123ru.net
World News in Turkmen

ABŞ-da wirus ýagdaýy “gowy däl”. Hindistan COVID-19 ýokuşanlaryň sany boýunça dünýäde üçünji boldy

023
ABŞ-da wirus ýagdaýy “gowy däl”. Hindistan COVID-19 ýokuşanlaryň sany boýunça dünýäde üçünji boldy

Birleşen Ştatlarda ýokanç kesel boýunça ýokary derejeli resmi koronawirus bilen kesellän adamlaryň sanynyň we olaryň hassahana ýerleşdirilmegi bilen bagly wakalaryň artýan mahaly, ýurtdaky COVID-19 ýagdaýynyň “hakykatdanam gowy däldigini” aýtdy.

Entoni Fauçiniň (Anthony Fauci) 6-njy iýulda eden çykyşyna görä, Birleşen Ştatlar wirusyň ilkinji tolkunyna “dyz epdi”, sebäbi Ýewropadan we Aziýanyň käbir böleklerinden tapawutlylykda, wirusa hiç haçan çynlakaý gözegçilik etmedi we ştatlar öz ykdysadyýetlerini örän ir gaýtadan açdy.

ABŞ-dan soň Braziliýa bu wirusdan iň köp ejir çeken ýurt boldy. Braziliýada koronawirusdan 65 müň 487 adam öldi we bu wirus 1,6 million adama ýokuşdy.

Hindistan wirus ýokuşan täze näsaglary yzygiderli hasaba almagyny dowam etdirýär. 6-njy iýulda bu ýurtda 700 müňe golaý adamyň koronawirus bilen keselländigi tassyklandy. 

Bu görkezijiniň netijesinde Hindistan Russiýany geçip, wirus ýokuşan adamlaryň sany boýunça dünýäde üçünji orny eýeledi. Hindistanda bu wirusdan 20 müň adam öldi.

Комментарии для сайта Cackle
123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.