123ru.net
World News in Turkmen
Добавить новость

Новости за 01.07.2020

ABŞ-nyň senatorlary Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentlerine hat iberip, adalatsyz tussag edilen bendileri boşatmaga çagyrdy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň senatorlarynyň iki partiýaly topary Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentlerine ýörite hat iberip, COVID-19 keseliniň ýokary töwekgelçilikli döwründe adalatsyz tussag edilen bendileri boşatmaga çagyryş etdi. Birleşen Ştatlaryň Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň websaýtynda 30-njy iýunda çap edilen habarda hatlaryň 29-njy iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, Gazagystanyň prezidenti Kassym-Jomart Tokaýewe, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmona... Читать дальше...




Nyýazow adyndaky hassahanada ýokanç keseller bölümi döredildi, Daşoguz keselhanalary hassalardan boşadylýar

Azathabar.com 

COVID-19 keseli bilen kesellänleriň hasaba alynmandygyny resmi taýdan aýdýan Türkmenistanda koronawirusyň simptomlary bilen keselhana düşýän adamlar köpelýär. Bu ýagdaýda Aşgabadyň hassahanalarynda ýokanç keseller bölümleri giňeldilýär, Daşoguzda hassahanalar hassalardan boşadylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 1-nji iýulda beren habaryna görä, Aşgabatdaky Saparmyrat Nyýazow adyndaky keselhanada ýokanç keseller bilen kesellänler üçin blok açylypdyr. Häzirki wagtda ýurtda ýiti pnewmoniýanyň... Читать дальше...

Türkmenistanyň hassahanalarynda COVID-19 simptomly näsaglar köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ýokanç keseller hassahanalarynda COVID-19 alamatlary bolan adamlar barha köpelýär, käbirleriniň ýagdaýy agyr. Häkimiýetler ýurtda koronawirusyň ýoklugyny öňe sürýärkä, Azatlyk Radiosynyň habarçylary COVID-19 keseline mahsus alamatly keseliň gitdigiçe ýaýraýandygy we anyk wakalar barada habar berýärler.





Türkmenistan bugdaý planyny dolandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugat 30-njy iýunda ýurduň bugdaý planyny doldurandygyny habar berip, ýurduň gündogar sebitlerinde gopan weýrançylykly apy-tupanyň ekine uly zyýan ýetirendigi aýdylan ýylda oba hojalygyndaky täze özgertmeleriň gowy netije berendigini öňe sürdi. TDH-nyň maglumatyna görä, ýurtda bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý öndürildi. Emma ýerli hünärmenler galla, pagta planlaryny dolmakda "sowet ýyllarynda adat bolan artdyryp ýazmalaryň şindi hem uly rol oýnaýandygyny... Читать дальше...

Hong Kongyň milli howpsuzlygy baradaky kanuny güýje girdi

Azathabar.com 

Hong Kongda bölünişik, agdarylyşyk we terrorçylyk boýunça aýyplanýanlara ömürlik türme tussaglyk temmisini hem göz öňünde tutýan milli howpsuzlyk kanuny 1-nji iýulda güýje girdi. Birleşen Ştatlar muny Hytaýdaky erkinlik üçin “gamgyn bir gün” boldy diýip häsiýetlendirdi. Täze kanunyň güýje girmeginden soň, Hong Kongda polisiýa garaşsyzlygy goldap baýdagy göterip duran bir adamy tussag etdi. Mundan başga-da, resmiler 1997-nji ýylyň 1-nji iýulynda Britaniýanyň Hong Kongy Hytaýa geçirmegi mynasybetli... Читать дальше...

Russiýada konstitusiýa goşmaçalary girizmek boýunça ses berişlik geçýär

Azathabar.com 

Russiýada adamlar konstitusiýa goşmaçalary girizmek boýunça geçirilýän milli plebisitde ses berýärler. Bu goşmaçalar prezident Wladimir Putine ýene iki gezek prezidentlige dalaş etmäge we 2036-njy ýyla çenli häkimiýetde galmaga mümkinçilik berer. 1-nji iýulda ses berişligiň iň soňky günüdir. Saýlaw uçastoklary 25-nji iýundan açyldy. Ses berişlik koronawirus pandemiýasy döwri adamlaryň uly toplanşyklaryny çäklendirmek maksady bilen beýle uzaga çekildi. Kreml goşmaçalaryň ýurduň durnuklylygyny... Читать дальше...

COVID-19: Özbek resmileri ozal gowşadylan çäklendirmeleri täzeden girizdiler

Azathabar.com 

ABŞ koronawirus pandemiýasynyň ýaýramak gerimini kontrol astyna alyp bilmedi diýip, Birleşen Ştatlaryň ýokanç keseller boýunça ýokary derejeli bilermeni doktor Antony Fauçi duýdurdy. Bu aralykda, 30-njy iýunda ABŞ-da COVID-19 bilen bagly onlarça müň täze ýagdaý ýüze çykaryldy. Doktor Antony Fauçi ABŞ-nyň Senatynyň komitetiniň öňünde eden çykyşynda “ýagdaýlaryň has hem ýaramazlaşyp biljekdiginden aladalanýandygyny” aýtdy. Fauçi ABŞ-da her gün koronawirus bilen kesellänleriň täze 100 müň ýagdaýy ýüze çykarylyp başlansa... Читать дальше...

SSSR-iň durmuşy ukrain inženeriniň fotosuratlarynda

Azathabar.com 

Waleriý Reşetnýak Sowet Soýuzy döwründe resmi ýagdaýda Kiýewde inžener bolup işleýän eken, boş wagtlarynda bolsa sada hem ýönekeý adamlary surata düşüripdir. «Meniň bile işleşýän ýoldaşlarymdan hiç biri işden soň näme bilen meşgullanýanymy bilmeýärdi. Bu bir özboluşly dissidentlikdi» diýip,Reşetnýak gürrüň berýär. Ol sowet düzgüni öz güýjünde wagtynda, alýan suratlarynyň metbugatda çykmajakdygyny ýa sergide goýulmajagyny bilýärdi. «Haçandyr bir wagt adamlar meniň suratlarym arkaly öz geçen durmuşy barada oýlanyp... Читать дальше...

Aşgabatda ençeme kärhana ýapyldy ýa-da birikdirildi, onlarça adam işsiz galdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda barha ýitileşýän maliýe kynçylyklarynyň, işsizligiň we azyk gytçylygynyň fonunda, ýurtda käbir edara-kärhanalaryň ýapylmagy we birikdirilmegi dowam edýär. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy ýylyň başyndan bäri azyndan iki kärhananyň ýapylandygyny we başga-da dördüsiniň birikdirilendigini aýtdy. “Şu ýylyň başyndan bäri “Aşgabatagyzsuw” kärhanasynyň düzümindäki iki kärhana birikdirildi. Iýulyň başynda ýene üç kärhana kemeldilip, “Aşgabatagyzsuw” kärahanasyna birikdirilýär. Читать дальше...

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.