123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Owgan gyzy "Talybanyň" ene-atasyny öldürenini gördi, soňra-da AK-47 tüpeňi alyp, iki söweşijini öldürdi

0
Owgan gyzy

Adamlaryň bir topary Owganystanyň merkezindäki bir obada ýerleşýän palçykdan we kerpiçden ýasalan jaýyň gapysyny kakanda gije sagat 1 töweregidi.

Mundan ürken 15 ýaşly Kamar Gül düşekden çykyp, dessine inisini tutdy. Onuň goňşy otagda, ukydan oýanan ene-atasy gapynyň agzyna seresaplylyk bilen golaýlady.

Bu "Talybandy".

Söweşijiler Gülüň ejesine we kakasyna gapyny açmagy buýurdylar. Olar boýun towladylar.

Birnäçe minutdan soň ýaragly söweşijileriň topary gapydan kürsäp içeri girdi.

"Olar ejemi süýräp daşary çykardylar we ony atyp öldürdiler" diýip, Gül Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren maglumatynda aýtdy.

"Soňra kakamy hem daşary çykardylar we ony-da öldürdiler" diýip, ol belledi.

Onuň ene-atasy jezalandyrylýarka, Gül AK-47 kalaşnikow tüpeňi aldy.

"Talyban" söweşijileri jaýyň içine gaýtadan girmäge synanyşanda, Gül olara garşy ot açdy we iki söweşijini öldürdi, başga-da birini ýaralady.

 

"Men olaryň ikisini öldürmegi başardym" diýip, Gül gyssagly wakanyň bolan sebitine baran hökümete tarapdar milisionerleriň galan "Talyban" söweşijilerini kowandygyny hem aýtdy.

"Men Talyban söweşijilerini öldürendigime buýsanýaryn. Men ene-atamyň ganhorlaryny öldürdim. Men iň soňky damja ganyma çenli Talyban bilen söweşerin" diýip, 12 ýaşly dogany bilen welaýat häkimligi tarapyndan howpsuz bir öýe göçürilen Gül aýtdy.

'Gahrymanlar'

Bu waka 16-njy iýulda Gor welaýatynyň Taýwara etrabynda, ýagny Owganystanyň merkezi daglyk ýerlerinde ýerleşýän daglyk we çetki sebitde boldy. Hökümet bu waka barada 20-nji iýulda habar berdi.

Bu welaýat ýurduň iň garyp we durnuksyz sebitleriniň biridir. Welaýat häkimliginiň häkimiýeti paýtagt Firoz Kohyň çäginden daşdaky territoriýalara o diýen ýetmeýär. 

Gül maşgalasynyň "Talyban" tarapyndan nyşana alynmagynyň sebäbini kakasynyň hökümete tarapdar taýpa ýaşulusy bolandygy bilen düşündirýär.

"Talyban" hökümete ýa-da howpsuzlyk güýçlerine duýgudaşlyk bildirmekde ýa-da maglumat bermekde güman edilýän owganlary yzygiderli öldürýär.

Gül owgan hökümetini parahat ilaty "Talyban" tarapyndan edilýän şeýle hüjümlerden has gowy goramaga çagyrdy.

"Biz prezidenti gowy durmuşda we gelejekde ýaşamak üçin howpsuzlygymyzy üpjün etmäge çagyrýarys" diýip, Gül aýtdy.

Taýwaranyň etrap häkimi Muhammad Rafik Alam AÝ/AR-na beren maglumatynda Gül we onuň inisiniň etrap merkezine göçürilendigini, soňra olaryň paýtagt Firoz Koha geçiriljekdigini aýtdy.

"Biz bu iki gahryman bilen buýsanýarys. Olar hüjümçilere sapak berdiler" diýip, Alam aýtdy.

Alam hökümeti Güli ýurduň iň ýokary raýat sylaglaryndan biri bolan "Malalaý" medaly bilen sylaglamaga hem çagyrdy.

21-nji iýulda geçirilen Owganystanyň ministrler kabinetiniň ýygnagynda prezident Aşraf Gani Gülüň edermenligini taryplady.

"Kamar Gül zenan gahryman. Ministrler kabineti Kamar Gülüň edermenligini öwdi" diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Tarik Arian 20-nji iýulda ýazan twitinde aýtdy. 

Sosial mediada owganlar Güli gahryman hökmünde garşy aldylar. Gülüň kellesi ýaglykly we elinde AK-47 kalaşnikow tüpeňini saklap duran suraty Internetde ýaýrady.

"Talyban" zorlugy

Taýwarada birnäçe gezek etraby basyp alan "Talyban" söweşijileri bilen owgan howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ençeme gezek güýçli çaknyşyklar boldy.

Gorda "Talyban" we öňki serkerdeler hem-de milisiýa ýolbaşçylary tarapyndan dolandyrylýan onlarça bikanun, ýaragly topar işjeň hereket edýär. Bu welaýat Owganystandan ýarag we tirýek ibermek üçin esasy tranzit ýol hasaplanýar.

"Talyban" fewral aýynda ABŞ bilen deslapky parahatçylyk şertnamasyna gol çekendigine garamazdan, tutuş ýurt boýunça hüjümleri amala aşyrmagy yzygiderli dowam etdirýär.

Bu şertnama söweşijiler bilen owgan hökümetiniň arasynda ok atyşygy hemişelik bes etmek we geljekde güýç paýlaşmak baradaky ylalaşyk üçin gös-göni gepleşiklere ýol açmalydy.

Ýöne bu gepleşikler uly göwrümdäki tussaglaryň boşadylmagynyň durmuşa geçirilmegi sebäpli petiklendi.

Parahat raýatlar, adatça bolşy ýaly, barha möwjeýän zorlugyň ýüküni çekýärler.

Geçen hepde Owganystanyň adam hukuklary boýunça garaşsyz komissiýasy soňky alty aýda ýurtda her gün ortaça 16 adamyň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny aýtdy.

Komissiýanyň habaryna görä, 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda 880 howpsuzlyk hadysasynda parahat ilatdan 1213 adam öldi we başga-da 1744 sanysy ýaralandy.

 

Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: С 29 апреля по 1 мая парковаться на улицах Москвы можно будет бесплатно


Спорт в России и мире
Москва

RU.TV превращает Русскую Музыкальную Премию в Мюзикл


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Елена Рыбакина

«Был риск завершить борьбу еще в первом матче». В России оценили победу Рыбакиной в Штутгарте


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Сенсорный сад с экотропами появится в Бутырском районе Москвы





Путин в России и мире
Москва

Киркоров и Пелагея спели для амурчан-бамовцев в Москве


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

В Минске открывается ВНС: что будет




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Во Франции назвали бредом слова Зеленского про угрозу Путина Европе


Навальный в России и мире
Москва

В РПЦ отказались называть причины запрета в служении иерея Сафронова, отпевавшего Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Сергей Прокофьев

Мариинский театр 23 апреля отметит рождения композитора Прокофьева



Москва

В результате ДТП в Калужской области двое мужчин пострадали в зажатой кабине грузовика

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net