123ru.net
World News in Turkmen
0 Добавить новость

Новости за 10.07.2020




ABŞ uýgur hukuklaryny bozandyklary üçin hytaý emeldarlaryna garşy sanksiýa girizdi

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar Hytaýyň ýokary derejeli resmilerine, Waşingtonyň pikirine görä,  uýgurlara we günbatar Sinjiang sebitindäki beýleki musulman azlyklara garşy adam hukuklaryny "aýylganç we yzygiderli" bozandyklary üçin sanksiýalary girizdi. “Hytaý Kommunist partiýasy uýgurlar, etniki gazaklar we Sinjiangdaky beýleki azlyklaryň agzalary bilen bagly adam hukuklarynyň depelenmegini, mejbury zähmeti, esassyz köpçülikleýin tussag etmegi we ilata gözegçilik etmegi amala aşyryp, olaryň medeniýetini we musulman ynanjyny ýok etmäge synanyşýan mahaly... Читать дальше...

Seulyň häkimi we Koreýanyň prezidentligine mümkin bolan dalaşgär öli tapyldy

Azathabar.com 

Şäher häkimi Pak Won Sun Seulda öli tapyldy: ol 2011-nji ýyldan bäri Koreýanyň paýtagtyny üýtgewsiz dolandyryjy boldy we 2022-nji ýyldaky saýlawlarda Koreýanyň prezidentligine dalaşgär bolar öýdülýärdi. Polisiýa 64 ýaşyndaky syýasatçynyň öz janyna kast eden bolmagynyň mümkindigini aýtdy: onuň jesedi Pugak dagynyň parkynda tapyldy. Häkimiň telefony öçürilen eken. Pak Won Suny gyzy öýden soňky gezek görüşýän ýaly hoşlaşyp, “dört-bäş sagat ozal gidendigini” habar bereninden soň gözläp başladylar. Читать дальше...

ABŞ uýgur hukuklaryny bozandyklary üçin hytaý emeldarlaryna garşy sanksiýa girizýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar ozalky we häzirki hytaý emeldarlarynyň dördüsine garşy, Waşingtonyň pikirine görä, uýgurlaryň hukuklaryny bozandyklary üçin sanksiýa girizdi. Bu çäklendirmeler Magnitskiý aktyna laýyklykda girizilýär. Bu barada ABŞ-nyň Maliýe ministrligi habar berdi. Sanksiýalar bu şahsyýetleriň ABŞ-nyň çägindäki emläklerini doňdurmagy, işewür gatnaşyklaryny gadagan etmegi we wiza çäklendirmelerini öz içine alýar. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu ýylyň iýun aýynda Hytaýyň Sinjiaň uýgur awtonom... Читать дальше...

ABŞ sudy prokurorlara Trampyň maliýe ýagdaýyny barlamaga rugsat berýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Ýokary sudy prezident Donald Trampyň salgyt jarnamalaryny Nýu-Ýorkdaky prokurorlara tabşyrmak kararyna geldi. Ak tamyň başlygynyň girdejileri baradaky maglumatlar Kongrese iberilmez. 50 ýyl ozal gazanan girdejileri barada ilata maglumat bermedik Riçard Nikson döwründen bäri, Tramp öz girdejileri barada maglumat bermeýän ilkinji prezident bolup durýar. Niksonyň dokumentleri salgyt gullugynyň anonim işgäri tarapyndan žurnalistlere berildi we şondan soň onuň ABŞ-nyň býujetine takmynan 400 müň dollar tölemändigi aýan boldy. Читать дальше...

Özbegistanda sintetiki ýangyç zawodynyň ýüzden gowrak gurluşykçysyna COVID-19 ýokuşdy

Azathabar.com 

Özbegistanyň Kaşkadarýa sebitiniň Guzar etrabynda GTL sintetiki suwuk ýangyç zawodynyň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylaryň arasynda 127 koronawirus ýokuşmasy hasaba alyndy. Bu barada Özbegistanyň Saglyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Ýokanç kesel bilen kesellän işçileriň ählisi ozal wirus ýokuşan adamlar bilen aragatnaşykda bolandan soň karantin astynda ýerleşdirildi. Häzirki wagtda zawodyň gurluşyk meýdançasynda wirus ýokuşmalarynyň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur çäreler görülýär. Читать дальше...

Ua24.pro


Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.