123ru.net
World News in Turkmen

Demirgazyk Koreýa COVID-19 bolmagy güman edilýän ilkinji ýagdaýy habar berdi

023
Demirgazyk Koreýa COVID-19 bolmagy güman edilýän ilkinji ýagdaýy habar berdi

Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri pandemiýa başlaly bäri ýurtda koronawirus ýokaşmagynyň mümkinçiligi barada ilkinji gezek yglan etdiler.

Resmi agentlik KCNA Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň "Ýurda rehimsiz wirusyň girendigini aýdyp bolar" diýip, aýdan sözlerine salgylanýar.

Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri wirusyň Günorta Koreýa gaçyp üç ýyl geçensoň, 19-njy iýulda öz watanyna gaýdyp gelen gaçakçyda güman edilýändigini öňe sürdi. Serhetdäki Kaesong şäherinde karantin düzgüni girizildi.

Dünýäniň iň ýapyk we ýurtdaky ýagdaý barada ygtybarly maglumatlary örän seýrek berýän ýurtlaryň biri bolan Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri şu çaka çenli ýurtda koronawirusyň ýokaşmagy bilen baglanyşykly ýekeje-de ýagdaýyň ýokdugyny öňe sürüp geldi.

Bilermenler koronawirusyň Demirgazyk Koreýa has ir girendigine, ýöne häkimiýetleriň bu barada habar bermändigine ynanýarlar.

Şu günki gün dünýäniň adada ýerleşmeýän ýa-da iňňän kiçi bolmadyk döwletleriniň arasynda COVID-19-ýokdugyny aýdan ýene-täk ýurt Türkmenistan bolup galdy. Türkmen režiminiň awtoritarizm derejesi dünýäde Demirgazyk Koreýä bilen deňeşdirilýär.

Game News

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.