123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Aşgabadyň gonamçylygynda täze mazarlar döreýär, keselhanalar ölenleri sellofan örtgülere dolap berýärler. Türkmenistanda COVID-19 ýokmy?

0
Aşgabadyň gonamçylygynda täze mazarlar döreýär, keselhanalar ölenleri sellofan örtgülere dolap berýärler. Türkmenistanda COVID-19 ýokmy?

Azatlygyň habarçylarynyň Türkmenistanyň içinden berýän maglumatlaryna görä, paýtagtda her maşgalada diýen ýaly syrkaw ýa-da ölen adamlar bar, gonamçylyklarda mazar gazýanlar yzygiderli işleýärler we meýithanalar ölenleriň jesetlerini plastik örtgülere dolap berýärler. COVID-19 keseliniň ýurtda hasaba alynmandygyny yglan eden ýurt häkimiýetleri bolup geçýän ýagdaý barada resmi düşündiriş bermeýärler. Döwlet habar beriş serişdeleri keselçiligi agzamazdan, esasy ünsüni bu döwürde dynç alýan prezidentiň wagtyny geçirişine sarp edýärler.

"Ölenleriň sanyna men haýran galýaryn ... köp tanyşlar öz maşgalasynda, ýa-da has uzak garyndaşlarynyň ýa-da tanyşlarynyň ölendigini aýdýarlar. Elhençlik!" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtdaky häzirki ýagdaý barada aýdýar.

 

Şu günler Aşgabadyň gonamçylyklarynda adamlar yzly-yzyna jaýlanýar. Mazar gazýanlar yzygiderli işläp durýarlar jesetleri jaýlamak üçin yzly-yzyna getirýärler. Bu barada Aşgabadyň etegindäki gonamçylyklara baryp gören habarçylarymyz gürrüň berýärler.

Bu aralykda, COVID-19 keseliniň alamatlaryna mahsus näsaglykdan ýogalan adamlar barada maglumatlar belli bolýar. 24-nji iýulda Aşgabatdaky habarçylarymyz şeýle habar berdiler:

- Bir ýaş ýigit gije "Polimeksiň" öňki binalaryndaky karantinde öldi. Şol ýerden jesedi Çoganlydaky morga getirildi. Ýokanç keseller hassahanasynyň we morgyň binasynyň golaýynda. Ol ýerde jesetleri dessine gonamçylyga äkidip, jaýlamak şerti bilen berilýär.

- Düýn Şirin atly bir aýal öldi, şu gün kakasy jesedini morgdan çykarmagy başardy. Şu gün irden sagat 9-da jesedi musulman däp-dessurlary boýunça gonamçylyga äkidildi.

Koronawirusyň bardygyny inkär edýän ýurtda bu kesel bilen keselleýänleriň we ölenleriň resmi sany çap edilmeýär.

Paýtagtyň morglary merhumlary plastik paketlere dolap jaýlamak üçin berýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 23-nji iýulda: "Jesedi plastik halta salýarlar we üstüne hlor sepilen mata bilen örtýärler, ony şu durşuna jaýlamagy garyndaşlaryna tabşyrýarlar".

Ýokançlygyň öňüni almak üçin jesedi plastik paketlere örtmek usuly beýleki ýurtlarda COVID-19 keselinden ölenleri jaýlamak üçin giňden ulanýarlar. Lukmanlar kowid bilen kesellänleriň bedeninde we öýkeninde galan howanyň howpludygyny aýdýarlar.

 

Azatlygyň habarçysy soňky günlerde ölen aşgabatly ýaşaýjynyň biri barada şeýle gürrüň berdi: "Ony hlor sepilen bir mata bilen örtdüler. Hiç bir ýagdaýda açmaly däldigini we şu durşuna jaýlamalydygyny aýtdylar. Öýkeniniň diňe 20% galypdyr, galany çüýräp akyp gidipdir".

Ýurduň medisina edaralarynda ölenleriň jesetlerini örtmek üçin plastik paketler ýetmezçilik edýär. Näsaglary bejerip, ölümden halas etmek üçin dermanlar we enjamlar ýeterlik däl.

Aşgabatdaky habarçylarymyz käbir obalarda ýaşaýjylaryň öz golaýyndaky gonamçylykda koronawirusdan ölenleriň jaýlanmagyna garşy çykýandygyny habar berýär: “Däp bolşy ýaly, ölüleri doglan ýerlerinde, kiçi watanynda jaýlaýarlar. Aşgabatdan Nohur obasyna birnäçe merhumy getirip jaýlanlaryndan soň ýerli adamlar hem keselläp başladylar, indi olar ölenleriň getirilip jaýlanmagyna garşy bolýarlar".

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýurtda kesellänleriň we ölýänleriň sanyny resmi hasaba alyp, almaýandygy belli däl. Ýurduň ýolbaşçylarynyň seýrek çykyşlarynda ýurtda koronawirus keselli ýekeje-de adamyň hasaba alynmandygy barada aýdan sözleri bilen birlikde COVID-19 boýunça testleriň geçirilýändigi habar berildi. Azatlygyň Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden resmi düşündiriş almak üçin eden ençeme synanyşyklary netije bermedi.

Azatlygyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleri hassahanalarda näsaglarda, şol sanda işgärlerde geçirlen testleriň keseliň bardygyny tassyklaýandygy barada yzygiderli habar berýärler.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda hassahanalarda adam aşa köp, dermanlar ýetmezçilik edýär we şertler gaty agyr. Bu ýagdaýda ýurtda täze karantin zolaklary açylýar. Köp adam öýlerinde öz özlerini bejerýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary 24-nji iýulda şeýle gürrüň berdiler:

- Büzmeýinde köpçülik üsgülewük we gyzgynyň ýokarlanmagy bilen öýlerinde kesel bolup ýatýarlar. Çagalary syrkawlan bir maşgalany bilýärin, soň adamsy ýokary temperatura bilen ýykyldy, şu gün ol aýalyň gyzgyny ýokarlandy. Dermanhanalarda uzyn nobatlar we adamlary dermanhana bir-birden salýarlar.

-Tanyş maşgalada, gelni we giýewi gyzgyny bolmasa-da uzak wagtlap gyzzyrmasyz üsgürýärler, fluorografiýa edenlerinde olara ikitaraplaýyn pnewmoniýa diagnozyny goýdular. Öýde galýarlar.

Lebapda hassahanalaryň ençemesi tutuşlygyna karantine ýapyldy. 24-nji iýulda Azatlygyň habarçysy Türkmenabatdaky şäher hassahanasynyň, Köpugurly hassahananyň we ýokanç keseller hassahanasynyň COVID-19-ly näsaglaryň köpelmegi sebäpli karantine ýapylandygyny habar berdi.

"Indi adaty näsaglar hiç ýerde bejerilmeýär. Olary diňe Içeri keseller klinikasy we Demir ýol hassahanasy alýar, ikisinde-de adaty hassalar, gipertenziýaly näsaglar, süýji keselli adamlary alýarlar. Tiz kömek hassahanasy hem alýar. Olar hassalardan doly. Adamlar ýatar ýaly koridorlarda-da ýer ýok" diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, COVID-19 alamatlary bolan näsaglara ORWI respirator keseliň diagnozy goýulýar: "Keselden gutulan biri bilen gürleşdim. Onuň kesel rugsadynda diagnoz ORWI diýlip görkezilipdir. Ýöne ol koronawirus bilen keselländigini anyk bilýär, özi-de lukman bolup işleýär. Maşgalasynda 5 adam keselläpdir we bularyň hemmesi keselhanada bejergi alypdyr ".

Soňky iki hepdäniň dowamynda Türkmenistan ilatyň köpçülik ýerlerinde bolmagyny çäklendirmek üçin öň görlüp-eşidilmedik çäreleri görýär, bir wagtda söwda, hyzmat we dynç alyş desgalary ýapylýar. Düýpli dezinfeksiýa işleri giňden geçirilýär, şol sanda döwlet edara-kärhanalarynda.

"Kanun goraýjy edaralaryň birinde birbada birnäçe otagda dezinfeksiýa etmek üçin brigada çagyrandyklaryny we olara ýörite geýim berilmändigini gürrüň berdiler. Şol edarada işleýänlerden birnäçe adam kesel bolupdyr. Bu bir hepde töweregi wagt mundan öň boldy, hassalaryň işleýän iş ýerlerinde dezinfeksiýa etmek boýunça işler indi her gün diýen ýaly geçirilýär" - diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 24-nji iýulda aýtdy.

 

Onuň sözlerine görä, koronawirusa garşy dezinfeksiýany, hususan-da, sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasynyň (SES) işgärleri amala aşyrýarlar: “Arassaçylyk we epidemiologiýa stansiýasynyň işgärleri jaýlary ýörite eşiksiz bejerýärler, diňe halat, papak we maska bilen işleýärler, wirus ýokaşan adamlaryň işlän ýerlerini arassalanda özleri goragsyz işleýärler".

Birnäçe gün ozal Türkmenistana BSG-niň ynsanperwer kömegi geldi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň haýyşy boýunça ýurda iberilen tas ýarym million dollarlyk ýük, maskalary we gorag kostýumlaryny hem öz içine alýar.

Azatlygyň ýurduň saglyk edaralaryndaky çeşmeleri şu günler şol ynsanperwer kömeginiň medisina işgärleriniň arasynda olaryň öz hasabyna satylyp başlandygyny habar berdiler.

"Hatda tiz kömek işgärlerine-de ynsanperwerlik kömegi pula satylýar" diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz 24-nji iýulda ýerli saglyk edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, habar berdi.

Mundan öň Türkmenabadyň lukmanlaryna ynsanperwer kömeginden 10 sany lukmançylyk maskasyny we iki jübüt äýnegi satyn almagyň tabşyrylandygy mälim boldy. Bir maskanyň bahasy 15 manat.

Türkmenistan köp ýyl bäri ýurtda kesel we ölüm derejesi barada umumy statistikany hem çap etmän gelýär. Ýurduň häkimiýetleri "ýurtda birnäçe howply keseliň doly ýok edilendigini", beýlekileriň öňünde bolsa "berk gorag goýlandygyny" aýdyp gelýärler we munuň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda saglygy saklaýyş ulgamynyň üstünliklerini görkezýändigini öňe sürýärler.

 

Rus dilinde hem okaň

Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Раньше срока. Собянин: новая развязка улучшит движение для 600 тыс. человек


Спорт в России и мире
Москва

Федерация бокса России на ВДНХ


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Янник Синнер

Янник Синнер поделился впечатлениями от общения с игроками сборной Италии по футболу


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Энергетические поля компенсируют растущие потребности в электроэнергии





Путин в России и мире
Москва

Путин уточнил у Беглова причины снижения популярности Петербурга у туристов


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Киев признал стагнацию ВСУ по всей линии фронта


Навальный в России и мире
Москва

«С какой целью вы пришли почтить память? Он вам родственник?» В Москве осудили девушку, которая пришла возложить цветы в память о Навальном



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Танец

Ансамбль из Лобни победил на Всероссийском конкурсе «Танец. Мысль. Время»



Москва

Он обещал — вернулся: сможет ли Минаков перебить Томпсона

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net