123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

'Mazarlar tekiz bolmaly'. Ölüm köpelen wagtynda Türkmenistanda jaýlamak boýunça täze talap girizilýär

0
'Mazarlar tekiz bolmaly'. Ölüm köpelen wagtynda Türkmenistanda jaýlamak boýunça täze talap girizilýär

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ölenleri jaýlanmak boýunça täze talaplary öňe sürýärler. COVID-19 alamatly keselden ölýänleriň birden köpelen wagtynda ilatdan merhumlary mazarlary göze ilmez ýaly jaýlanmagy talap edýärler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ilatyna öýde galmak maslahat berilýär. COVID-19 hassalary üçin niýetlenen karantin zolaklary näsaglardan doly, dermanlar, öýkeni emeli işletmek üçin enjamlar ýetmezçilik edýär. Häkimiýetler bolsa ýurtda koronawirusyň henizem ýokdugyny resmi taýdan aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynda ýerli häkimiýetler ilata ýas ýerlerine barmagy gadagan edýärler we merhumlaryň ýakynlaryndan mazarlaryň görünmez ýaly, tekiz we belliksiz bolmagyny talap edýärler.

"Gonamçylyklardaky mazarlaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15 esse köp. Indi adamlardan ölenleriň mazarlarynyň tekiz bolmagyny, emeli hemralardan görünmez ýaly jaýlanmagyny talap edýärler. Mazar daşlaryny ýa-da beýleki bellikleri mazara goýmak gadagan edilýär. Jynazalara we ýasa barmak bolmaýar" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 29-njy iýulda aýtdy.

Türkmenistanda merhumlary jaýlamak boýunça täze talap, ýurtda koronawirus simptomly keselden ölýänleriň köpelen wagtyna gabat geldi. Şeýle-de, munuň öňüsyrasynda ACCA neşiri, Türkmenistandaky çeşmelerine salgylanyp, diňe bir Balkan welaýatynda 1300-den gowrak adamyň ölendigini 24-nji iýulda habar berdi. Neşir Google kartasyny ulanyp, geçiren barlaglaryna salgylanýar.

Bu aralykda Aşgabatdaky çeşmelerimiz we habarçylarymyz paýtagtyň merkezindäki ofis binasynda ýerleşýän COVID-19 şübheli hassalar üçin iň uly karantin zolagynda, näsaglaryň we işgärleriň agyr şertlerde galýandygyny, bu ýerde dermanlaryň we öýkeni emeli işletmek üçin gurallaryň ýetmezçilik edýändigini habar berýärler.

 

"Polimeksiň öňki binasynda ýüzlerçe näsag üçin öýkeni emeli işletmek boýunça gurallaryň diňe dört sanysy bar. Muny diňe tanyşlygy bar adamlara berýärler. Tanyşlaryndan kimdir biri ýokardan jaň edeninde näsaga enjam birikdirilýär. BSG-niň Aşgabatda bolan günlerinde bu gurallaryň sany has köpdi, indi nirededigini hiç kim bilenok. Galanlary ýitirim boldy "- diýip, ýagdaýdan ygtybarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Turkmen.news garaşsyz neşri, öýkeni emeli işlemek üçin enjamlaryň Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasyndaky hassalaryň köpüsine-de elýeterli däldigini, bu ýerde koronawirus sebäpli öýkeninde kemçilik dörän hassalaryň garyndaşlaryndan gural ulanmak üçin günde 1400 manat talap edilýändigini habar berdi.

"Pul bolmasa, agyr hassalar heläk bolar, sebäbi hemmeler üçin kislorod ýeterlik däl" - diýip neşir ýazýar.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, bir wagtlar “Polimeks” türk kompaniýasyna degişli bolan binada ýerleşýän karantin zolagyna şu günler COVID-19 keseli test esasynda tassyklanan hassalar iberilýär. Karantin çak bilen 1000 adama niýetlenýär, emma bu ýerde zerur şertler ýok.

"Ol ýerde müňe golaý ýer bar. Işçiler şol ýerde nähili ýagdaýda işlän bolsalar, şol şertler saklanyp galypdyr. Hiç zat ýörite enjamlaşdyrylmady. Kondisioner bar. Dermanlary garyndaşlary getirmeli. Derman getirýän garyndaşlar ýok bolsa, hassany bejerip bilmeýärler. Yzyndan iýmit getirjek adam bulmasa hassany şol ýerde iýmitlendirýärler. Emma gap-gaçlar bilen baglanyşykly kynçylyklar bar. Iýmit üçin hassanyň özi gitmeli, iýmit ýatýan ýerlere eltilmeýär. Aslynda bu bejergi däl-de, izolýasiýa "- diýip, habarçymyz şol ýerdäki hassalara salgylanyp, habar berdi.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, diňe bir hassalar däl, eýsem karantinde işleýän işgärler hem agyr şertlere duçar bolýarlar.

“Lukmanlar keseliň ýokaşmagyndan gorkup, bu karantindäki näsaglaryň ýanyna köp barmaýarlar. Düşnükli, sebäbi lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň köpüsi kesel bolup ölýär. Hiç kim kömek etmeýär we syrkaw lukmanlar soň hiç kime gerek bolmaýar. Lukmanlar käwagt gelip, hassanyň diridigini barlap gidýärler. Näsaglar garyndaşlaryna jaň edýärler we alyp gitmegini haýyş edýärler, sebäbi her gün onlarça adam olaryň gözleriniň öňünde ölýär" diýip, habarçymyz 29-njy iýulda Aşgabatdan habar berdi.

 

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.

Habarçylarymyz mundan ozal Aşgabadyň saglyk edaralarynyň işgärleriniň Polimeksdäki karantin zonasyna işlemäge iberilendigini, olaryň iki hepdeläp şol ýerde gije-gündiziň dowamynda galmaly bolýandygyny habar berdiler. Şeýle hem döwlet işgärleriniň arasynda bu karantinde işlemek üçin işgärleriň alynýandygy mälim bolupdy.

Soňky hepdelerde ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri ilat arasynda fiziki aralygy saklamak çärelerini durmuşa geçirmegi dowam etdirýärler.

"Bazarlarda pollara bellikler çekildi, zerurlyk barada duýduryş berildi, ähli girelgelerde adamlaryň gyzgyny ölçelýär, satyjylaryň hemmesi maska we ellik geýýärler, girelgesinde uly sintetiki halyjyklar bar, hemişe üstüne suwuklyk sepilýär, bazaryň içine girmek üçin şolaryň üstünden basyp geçmeli "- diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 29-njy iýulda aýtdy.

Ilata öz-özüni izolirlemek baradaky çagyryşlar SMS arkaly hem iberilýär. 28-nji iýulda ýerli mobil operatoryň abonentleri üçin ýüzlenmede maska dakynmakdan we iki metr aralygy saklamakdan başga-da, Gurban baýramynda üýşmeleňleri çäklendirmek we baýramçylygy öýde maşgala arasynda bellemek maslahat berildi.

 

Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary koronawirus alamatly keseliň köpelmegi sebäpli, welaýatlarda täze okuw ýylynyň başynda mekdeplerde sapak geçirilmejegini habar berýärler. 

"Bu ýyl mekdepler okuwçylar üçin sapak geçirmez. Bu barada mekdep müdirlerine Farap bilim bölümi habar berdi. Mekdepler onlaýn sapaklara taýýarlyk görüp başladylar. Emma tupandan soň Farapda internet doly dikeldilmedi we okuwçylaryň köpüsinde noutbuk hem smartfon ýok" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýar. 

Üç hepde bäri Türkmenistanyň häkimiýetleri dünýäde COVID-19 ýaýramagyna garşy ulanylýan çäreleri durmuşa geçirýärler. 15-nji iýulda Bütindünýä saglyk guramasynyň Türkmenistana baryp gaýdan wekilleri, bu kesel bilen bagly ýekeje ýagdaýy hasaba almandygyny aýdýan ýurduň wirus öz çäginde eýýäm bar ýaly hereket etmelidigini aýdypdy.

Mundan başga-da, BSG ýurduň hökümetine gözegçilik we synag ulgamlaryny güýçlendirmegi we geçirilen testleriň nusgalaryny BSG barlaghanalaryna ibermegi maslahat beripdi. Türkmenistanyň bu maslahaty näderejede ýerine ýetirýändigi belli bolmady.

28-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak boýunça edarasynyň (OCHA) maglumat portaly BSG-niň Türkmenistany COVID-19 keseliniň möwç almagyna taýýarlyk görmek üçin möhüm çäreleri görmäge çagyrýandygyny habar berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: На майских праздниках парковка в Москве будет бесплатной


Спорт в России и мире
Москва

Олимпиада по финансовой грамотности МГУ проходит при поддержке СберСтрахования жизни


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Елена Рыбакина стала чемпионкой турнира WTA-500 в Штутгарте


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Московскую компанию заподозрили в хищении 103 млн рублей при реализации нацпроекта в Орле





Путин в России и мире
Москва

Киркоров и Пелагея спели для амурчан-бамовцев в Москве


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

В Минске открывается ВНС: что будет




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Во Франции назвали бредом слова Зеленского про угрозу Путина Европе


Навальный в России и мире
Москва

Проводивший панихиду по Навальному* священник запрещен в служении



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Фёдор Шаляпин

В театре имени Шаляпина в Петербурге восстановят исторические лестницы



Москва

Смольный выдал градплан для жилого комплекса Верховного Суда 

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net