123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

COVID-19 sebäpli Türkmenistanda adamlar ölýär, ýurduň ýolbaşçylary keseli ret edýär, daşary ýurt kompaniýalary ofislerini ýapýar

0
COVID-19 sebäpli Türkmenistanda adamlar ölýär, ýurduň ýolbaşçylary keseli ret edýär, daşary ýurt kompaniýalary ofislerini ýapýar

COVID-19 hassalary üçin karantinlere düşýänler köp, ölüm ýagdaýlary, derman serişdeleriniň, enjamlaryň we azygyň ýetmezçiligi dowam edýär. Bu wagtda daşary ýurt kompaniýalary işgärlerine koronawirus ýokaşmagy sebäpli ofislerini ýapýarlar. Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ýurtda COVID-19 ýoklugy baradaky beýanatlarynyň fonunda daşary ýurt habar beriş serişdeleri daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işgärleriň arasynda bu kesele uçran ençemesiniň bardygyny habar berýär.

"Polimeksiň öňki binasynda lukmanlar we hassalar aladaly, olar adamlardan iýmit meselesinde kömek soraýarlar. Jaň edýärler we bu ýerde açlyk çekýändiklerini aýdýarlar, mümkin boldugyça azyk ibermegi soraýarlar. Indi aktiwistler karantin zonasyna çörek, gök önüm we miwe, gowrulan et we beýleki azyk önümlerini getirýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylaryndan biri 30-njy iýulda karantin zonasyndaky lukmanlara we näsaglara salgylanyp habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň iň uly karantin zonasynda dermanlar ýeterlik däl, dem alyş problemalary bolan näsaglary bejermek üçin enjamlar ýetmezçilik edýär: "Öýkeni emeli işletmek üçin gurallary bejerip bolmaýar. Polimeks binasyndaky hassalaryň köpüsi kislorod almak üçin öz nobatlaryna garaşýarlar".

 

Bir gün öň Azatlygyň çeşmesi ýüzlerçe näsag saklanýan bu karantin zonasynda öýkeni emeli işletmek boýunça bary-ýogy 4 guralyň bardygyny habar beripdi. Enjamlar we wagtynda kömek ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýda Türkmenistanda koronawirusdan we pnewmoniýadan ölýän adamlar barada yzly-yzyna habar gowuşýar.

Soňky 24 sagadyň dowamynda Azatlygyň habarçylary karantinde orta ýaşly erkek adamyň, şeýle-de duýdansyz gyzgyny galyp, birden ölen 88 ýaşly adamyň aradan çykmagyna degişli jikme-jikleri habar berdiler. Azatlyk çeşmeleriniň gizlinligini we howpsuzlygyny saklamak sebäpli atlary we olaryň ölümine degişli jikme-jik ýagdaýlaryny aýtmakdan saklanýar.

Garaşsyz Turkmen.news neşiri Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň pidalary barada habar bermegini dowam etdirýär. Onuň soňky maglumatyna görä, koronawirus sebäpli 25-nji iýulda "Owadan Ülke" atly kärhananyň esaslandyryjysy, 62 ýaşly telekeçi Orazmyrat Bekmämmedow aradan çykypdyr.

Türkmenistan henizem öz çäginde COVID-19-yň ýoklugyny öňe sürýärkä, daşary ýurt kompaniýalary ýurtdaky ofislerini ýapýarlar.

 

“Upstreamonline.com” global nebit-gaz habarlar websaýtynyň maglumatyna görä, Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy 10-dan gowrak işgäriniň COVID-19 boýunça testi oňyn netije görkezensoň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdaky baş edarasyny ýapypdyr. Kompaniýa, Hazaryň kenarýaka bazasynda ýene alty sany işgärinde koronawirusyň bardygy anyklanansoň karantin çärelerini yglan edip, bu bazany ýapypdyr.

Mundan başga-da, neşir Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasynyň Türkmenistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Lebap welaýatynda ýerleşýän ofisini we gazy gaýtadan işleýän zawodyny hem ýapandygyny ýazýar we karantin çäreleri sebäpli işçilere sentýabr aýyna çenli zawoddan çykmaga rugsat berilmeýändigini habar berýär.

Azatlyk Radiosy Malaýziýanyň "Petronas" we Hytaýyň Milli nebit korporasiýasyndan maglumat almaga synanyşýar.

Türkmenistan ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny aýdyp, soňky wagtda ilatdan ýüz maskalaryny dakynmagy we fiziki distansiýany saklamagy talap etmek ýaly çäreleri geçirýär, emma olary öňüni alyş işler hökmünde häsiýetlendirýär.

Bu döwürde, paýtagtda ýurduň häkimiýetleri tarapyndan görülýän çäreleriň arasynda hassalary hasaba almak işi geçirilýär, munuň üçin saglyk işgärleri öýme-öý aýlanýar.

 

"30-njy kiçi etrapçada olaryň özleriniň aýdyşy ýaly 4 poliklinikadan iki lukman, 2-nji poliklinika degişli jaýlara aýlanyp çykýarlar. Olar A-4 formatly sahypa hassalaryň we maşgaladaky adamlarynyň atlaryny we beýleki maglumatlary ýazýarlar. 60 ýaşdan geçenleriň we töwekgelçilik toparyna girýän ýürek näsaglary, gipertenziýaly, süýji keselli adamlary hasaba alýarlar. Emma hiç hili derman ("Rimantadin", "Grippferon" damjalary) paýlanylmaýar. Olar öň "Rimantadin" ýa-da wirusa garşy beýleki serişdeleriň ulanylyp- ulanylmandygyny, öýlerde haýsy antiseptikleriň bardygyny soraýarlar. Şeýle-de, üzärlik tütetmegi we maska geýmegi maslahat berýärler. Gelenleriň özleri maskaly, ýöne başga gorag enjamlary ýokdy. Olar ýolbaşçylarynyň iberendigini aýtdylar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 30-njy iýulda aýtdy.

Habarçylarymyz soňky günlerde Aşgabatda üzärligiň tütedilmeginiň ýene-de bat alandygyny habar berýärler. Oty bazarlarda we ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda jemagat işgärleri ýakýarlar.

 

"Bazarlarda elhenç ys bar - hlor, üzärlik we başga bir zatlardan ýaňa dem almak mümkin däl" - diýip, habarçymyz aýtdy.

Bu aralykda Eýran, koronawirusa garşy göreşde Türkmenistana kömek hödürleýär. Eýranyň prezidenti Hasan Rohani Tähranyň tejribe paýlaşmaga we Aşgabada täze koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşmäge kömek bermäge taýýardygyny aýtdy diýip, Eýranyň media serişdeleri 30-njy iýulda habar berdiler.

"Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary koronawirusyň ýaýramagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we biz wirusa garşy göreşde birek-birege kömek etmelidiris" - diýip Rohani aýdypdyr.

Türkmen metbugaty bu barada habar bermedi. TDH döwlet habar gullugy iki goňşy ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşligi barada çap eden maglumatynda, koronawirus pandemiýasynyň "aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan" meselä öwrülendigini we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginiň COVID-19-a garşy alyp barýan tagallalaryny doly goldaýandygyny aýdandygyny habar berdi.

Eýranyň prezidentiniň sözlerine görä, koronawirus epidemiýasy iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň pese gaçmagyna sebäp bolupdyr.

Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о реновации в Академическом районе


Спорт в России и мире
Москва

Баскетболист ЦСКА Хэнлан назвал Москву лучшим местом для жизни


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Новак Джокович

Новак Джокович в пятый раз получил спортивный «Оскар» как атлет года


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Регоператор провел экологический телемост между школьниками Подольска и Москвы





Путин в России и мире
Москва

Путин утвердил закон о справедливой оплате сверхурочной работы


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко ограничил выплату дивидендов гражданам недружественных стран




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленскому предложили не ограничиваться Бандерой и захоронить на капище под Киевом молекулы Гитлера


Навальный в России и мире
Москва

Патриарх Кирилл запретил в служении священника, проводившего панихиду по Алексею Навальному



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Фрэнк Синатра

Леонардо Ди Каприо сыграет Фрэнка Синатру в новом байопике Мартина Скорсезе



Москва

Московский проповедник приехал в Волжск

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net