123ru.net
World News in Turkmen

Gazagystan koronawirus ýokuşanlaryň sany boýunça dünýäniň ilkinji otuz ýurdunyň arasyna girdi

031
Gazagystan koronawirus ýokuşanlaryň sany boýunça dünýäniň ilkinji otuz ýurdunyň arasyna girdi

Gazagystan 15-nji iýulda dünýäde täze görnüşli koronawirus ýokuşan adamlarynyň sany boýunça 31-nji orundan 30-njy orna geçdi diýip, ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersitetiniň habarynda aýdylýar.

Gazagystan bu görkezijide Belgiýadan hem öňe geçdi. Kesgitlenen ýokanç kesellileriň sany boýunça Gazagystan koronawirus pandemiýasy wagtynda karantin çärelerini girizmekden ýüz öwüren az sanly ýurtlaryň biri bolan Belarusdan soňky orunda ýerleşýär. Gazagystanda iýul aýynyň başynda karantin ikinji gezek girizildi, soňra, çäklendirmeleriň gowşamagyndan we adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylmagyndan soň koronawirus näsaglarynyň sany birden ýokarlandy.

Resmi maglumatlara görä, Gazagystanda 63 514 koronawirus näsagy bar. Belarusda - 65 269, Belgiýada - 63 781 koronawirus hassalary hasaba alyndy. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetleriň habar bermegine görä, Gazagystanda COVID-19-dan 375 ölüm hasaba alyndy (bu statistikanyň ygtybarlylygyna şübhe bildirilýär), Belarusda - 474, Belgiýada - 9 787 adam täze wirusdan öldi.

Gazagystan ilatyň gürlügi boýunça dünýäde iň pesdäki ýurtlaryň biri hasaplanýar, ýagny  18,6 million ilatly ýurduň  her inedördül kilometrinde 6,8 adam ýaşaýar. 

Belgiýanyň ilaty 11,49 million, her inedördül kilometre 381,4 adam düşýär. Statistika görä, Belarusda 9,4 million adam ýaşaýar,  her inedördül kilometre 45,8 adam düşýär.

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.