Haj zyýaraty çäklendirilen görnüşde geçirilýär
Musulman zyýaratçylary 29-njy iýulda çäklendirilen görnüşdäki haj zyýaratyna başladylar. Şu ýyl Saud Arabystany Mekke şäherinde her ýyl geçirilýän dini üýşmeleňe gatnaşmaga rugsat berilýän adamlaryň sanyny, koronawirus pandemiýasy sebäpli, azaltmaga mejbur boldy.
Bäş günläp dowam edýän bu dini çäre yslamyň bäş sütüniniň biridir; mümkinçiligi bolan her bir musulman ömründe bir gezek haj zyýaratyny amala aşyrmalydyr.
Adatça her ýyl haj zyýaratyna gatnaşmak üçin 2 milliondan gowrak musulman Mekke şäherine syýahat edýärdi.
Emma bu ýyl koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara zyýaratçylarynyň haj parzyny amala aşyrmagyna gadagançylyk girizildi. Saud şalygy wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda tagalla edýär. Jons Hopkins Uniwersitetiniň maglumatyna görä, Saud Arabystanynda 270 müň töweregi adam wirusa ýolugypdyr, şeýle-de ondan 2 müň 789 adam heläk bolupdyr.
Saud Arabystanynyň Haj we Umrah ministrliginiň geçen aý beren maglumatyna laýyklykda, bu ýyl haj zyýaratyny amala aşyrmaga eýýäm Saud Arabystanynda ýaşaýan “juda çäkli möçberdäki” dürli milletlerden bolan musulmanlara rugsat berler.
Maglumata görä, bu ýyl haj zyýaratyna 1 müňden 10 müň aralygynda musulman gatnaşar.
Saud Arabystanynyň daşyndaky musulmanlara çäklendirmäniň girizilmegi şalygyň häzirki taryhynda ilkinji gezek bolup geçdi.