123ru.net
World News in Turkmen

BMG: Şu ýylyň birinji ýarymynda Owganystanda 1200-den gowrak raýat öldi

025
BMG: Şu ýylyň birinji ýarymynda Owganystanda 1200-den gowrak raýat öldi

BMG-nyň Owganystandaky wekilhanasy (UNAMA) 27-nji iýulda çap eden hasabatynda ýylyň birinji ýarymynda Owganystanda 1,282 parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny, şol bir wagtyň özünde ýene 2176 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Hasabatda 340 çaganyň wepat bolandygy we 727 caganyň ýaralanandygy aýdylýar.

"Owganystanyň hökümetiniň we 'Talybanyň' arasyndaky parahatçylykly gepleşikler üçin bir ýere jemlenmegine taryhy pursadyň dörän döwürde pajygaly hakykat söweşleriň her gün parahat ilata agyr zeper ýetirýändigini görkezýär" -diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Deborah Lýons aýtdy.

Hasabatda Owganystanda wepat bolan parahat ýaşaýjylaryň ölümine getiren ýagdaýlaryň 58%-ne "Talyban" we "Yslam döwleti" toparlaryň sebäpkär bolandygy, ölen ýa-da ýaralanan parahat ilatyň 23%-ne hökümete tarapdar güýçleriň jogapkärdigi aýdylýar.

2019-njy ýyla degişli sanlar 13% ýokarydy. BMG-niň çap eden hasabaty Owganystanda parahatçylygy gazanmak ugrundaky tagallalaryň Kabulyň we "Talybanyň" arasynda tussaglaryň boşadylmagyna degişli düşünişmezlikler sebäpli kesgitsiz ýagdaýda galýan döwrüne we zorluklaryň tutaşýan wagtyna gabat geldi.

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.