Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Türkmenistan ýurda gelýän we üstünden geçýän ulaglaryň töleglerini 'seljerýär'

0
Türkmenistan ýurda gelýän we üstaşyr geçýän awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberleriň seljerýär.


Türkmen hökümetiniň 2-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde, “Lapis-Lazuli” we Aşgabat Ylalaşyklaryna laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän hem-de onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberlerini kesgitlemek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň edildi.


Türkmenistana gelýän we üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara topar döredildi diýip, wise-premýer Ç.Gylyjowyň hasabatyna aýdylýar.


TDH-nyň ýazmagyna görä, Pudagara toparyň ikinji mejlisinde ýurda gelýän awtoulag serişdeleri üçin “ýeke-täk nyrhy girizmek hem-de awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriň eýelerinden alynýan ýygymlaryň möçberine seljerme işlerini geçirmek teklip edildi”.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady, Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalga bolan Modal ýoluny döretmegiň, Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi diýip, habarda aýdylýar.


Emma TDH tölegleriň möçberiniň üýtgäp-üýtgemejegini anyklaşdyrmaýar.


Türkmenistan resmi taýdan ulag-üstaşyr ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek babatda geçirilýän işleriň möhümdigini nygtap, ýükleriň we ýolagçylaryň üstaşyr-ulag geçirilişiniň möçberini has-da artdyrmak islegini bildirýär, ikinji tarapdan käbir ýurtlaryň ýük ulaglarynyň aýlap serhetden geçirilmegine päsgel berip, wiza düzgünlerini çylşyrymlaşdyrmak bilen, hatda daşary ýurtlardaky etniki türkmenleriň hem taryhy watanlaryna syýahat etmeklerini kynlaşdyrýar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net