Moskwadaky anti-Putin protestlerinde 140-dan gowrak adam tussag edildi
Moskwada rus polisiýasy ýaňy-ýakynda tassyklanan we prezident Wladimir Putine 2036-njy ýyla çenli iki möhlete wezipede galmaga rugsat berýän soňky konstitusiýa üýtgetmelerine protest bildiren 100-den köp adamy tussag etdi.
Garaşsyz syýasy gözegçilik guramasy “OWD-Info” 15-nji iýulda azyndan 147 demonstrantyň tussag edilendigini aýtdy. Olaryň käbiri soňra boşadyldy.
“Current Time-yň” korrespondenti polisiýanyň protestçileri asfaltyň üstünde süýreýşine we olaryň birini saçyndan çekip polisiýanyň ulagyna äkidişine şaýat boldy.
Tussag edilenleriň arasynda “Açyk Russiýa” hukuk toparynyň ýerine ýetiriji direktory Andreý Piwowarow hem-de tanymal häkimlik deputaty Ýuliýa Galýamina we onuň gyzy bar.
Moskwanyň merkezi Puşkin meýdanynda ýygnanan ýüzlerçe adam ýagşyň astynda “Putin işden çekil!”, “Putin ogry” diýip gygyrdy.
Olar 25-nji iýun we 1-nji iýul aralygynda geçirilen hökmany bolmadyk sala salşykda ses alan konstitusion özgertmeleriň kabul edilmegine garşy resmi arza gol çekdiler.
Täze goşmaçalar, beýleki üýtgetmeler bilen bir hatarda, Putine onuň häzirki we ondan soňky prezidentlik möhletiniň dolmagyndan soň ýene iki möhlete wezipede galmaga rugsat berýär.