasiýanyň bolmagynyň, şeýle-de Russiýa bilen has ýakyn howpsuzlyk baglarynyň esaslandyrylmagynyň tarapynda çykyş edýär.

“Butun” (“Jebislik”) partiýasy sesleriň 7,13% alyp, oppozisiýanyň hataryndan zerur bolan çägi geçmegi başaran ýeke-täk partiýa boldy. Saýlawlarda bäsleşen beýleki 12 partiýa gerekli sesleri alyp bilmedi.

Saýlawlara gatnaşyk 56,5% boldy.

Kiçi partiýalar prezident Jeenbekowa ygrarlydygy aýdylýan “Birimdik” partiýasyny öz dalaşgärlerini ilerlemek üçin, administratiw serişdelerden peýdalanmakda aýypladylar. “Birimdik” bulary ret etdi.

Bu partiýanyň dalaşgärleriniň arasynda prezidentiň dogany Asylbek Jeenbekow we häzirki parlamentiň ýokary derejeli birnäçe wekili hem bardy.

“Mekenim Kyrgyzstan” tütjar we täsirli Matraýimowlaryň maşgalasy bilen baglanyşdyrylýar.

Geçen ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda bu maşgalanyň esasy agzalarynyň biri, ozalky baş gümrük resmisi Raýymbek Matraýimowyň korrupsiýa ilteşikli bolmakdaky we uly mukdardaky pullaryň ýurduň daşyna çykarylmagy bilen baglylykdaky aýyplamalaryň derňelmegine çagyryş edilip, giň gerimli protestler geçirilipdi.

4-nji oktýabrda saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagynyň yzy bilen, oppozisiýa partiýalary ses berişlikleriň dowamynda köp sanly bidüzgünçilikleriň bolandygyny aýdyp, saýlaw netijelerini ykrar etmejekdiklerini aýtdylar we paýtagt Bişkekda protest geçirdiler. Protestler soňy bilen dargady, emma oppozisiýa liderleri 5-nji oktýabrda ýene ýörişleriň geçiriljekdigini aýtdylar.

Oppozisiýadaky “Ata-Meken” (“Ata-Watan”) partiýasy ses berişligi ýurduň taryhyndaky iň “hapa saýlaw” diýip atlandyrdy. Partiýanyň wekilleri ýurduň dürli künjeklerindäki ähli saýlaw uçastoklarynda köpçülikleýin bidüzgünçilikleri hasaba alandyklaryny aýtdylar.

Oppozisiýanyň gözegçileri kiçi awtobuslaryň şol bir adamlaryň toparyny dürli saýlaw uçastoklarynda ses bermek üçin gatnandygyny bellediler. Käbir ýerlerde anyk kime ses berilmelidigi barada öňünden sanawlaryň hem taýýarlanandygy aýdylýar.

“Reforma” partiýasynyň lideri Klara Sooronkulowa Oş şäherindäki saýlaw uçastogynda näbelli bir kişiniň oňa garşy hüjüm edendigini aýtdy.

“Bu ýerlerde ne hökümet, ne döwlet, ne-de polisiýa bardy” diýip, Sooronkulowa aýtdy. Ol Oşdaky ähli saýlaw uçastoklaryna “jenaýat toparlarynyň agzalarynyň” gözegçilik edendigini hem sözüne goşdy.

Merkezi Saýlaw Komissiýasyna adamlaryň awtobuslarda saýlaw uçastoklaryna gatnadylandygy, adamlaryň saýlawçylaryň ýany bilen ýörändigi, hat-da olaryň kime ses berýändigine gözegçilik edendigi barada hem maglumatlar gowuşdy.

“Jenaýatçylar biziň raýatlarymyza basyş edýärler; döwlet adamlaryň raýat hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol bermez. Bu arz-şikaýatlar derňelýär” diýip, saýlaw komissiýasynyň resmisi Tynçtykbek Şaýnazarow metbugat ýygnagynda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 4-nji oktýabrda käbir sebitlerdäki saýlaw uçastoklarynyň daşynda kime ses bermelidigi baradaky görkezmelere çalym edýän sanawly adamlaryň durandygyny we olaryň ses berijilere konwertleri gowşurandygy barada maglumat berdiler.

Azatlyk Radiosynyň Talas şäherindäki habarçysy ses berijileriň nobatyndaky bir aýalyň onuň kamerasyny urup, wideo düşürmegi bes etmegini talap edendigini aýtdy.

Kloop.kg garaşsyz habar neşiriniň maglumatyna görä, Oş şäherinde adamlar olaryň iki žurnalistine hüjüm edipdirler, kameraçyny urupdyrlar we olaryň telefonlaryny alypdyrlar. Şeýle-de, polisiýa işgärleri goşulmak barada göni çagyryş edilmeýänçä, waka hiç hili täsir etjek bolmandyrlar.

1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri Gyrgyzystan Merkezi Aziýa sebitindäki “demokratiýanyň adasy” hökmünde häsiýetlendirilýärdi.

Saýlaw kampaniýasy döwri, şeýle-de hökümet we oppozisiýa wekilleriniň gatnaşmagyndaky geçirilen tele-çekişmelerde Jeenbokowa we gyrgyz hökümetine garşy tankydy pikirler ýygy-ýygydan dile getirildi.

Galyberse-de, ýurduň ähli syýasy kampaniýalarynda bolşy ýaly, bu gezek hem käbir jedelli ýagdaýlar ýüze çykdy.

Mundan başga-da, Oş welaýatynda “Mekenim Kyrgyzstan” we “Birimdik” partiýasynyň goldawçylarynyň arasynda ýüze çykan ýakalaşygyň netijesinde azyndan 12 adam keselhana ýerleşdirildi, şeýle-de ençeme ulag oda berildi.

1-nji oktýabrda “Respublika” partiýasy 30-njy sentýabrda günortadaky Uzgen etrabynda öz aktiwistleriniň biriniň aýdyňlaşdyrylmadyk garşydaş bir partiýanyň tarapdary tarapyndan pyçaklanyp öldürilendigini aýtdy.

Bu saýlawlar gyrgyz resmileriniň COVID-19 bilen baglylykdaky duýduryşlarynyň, şeýle-de ýurduň käbir sebitlerinde girizilen hereket çäklendirmeleriniň arasyna gabat geldi.

Syýasy partiýalar aglaba ýagdaýlarda saglyk wekilleriniň duýduryşlaryny ret edip, öz tarapdarlary bilen uly üýşmeleňleri geçirdiler.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Искусственный интеллект станет базовой медицинской технологией в Москве


Спорт в России и мире
Москва

Росгвардия обеспечила правопорядок во время футбольного матча «ЦСКА» - «Спартак» в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

При каких обстоятельствах может затопить Петербург и Москву? Отвечает гидролог





Путин в России и мире
Москва

Эксперт: корректировка порогов крупного и особо крупного ущерба по экономическим статьям оправдана и своевременна


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко пообещал потенциальным агрессорам ответ всеми видами оружия




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Захарова: встречи по продвижению "формулы Зеленского" дают Киеву чувство вседозволенности


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Александр Розенбаум

«Это не бомжовые заведения»: 72-летний Александр Розенбаум зарабатывает миллионы на пивном бизнесе



Москва

В Московской области сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже дорогостоящего электрооборудования

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net